Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Söýgi dünýäsi
Hiç görmedim illerde...
Ýazylan wagty: 18 января 2014 Ýazan Marala
Hiç görmedim illerde...

Keşt edip gezmişem pany jahany,
Sen deý gözel hiç görmedim illerde;
Köňlümiň aramy, menzil-mekany,
Şeýda köňül joşmaz özge güllerde.

Il husnuňa dahyl, görmäge zar men,
Yşgyňda bahar men, köýüňde nar men.
Tä ölinçäm seniň ýoluň garar men,
Ryzwan kimin gözüm galdy ýollarda.

Säher seýle çyksa, ger tökse siller,
Owsunar her ýana, tutukdyr tiller,
Zerefşan gulpagy, syýa käkiller,
Çöşse ýere düşer, örseň billerde.

Nergiz gaşyň, helal gözüňe gurban,
Adyň zikr etmäge dilde ýok perman,
Bir janym bar, müň derdim bar, sen derman,
Jismim ot içinde, ýaşym sillerde.

Mis özün deň etmiş simu-zer bilen,
Muş barabar bolmuş murgy-per bilen
Zäher hemra bolmuş bir şeker bilen,
Enwer ebr içinde, göwher köllerde.

Elwan geýip, gyýa-gyýa bakar sen,
Zerewşan zülpuňi ýere döker sen,
Seýle çyksaň, ak jeren dek böker sen,
Jeren hem sen kimin bökmez çöllerde.

Nepes diýr, adatdyr, möwç urup joşma,
Aşyga humardyr ogryn garaşma,
Hem jilwe, hem gamza, näzu-kereşme
Mekan tutmuş göz-gaşyňda, gollarda.

#Mollanepes
Okalan sany: 571   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
21 января 2014

Goşgynyň aýdymyny halap köp diňleýärdik, ýöne surata serediňle ajaýyp. Biri beýlekini göýberesi gelenok.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06038 sek. ýüklenen baýt: 31067