Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Sport barada deliller we dünýä rekordlary
Ýazylan wagty: 22 января 2014 Ýazan Mayichka


Size dünyä rekordlary, möhüm wakalaryň  taryhy seneleri, dürli  gyşky we tomusky oýunlarynyň  täsin pursatlary hödürlener. Aşakdaky berlen maglumatlar 2013-nji ýyla degişli.


 


Ýenil atletika


Dünýäde iň çalt  ylgaýan adam – Useýn  Bolt  (Ýamaýka).Ýamaýkanyň  sportsmeni  şu dünýä rekordlaryny goýdy:


Useýn ýüzmetrlik  aralygy  9.58 sekuntda geçip,dünýä  rekordyny goýdy.


Ikiýüz metrlik aralygy Useýn 19.19  sekuntda  geçdi.


Bu üstünlikleri  sportsmen 2009-njy ýylda  gazandy.


 


Russiya futboly


Russiýanyň  futbol boýunça ýygym toparynda iň köp ýaryşy başdan geçiren Wiktor Onopko. Ol  Russiýanyň  milli toparynyň düzüminde 1992-nji ýyldan tä 2004-nji ýyla çenli 109 oýun geçirdi.


Futbol boýunça Russiýanyň ýygym toparynyň düzüminde iň köp gol urup, utuk gazanan Wladimir Besçastnyh (26 utuk).


Russiýanyň  futbol  boýunça  çempionatynda penaltida yzygiderli iň köp utuk gazanan Dmitriy Kriçenko.Onuň netijesi—21 utuk. Bu ýagdaý eýýam 13 yyl, 2000 ýyldan bäri dowam edip gelýar.  Bu rekord 2009-njy ýylyň sentýabrynda hasaba alyndy.


Russiýanyň  futbol boýunça çempionatynyň taryhynda iň iri hasaby - 9:3. Piterskiý  Zenit  atly topary  bu hasap bilen 1999-njy ýyldaky Moskwa Dinamosyndan geçdi.


Russiýanyň iň ýokary çempionatynda uly ýeňşi paýtagt Lokomatiwi gazandy. Demirýolçylar Uralany 2000-nji yylda 9:0 hasaby bilen utdy.


 


Dünýä  futboly


Argentina ýygymynyň  futbolçysy Martin Palermo 1999-nji ýylda  Latyn Amerika kubogynda Kolumbiýa ýygyndysyna  garşy  yzly yzyna  3 penaltini  urup bilmedi. Netijede,  Argentina 0:3 hasap bilen utuldy.


Haýsy ýurt  futbol  boýunça dünýä çempionatynda köp gezek ýeniş gazandy? Jogap – Braziliýa  ýygyndysy (5gezek).


 


Haýsy futbol kluby Çempion Ligasyny köp gezek utdy  (Çempion kubogy bilen birlikde)?  Jogap – Real  (Madrid) ol muny 9 gezek etdi.


Futbol  boýunça  ilkinji çempionaty nirede we näçinji ýylda geçirildi?


Jogap - 1930-njy  ýylda, Urugwaýda.


Futbol boýunça ilkinji çempionaty haýsy ýygyndy  utdy? Jogap – Urugwaý  yygyndysy.


Russiýaly Oleg Salenko 1994-nji ýylda futbol boýunça dünyä çempionatynda bir oýunda 5 utuk gazandy. Bu oýunda Russiýa ýygyndy  topary Kameruny 6:1 hasaby bilen utdy. Su wagt rekord gaýtalanyp geçilmedi.


Futbol boýunça Ýewropa çempionatynyň taryhynda iň  tiz utugy russiýaly Dmitriý  Kriçenko urdy. Ol  Ýewro 2004  Gresiýa  ýygym toparyna garşy  oýýunda boldy. Bizinkiler 2:1 hasap bilen utuldylar.


Dünýä  çempionatynda dürli  ýygym  topary üçin utuklary alan şu wagta çenli ilkinji ýeketäk futbolist, häzirki wagtda Srwena Zwezda toparyna türgenlik geçýän horwat Robert Prosineçki. DÇ-90 ýylda  ol Ýugoslawiýa üçin, DÇ-98 ýylda bolsa Horwatiýa ýygyndasy üçin utuk gazandy.


 


Basketbol


Dünýäde iň  uzyn basketbolçy –Sun  Minmin (Hytay),  ortadaky oýunçy,  boýy – 236 sm,  agramy  bolsa  152 kg.


Boks


Asly Meksikaly amerikan boksýory Oskar De La Hoýýa alty agram  boýunça kategoriýalarda çempion boldy.  Onuň  rekordyndan öňe  entäk  geçilmedi.


Professionallaryň  arasynda iň uzyn boksýor kim?  Bu rekord rumyniýaly Gogýa Mita degişli,  onuň  boýy 223 sm deňdir.


Professionallaryň  arasynda boks boýunça iň  uzyn dünýä  çempiony?


Nikolay Waluýew (Russiya). Onuň boýy 213 sm. Ýene bir zady belläsim gelýär, ýagny Waluýew professionallaryň  arasynda super agyr agramda  boks boýunça ilkinji rus dünýä çempiony.


Maýk Taýsony ýeňen ilkinji boksýor –Jeýms Baster Daglas (ABS).  Bu ýagdaý  1990-njy ýylda  Ýaponiýada geçen ringda boldy.


Kim super agyr agramda çempion gusagyny  iň uzak wagtlap elden bermedi?  Jogap – Jo  Luis (ABS).  Bu derejäni 25 gezek gorap,  ol boks boýunça çempion adyny yzly yzyna 11 ýyl göteripdir.


 Göreş we dürli basa – bas  göreşler


Erkin göreş  boýunça  dünýä  çempionatynda iň köp ýeňiş gazanan Aleksandr Medwed  (SSSR)  1962-64, 1966-72 ýyllarda (10 gezek).


Grek-rim göreşi boýunça dünýä çempionatynda yzly yzyna 130 kg çenli göreşde iň  köp ýeňiş  gazanan  Aleksandr  Karelindir  (SSSR),  1988 – den  tä 1996 ýyla çenli  (9gezek).


Okalan sany: 732   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07380 sek. ýüklenen baýt: 47173