Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Bedenterbiýäniň, sportuň ykdysadyýetde hem-de jemgyýetde tutýan orny we ähmiýeti.
Ýazylan wagty: 21 января 2014 Ýazan NEXTTM
Bedenterbiýäniň, sportuň ykdysadyýetde hem-de jemgyýetde
tutýan orny we ähmiýeti.

Adam durmuşynda bedenterbiýäniň we sportuň ähmiýeti ulydyr, oňa her kim öz durmuşyndan özbaşdak baha berip we seljerip biler. Şunuň bilen birlikde bedenterbiýäniň we sportuň umumymilli ähmiýete eýedigini bellemek gerek. Ol hakykatdan hem milletiň güýç kuwwatyna we saglygyna oňyn täsir edýär. Bedenterbiýäniň, sportuň we sagdyn durmuş ýörelgeleriniň ýurdumyzda giňden ýaýbaňlandyrylmagy döwlet syýasatynyň esasy bolup durýar. Ýagny           2007-nji 4-nji martynda çykaran “Bilim-terbiýeçilik edaralarynyň işini kämilleşdirmek hakyndaky” kararynda “Orta bilim babatda ösen ýurtlaryň tejribesini we ýurdumyzda hereket edýän köp sanly hünärment mekdeplerinde ýaşlaryň islegine, ukybyna görä dürli hünärleri öwrenmegi üçin döredilen mümkinçilikleri nazara alyp, orta mekdepleriň 7-9-njy synplarynyň okuw meýilnamasyndan hünär okuwyny aýrymaly we ýaşlara jemgyýetimiziň ösüş kanunlaryny, hukuk, ahlak, ykdysady, syýasy, ekologiýa medeniýetini öwretmek üçin okuw meýilnamasyna jemgyýeti öwreniş we bedenterbiýe sapaklaryny girizmeli” diýip bellenilýär. 

Şu karar esasynda ýurdumyzyň ähli okuw jaýlarynyň okuw meýilnamalaryna bedenterbiýe sapaklary girizildi, sport seksiýalary we sportuň dürli görnüşleri boýunça toparlar döredildi. Merjen paýtagtymyz Aşgabat şäherinde döredilen köp sanly sport desgalary, ýurdumyzyň ähli welaýat merkezlerinde  bina edilen 10000 orunlyk stadionlar, at çapyşyklary üçin niýetlenen aýlawlar, etrap merkezlerinde, şäherçelerde we obalarda gurulan onlarça sport mekdepleri, sport toplumlary  meýdançalary we beýlekiler türkmen sportynyň şöhratly geljeginiň binýatlyk esaslary boldy. Gysga döwrüň içinde   uly möçberdäki maliýe  serişdelerini talap edýän, köp sanly sport desgalaryny diňe ykdysady taýdan kuwwatly we öz halkynyň saglygynyň aladasyny ähli zatdan ileri tutýan milli Lideri bolan döwlet gurup biler.

Ýapyk  binalarda we söweş sungaty boýunça 2017-nji ýylda geçiriljek V Aziýa oýunlary üçin niýetlenilip paýtagtymyzda   döredilýän  Olimpiýa şäherçesi hem 30-dan gowrak dürli desgalary,  şol sanda dolandyryş, ýaşaýyş-durmuş, ulag we beýleki üpjünçilik ulgamlaryny öz içine alýar. Bu taslamany durmuşa geçirmäge 5 milliard amerikan dollaryna golaý möçberde serişde gönükdirildi.  

Jemgyýetiň ösüşi bilen baglylykda bedenterbiýe we sport adamlaryň ýaşaýşynyň ähli sferalaryna barha giňden aralaşýar, adamzat swilisaziýasynyň has ähmiýetli bölekleriniň birine öwrülýär. Häzirki döwürde dünýäniň ähli ýurtlarynda millionlarça adamlar sagdyn durmuş ýörelgesiniň düzüm bölegi bolan fiziki maşklar we sagaldyş gimnastikasy bilen meşgullanýarlar, sport ýaryşlaryna gatnaşýarlar. Soňky onýyllyklarda ýokary derejeli sport hem ägirt uly depginler bilen ösýär hem-de ýuwaş-ýuwaşdan köpçülikleýin-güýmenje çäreleriniň industriýasyna öwrülýär. Häzirki zaman jemgyýetinde bedenterbiýe we sport adamlaryň saglygyny saklamagyň we berkitmegiň, olaryň medeniýetini ýokarlandyrmagyň esasy faktory, ýaramaz endiklerden daşlaşmagyň, işjeň dynç almagyň we özara gatnaşyklaryň möhüm usuly hökmünde çykyş edýär.

