Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
1 milliard adamlaryň gündeki endigi! (SEN şolaryň birimi ?...)
Ýazylan wagty: 30 января 2013 Ýazan HEZRET
Ýetginjekler bukyja ýerde, ojagaş gowy zady elden-ele geçirip daşyna geçdiler, ýöne hezilini görüp bilmediler. Ýa-da Afrika ýurtlarynyň biriniň polisiýa işgäri, ojagaş zat bilen, jenaýatda gümanlanýana boýun aldyrmagy synanyşypdyr, netijede hiç bir tarap zyýan çekmändir. Käbir adamlar endik boýunça, ol zady köçede dilänini duýman galýarlar ...
Dost çilimiň barmy? – diýlende, mundan beýläk beriljek jogaplaryň biri: „batareýasy çökdi“ bolup biler. Swetodiotly hem-de USB portly zarýad berilýän „elektron çilimler“ biziň durmuşymyzda belli bir orny tutup başlady.
Çilimkeş temmäkili çilimi çekeninde: kömürturşy gazy, sianid, ammiak, benzol we şepbik ýaly ýaramaz maddalar bilen diňe özüni däl, daş-töweregindäkileri hem zäherleýär. Aram-aram ir bilen üsgürmegi, barmaklarynyň sary reňkde bolmagy, ýaramaz ysyň öýünden, egin-eşiginden, saçyndan, agzyndan gelmegi, küldanlaryň çaşyp ýatmagy, tötänden halydyr-düşeklere düşen külleriň yzlary – çilimkeşi sagdyn adamlardan daşlaşdyrýar. Çilimkeşiň özüne hem-de daş töweregine zyýanynyň bardygyny göz öňüne tutup, jemgyýetçilik ýerlerinde, hususy awtoulagynda çilim çekmegi häkimiýet derejesinde köp ýurtlarda gadagan. Şol sebäpli, çilim çekýänleriň aglaba bölegi buky ýeri idäp, jaýlaryň arka tarapynda gizlenip, tüsselemäge durýarlar. Ýöne çilimiň zyýanyny düşündirselerem, düşünsegem, alymlaryň hasaby boýunça ýer ýüzünde 1 mlrd. töwerek adam çilimkeş.
Çilim çekmegi bes etmäge çytalaşýanlar üçin, alymlar elektron çilimi oýlap tapdylar. Elektron çilim temmäkili çilimiň häsiýetini doly gaýtalap bilýär, ýagny çilimi içiňe soran wagtyň swetodiot ýagtylanyp - ujy gyzarýar, zyýansyz ysly tüsse çykýar. Häzirki wagt ulanyjynyň islegine görä, dürli ysly hemde dürli tagamly elektron çilimler öndürilýär. Ol çilimde özüňe, daş-töweregiňdäki adamlara zyýan ýerirjek zäherli maddalar ýok, şol sebäpli elektron çilimler üçin, temmäkili çilimleriň çäklendirmesiniň täsiri ýok, ony islän ýeriňde ulanyp bilýärsiň.
Ençeme ýyllar bäri tejribe toplan ýa-da täze öwrenje çilimkeşler, elektron çilimini çekiň, temmäkili çilimden el çekmäňize, ol birinji ädim!

Okalan sany: 4049   Jogaplar: ( 2 )

permann
31 января 2013

Şeýdip çilim çeker ýaly näme çilimiň tüssesi sorulýan süýji däldirde.Elektro çilimmiň zyýany ondanam beterräk bolaýmasa. Bilýän bolsaňyz onam biziň bilen paýlaşaý. Öňünden hem soňundan SAGBOL!!!  Halladym!wink

marala
31 января 2013

Çilim çekýän adamyň dodogy şu suratdaky ýaly yz galdyrýan bolsa, elhenç, gülkünçrofl emma bir tarapdan gynandyrýaram, çilim diňe dodokda yz galdyrmak bilen dälde ýokarda ýazylyşy ýaly ömrüňi hem gysgaltýar.good


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06947 sek. ýüklenen baýt: 32094