Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
SAHNA HUDOŽNIGI MEKAN ANNAMYRADOW
Ýazylan wagty: 20 января 2014 Ýazan NEXTTM



SAHNA  HUDOŽNIGI   MEKAN  ANNAMYRADOW

Teatr  sahnasynda  naýbaşy sungatlaryň  bir ýere ýygnanyp, şol erdenem täze bir sungatyň döreýändigi barada  teatr döräni bäri aýdylyp gelinýän bolsa gerek. Şol  sazlaşygyň  örän  seýrek hem kynlyk bilen gazanylýandygam bellidir. Diýmek  sahna   çeperçilik sungaty  örän çylşyrymly, bu erde  üstünlik gazanmak kyn.

 Sýužet-kompozisiýaly iş ýazan halatynda hudožnik  juda erkin, peýzaž ýazanynda-da  özünden   ökdäniň—tebigatyň emrinde…. Emma sahnada… öňe sürülýän  taýýar ideýadan, kompozitoryň  saz  çözgüdiniň, režissýoryň meýlini aňyp  öz sahna  çözgüdiňi tapmaly… Žanryň öz dili, öz serişdeleri  bilen:  sahna hudožniginiň golastyndaky mata böleklerini, biýzden, haltalyk matadan tikilen, boýalan  materiallary görüp,  wada berilýän   ýa-da niýet edilýän zatlaryň amala aşjagyna  şübhelelenmän bolanok. Emma çyn hudožnikler giňlik bilen: aý ýok, bu ýerde ol zatlardan başga-da reňkler, ýagtylyk, garaňkylyk, çyralar, giňişlik, çuňluk bar diýip  ynamly gürleýärler.Dogrudanam, teatr  kostýumlaryna diňe tomaşaçynyň oturan erinden hem şonuň gözi bilen seretmeli.

 Şu erde aýdyşlary ýaly, sungatyň gudraty bilen, ýaňky gödek-gödek matalar, şalaryň lybasyna öwrülip, perileriň garderobyny bezeýärler. Şonda-da mesele ýetik, çözgüt tapmak juda kyn we jüpüne düşýän wagty seýrek. Sebäbi sahnada … režissýordyr awtorlaryň   başyny agyrtmadyk temalary,  öňe sürmedik   ideýalary  ýok. Mifler, ertekiler, rowaýatlar,  dürli eýýamlara degişli  folklýor materiallary, häzirki eýýam, žanr köpdürlüligi, taryh…..Aýdylyşy ýaly  «sanasaň  sogaby bar». Şu zatlaryň arasy bilenem öz diýjek bolýan zadyňy  aýtmagy  başarmaly…Kyn! hatda üstünlik gazanaýmak  mümkinem däl  ýaly. 

Hasam biziňkiler ýaly, tomaşaçylaryň hudožnigiň sahna eserine aýratyn döredijilik hökmünde  garamaga endik etmedik  ýerinde…  Ýöne munuň başga bir gyzykly tarapy  bar. Sahnanyň  ölçegleri  çäkli-de bolsa,mümkinçilikleri uç gyraksyz. Ol dörtburçlugyň içinde  dünýäniň keşbini gurup bolýa we şol dünýä hudožnigiň öz guran dünýäsi bolup galýar. Biziň halkymyzyň medeni-ruhy mirasy  älemiň özi ýaly  baý. Ol umman sungat adamlarynyň  ygtyýarynda. Taryhy wakalar, mifler, rowaýatlar, dessanlar, eposlar, aýdymlar yklym-yklym bolup ýaýylyp ýatyrlar. 

Okalan sany: 440   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
21 января 2014

Sahna hudožniginiň sahnada işläp duran pursatyndaky suratyny goýan bolsaňyz has-da gowy bolardy.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06595 sek. ýüklenen baýt: 32612