Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Söýgi dünýäsi
Duyn agsham name uchin agladyn eje?!
Ýazylan wagty: 21 января 2014 Ýazan Krassavchik
Düyn agşam nämüçin agladyň,eje
Nämüçin kalbyňy hasrata berdiň
Wepasyz ogluňmy bagryňy dalan
Dermany bolardan keçmidi derdiň?

Düşnüksiz hyýala özümi aldap
Ah,seniň göwnüňe saldymmy ýara
Ejem,düýn agşamky agyňdan soňra
Uly hasrat bilen gam damdy ýere

Sen maňa naýynjar bakýarsyň,käbäm
Gözleriňi ýaşlap ýüregiň dertli
Nädeýin,
Durmuşa ýetmedi erkim
Üstüne,pelegem kalbymy kertdi

Terezisi boldy yaşan ömrümiň
Käbäm,düýn agşamky gaçyran hünjiň
Illeriň dilinde boljakdym sena
Wah,arman ýüregňe boldum men ünji

Meniňem kalbymda etsemim kändi
Seni gyzyl güle bürejekdim men
Ýeňilip dünýäniň ýalanlaryndan
Gam bilen aňyňa ýara çekdim men

"Betbagt diyerler,dönäýsem" diyip
Ýykylyp-sürşübem gezdim men niçe...
Duyguçyl ogluňy armanda goyup
Düýn agşam nämüçin aglad
Okalan sany: 447   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05504 sek. ýüklenen baýt: 30120