Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
Neşekeş
Ýazylan wagty: 30 января 2013 Ýazan NEXTTM
Neşe adamyň ruhy ýagdaýyna erbet täsir edýändigi hemişe siziň ýadyňyzda bolsyn.
Adam nähili oňat terbiýeli bolsa-da, neşä özini aldyransoň, düýpgöter üýtgeýär. Oňat terbiýe alan adam hiç haçan ogurluga ýüz urmaz diýen düşünje neşekeş adamlaryň arasynda aňsat duş gelmeýär. Ol ogurlukdan we başga erbetliklerden gaýtmaýar. Neşe serişdesi diňe bir adamyň saglygyna zyýan ýetirmän, eýsem onuň ruhy dünýäsini üýtgedip, adamy öz guluna öwürýär. Neşäniň guly bolan adamlaryň arzuw niýetleri we maksatlary bir bolýar. Ol adamy öz hereketlerine jogap bermeden, döretmeden, zähmet çekmeden, söýgi ýaly belent duýgyny başdan geçirmeden, maşgala gurmadan, şatlanmadan, umuman adam bolma mümküinçiliginden mahrum edýär.
Neşekeşlige baş goşan adam bütin maşgalasyna ejir çekdirýär. Neşä garaşly bolup ýaşaýan adamyň pisihiki-ruhy ýagdaýy maşgala agzybirliginiň hem soňuna çykýar. Olary  göwnüçökgünlik, sustypeslik we dürli nogsanlyklar heläkleýär. Kelleagyrylar, arkadaky, bildäki agyrylar, ukusyzlyk – bularyň bary neşekeşiň organizimdäki bozulmalaryna ýetirýär.
Neşekeşiň häsýetiniň diňe erbet tarapa üýtgeýändigi sebäpli, onda düşündirip bolmajak rehimsizlik we sütem – zorluga bolan islegi ýüze çykýar.
Neşe azarlamasynyň artan mahaly bir atymlyk neşesiniň puluny tapmak üçin hemme zada taýyndyr.
Şeýle-de öýden dürli bar bolan harytlaryň we pulyň yzgiderli ýagdaýda ýitip durmagy maşgala agzalaryny diýseň howsala salyp başlaýar. Neşekeş öz syryny öýdäkilerinden näçe gizlejek bolsa-da, bu başa barmaýar. Onuň neşe çekýändigi tiz wagtda tutuş maşgala mälim bolýar. Käwagt maşgala neşekeşden ýüz öwürýär, käwagt bolsa neşekeşiň özi çykyp gidýär.
Häzirki wagtda türkmen halkynyň arasynda we maşgalalarda neşekeş adamlar seýrek gabat gelýändigini arkaýyn aýtmak bolar. Neşe belasynyň aramyzdan ýok edilmegine Türkmen halky begenýär we guwanýar.
Okalan sany: 459   Jogaplar: ( 3 )

permann
31 января 2013

Neşe belasynyň zyýanlydygyny her bir adam bir-birine maslahatlar bermelidir!Neşe belasyndan ençeme ynsan zäherlen hembolsa indi hiçkime harsatyny ýetirmesin.Sagbol şeýle gowy makala ýazyp biziň bilen paýlaşýanyňyza.

marala
31 января 2013

Gaty gowy ýazylypdyr Hakyky!!! halladym

Mayichka
23 марта 2013


Her bir öýde asudalyk höküm sürsün, sagdyn çagajyklar dünýä inip olaryň gülki şadyýanja sesleri ýaňlansyn dursun.Şeýle makalalar köpräk ýazylsa gowy netijeler berer.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,14476 sek. ýüklenen baýt: 31886