Şeýle hem bedenterbiýe we sport döwletiň we jemgyýetiň ykdysady sferasyna, ýagny işçi güýjiniň hiline, sarp etmegiň we islegiň düzümine, sarp edijileriň özüni alyp barşyna, daşary ykdysady gatnaşyklara, syýahatçylyga we ykdysady ulgamyň beýleki görkezijilerine oňyn täsir edýär. 

Bedenterbiýäniň we sportuň ykdysady ähmiýeti indiki esasy ugurlarda has aýdyň ýüze çykýar:
– fiziki işjeňlik we sagaldyjy-köpçülikleýin sport, jemgyýetiň ähli  önümçilik-durmuş  işlerinde ykdysady ýitgileriň kemelmegine ýardam etmek bilen, ykdysady ulgama ýaramaz täsir edýän endiklere garşy göreşmegiň ygtybarly guraly bolup çykyş edýär;

– fiziki işjeňlik ilatyň ýaşaýşynyň dowamlylygynyň ýokarlanmagyna täsir edýän ähmiýetli faktor bolmak bilen, adamlaryň zähmete ukyply ýaşynyň artmagyna oňaýly täsir edýär;
– bedenterbiýe we sport ýokary hilli zähmet resusrlaryny taýýarlamagyň esasy ugurlarynyň biri bolmak bilen, ykdysady ösüşi üpjün edýän faktordyr. 

– fiziki işjeňlik, sport we syýahatçylyk häzirki döwürde telekeçiligiň möhüm sferasy bolmak bilen, ol birinjiden: köp adamlary sport we syýahatçylyk toplumynyň pudaklarynda iş bilen üpjün edýär, ikinjiden: merkezi we ýerli býujetlere salgyt tölemek bilen, döwlete durmuş meselelerini çözmäge goldaw berýär.
Bedenterbiýäniň we sportuň adamyň saglygyny berkitmegiň, dürli ýokanç däl keselleriň (ýürek-damar, diabet, ýüregiň işemiki keseli, semremek we beýlekiler) hem-de ýaramaz endikleriň (serhoşlyk, çilim çekmek, toksikomaniýa we beýlekiler) öňüni almagyň möhüm serişdeleriniň biridigi dünýä derejesinde ykrar edilendir. Amerikan hünärmenleriniň bellemegine görä, kesselleriň öňüni almak üçin fiziki işjeňligi we sporty ösdürmeklik döwletiň çykdajylaryny köp talap etmeýär. Şol bir wagtyň özünde, ABŞ-da zähmete ukyply adamlaryň wagtyndan öň aradan çykmaklygy netijesinde döreýän ýitgiler her ýylda 25-30 mlrd dollara ýetýär. Kanadaly bilermenler bolsa, kanadalylaryň fiziki işjeňliginiň pes derejeli bolmagy sebäpli döreýän keselleri bejermeklige edilýän çykdajylar takmynan ýylda 2,5 mlrd dollara deňdir diýip belleýärler.

Her bir ýurduň geljeginiň jemgyýetiň agzalarynyň saglygy bilen kesgitlenilýändigine düşünmeklik, döwleti we jemgyýeti berkitmek işinde bedenterbiýäniň we sportuň ornunyň ýokarlanmagyna hem-de ilatyň saglygyny saklamakda we berkitmekde  bu ulgamyň işjeň peýdalanylmagyna getirdi. 

Häzirki zaman dünýäsinde bedenterbiýäniň we sportuň jemgyýetdäki ornunyň durnukly ýokarlanmagy aşakdaky esasy ugurlar boýunça ýüze çykýar.
– bedenterbiýäniň we sportuň ösüşinde döwletiň ornunyň ýokarlanmagy;
– ilatyň kesellemekleriniň öňüni almakda we saglygyny berkitmekde bedenterbiýäniň we sportuň giňden peýdalanylmagy;
– adamlaryň işjeň döredijilikli ýaşynyň uzalmagy;
– ýaşlaryň boş wagtlaryny peýdaly ulanmaklarynyň guralmagy we ýaramaz endikleriň öňüniň alynmagy;
– zähmete ukyply ilatyň bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklyga çekilmegi;
– maýyplary , ýetim çagalary durmuşa we fiziki işjeňlige uýgunlaşdyrmakda  bedenterbiýäniň we sportuň  peýdalanylmagy;
– sport industriýasyndan alynýan girdejeleriň mukdarynyň artmagy;
– teleradio ýaýlymlarda sport gepleşikleriniň göwrüminiň yzygiderli artdyrylmagy hem-de telewideniýäniň ilatyň sagdyn durmuş ýörelgelerinde terbiýelenmeginde ornunyň ýokarlanmagy;
– ilatyň gyzyklanmalaryny we zerurlyklaryny hasaba almak bilen bedenterbiýe-sagaldyş we sport infrastrukturasynyň ösdürilmegi;
– bedenterbiýe-sagaldyş we sport hyzmatlarynyň usullarynyň hem-de serişdeleriniň dürli görnüşlerini hödürlenilmegi.

Türkmenistanyň bazar ykdysadyýetine hem-de demokratik jemgyýetçilik gatnaşyklaryna geçýän döwründe bedenterbiýe we sport ulgamyna täze talaplar bildirilýär. Täze şertlerde bu ulgam jemgyýetiň ösüşiniň meselelerini toplumlaýyn çözmeklige işjeň gatnaşmalydyr we ol aşakdaky ugurlara gönükdirilmelidir:
– adamlaryň fiziki we psihiki saglygyny saklamaklyga we berkitmeklige;
– ösüp gelýän nesli ýaramaz endiklere (çilim çekmeklik, serhoşlyk, narkomaniýa, durmuşda özüňi tertipsiz alyp barmaklyk we beýlekiler) garşy durup bilýän ruhda terbiýelemek;
– jemgyýetiň we milletiň agzybirligini berkitmek;
– fiziki terbiýäniň milli äheňlerini ösdürmek;
– ilatyň sagdyn köpelişini gazanmak;
– zähmete we harby gulluga taýýarlamak;
– ilatyň köpçülikleýin sport çärelerine tomaşa etmek isleglerini kanagatlandyrmak;
– ýurduň ykdysady ulagamynyň düzüm bölegi bolan kuwwatly sport industriýasyny döretmek;
– türkmen türgenleriniň dünýä derejesindäki ornuny mundan beýläk hem ýokarlandyrmak;
– köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde (aýratyn hem telewideniýede) bedenterbiýäni, sporty we sagdyn durmuş ýörelgelerini şöhlelendirmegiň täze ugurlaryny döretmek.

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmak, her bir raýatyň „Sagdyn bedende – sagdyn ruh“, „Jany sagyň- göwni çag“, „Türkmenistan – ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy“ diýen pähimlere eýerip, özüniň we  beýleki adamlaryň saglygynyň aladasyny etmegini gazanmak, sport   beden hem-de ruhy kämilligiň çeşmesine öwürmek, neşekeşligi, çilimkeşligi we beýleki zyýanly endikleri ýok etmek, zehinli türgenleri ýüze çykarmak, olary taýýarlamak üçin köpçülikleýin sport, wagyz-nesihat, bilim we habar-maglumat beriş çäreleriniň giň toplumyny yzygiderli amala aşyrmak “Türkmenistanda bedenterbiýäni we sporty goldamagyň hem-de ösdürmegiň 2011-2020-nji ýyllar üçin milli maksatnamasynda”, şeýle-de, “Türkmenistanda 2012-2016-njy ýyllarda sporty ösdürmegiň we ussat türgenleri taýýarlamagyň umumydöwlet maksatnamasynda” öz beýanyny tapdy.
Okalan sany: 670   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05871 sek. ýüklenen baýt: 41966