Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
BAGTYÝARLYK BAÝDAGY BELENTDE PARLAÝAR
Ýazylan wagty: 22 января 2014 Ýazan NEXTTM


BAGTYÝARLYK  BAÝDAGY  BELENTDE  PARLAÝAR

Döwlet baýdagy! Döwletimiziň özbaşdaklygynyň, Garaşsyzlygynyň, baky Bitaraplygynyň, Berkararlygynyň, milletimiziň beýikliginiň, döredijiliginiň, parahatçylyk söýüjiliginiň, ruhy bitewüliginiň, milli buýsanjynyň beýik Nyşany! Baky ýaşaýyşyň ýaşyl reňkini özüne siňdiren, Türkmenistan döwletimiziň asuda asmanynda pasyrdap, biziň rowana ýollarymyza, nurana köňüllerimize şugla saçýan ýaşyl Tug! Ol şeýle ajaýyp hem görkana. Ol  türkmeniň arzuw-islegini, göwün maksadyny, bu gün parahatçylyk dörediji döwlete öwrülen ynsanperwer döwletimiziň ösüş-özgerişlerini, umumy adamzat bähbitlerinden gözbaş alýan syýasatlaryny äleme buşlap, asudalygyň gül ysyny saçyp duran beýik mukaddeslik! Birleşen Milletler Guramasynyň baýdagyndan alnan, parahatçylygy, asudalygy aňladýan zeýtun baldajyklary bu gün biziň döwletimiziň Garaşsyzlygyny, baky Bitaraplygyny dünýä buşlaýan ýaşyl Tugumyzy bezeýär.

Häzirki döwürde ösüşleriň täze belentliklerine tarap bedew bady bilen gadam urýan ýurdumyzda durmuşa geçirilýän giň möçberli beýik işlerde mukaddes Baýdagymyz bize joşgun, güýç-gaýrat, döretmäge ylham, gurmaga hyjuw bagyşlaýar. Toýlarymyzyň goşalanyp gelýän bagtyýarlyk eýýamynda Ýaşyl Tugumyz milli toý-baýramlarymyzyň baş bezegi. Ol ulus-ilimiziň bagtyýarlygynyň nyşany hökmünde ähli ýerde asuda ýellere öwüsgin alyp, al-asmanda pasyrdaýar. 

Türkmen halky özüniň mukaddes Döwlet nyşanyny başynyň täjine, öýleriniň jygasyna öwürýär, Baýdagyny has hem belende göterýär. Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň baýramyny uly zähmet ýeňişleri, belent sepgitler bilen garşylan halkymyzyň agzybirlik bilen geçirýän baýramçylyk dabaralarynyň iň mukaddes nyşany hökmünde al-asmanda parlaýan ýaşyl Tugumyz halkymyzyň jebisliginiň, agzybirliginiň, bagtyýarlygynyň, parahatçylyk söýüjiliginiň, türkmen döwletiniň mizemez kuwwatynyň, baky berkararlygynyň, batyrgaý ösüşleriniň bir bitewi mukaddeslikde jemlenendigini äleme jar edýär. Ol ýurdumyzda durmuşa geçirilýän oňyn özgertmeleriň buşlukçysy. Täze desgalaryň düýbüniň tutulyş, gurlup, ulanylmaga berliş dabaralarynyň baş bezegine öwrülýär. Türkmen döwletiniň beýik özgertmelerini älem-jahana jar edýän, halkymyzyň mizemez agzybirliginiň hem jebisliginiň ähli alamatlaryny özünde jemleýän Döwlet Baýdagymyz Birleşen Milletler Guramasynyň belent binasynyň öňünde dünýä bileleşigine girýän döwletleriň baýdaklarynyň arasynda pasyrdap dur.  

Aşgabat şäheriniň Garaşsyzlyk şaýolunyň Arçabil şaýoly bilen kesişýän ýeriniň ileri ýüzünde, Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýiniň öňünde döredilen Baş Baýdak meýdançasy elmydama güllere beslenip, göwünlere süýji arzuwlary eçilýär. Onuň merkezinde dikilen 133 metrlik baýdak göterijide—al-asmanda parlaýan äpet ýaşyl Baýdagymyz biziň milli buýsanjymyz hem guwanjymyz. Ol biziň kalbymyza iň ýyly hem mähirli duýgulary bagyşlaýar. Onuň halkymyzyň köňül perwazlaryny, şadyýan nesillerimiziň şirinden näzik owazlaryny özüne siňdiren gulaga ýakymly pasyrdysynda, göwünleri ýagtyldýan şuglasynda türkmeniň mundan-da nurana geljege barýan rowana ýollarynyň ýalkymy hem-de belent ruhlarynyň galkymy bar. Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabyna girizilen Baş Baýdagymyz biziň tutumlarymyzyň belentliginden, dünýä jemgyýetçiliginiň ykrarnamasyna eýe bolýanlygyndan habar berýär.

Milli Liderimiziň başlangyjy bilen Berkarar döwletimiziň ikinji ýylynda ak şäherimiz Aşgabatda belent Baýdaklaryň sany köpeldi. Aşgabat şäher häkimliginiň Bagt köşgi toý-dabaralar merkeziniň ýanynda, Andalyp köçesiniň Arçabil şaýoly bilen kesişýän ýeriniň demirgazyk-gündogar çüňkünde we beýleki ýerlerde äpet Baýdaklar dikildi. 
Çünki, bu gün Aziýanyň Olimpiýa Geňeşiniň baýdagy hem Aşgabatda parlap-pasyrdap, türkmen ýaşlaryny 2017-nji ýylda paýtagtymyzda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geçiriljek V Aziýa oýunlaryna uly ruhubelentlik, erjellik we tutanýerlilik bilen taýýarlanmaga çagyrýar. 

Türkmen türgenlerimiz halkara sport ýaryşlaryndan altyn hem-de kümüş medallar bilen dolanyp gelýärler. Türkmen türgenleriniň Koreýa Respublikasynyň Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça IV Aziýa oýunlary geçirilen Inçhon şäherinden uly üstünlikler bilen dolanyp gelmegi muny ýene bir gezek tassyklady.   Türkmenistanyň Prezidentiniň: «Türkmenistanda ähli ugurlar bilen bir hatarda, sport ulgamyny hem dünýäniň ösen talaplaryna laýyk getirmek, sporty we sagdyn durmuşy wagyz etmek, halkara derejeli ussat türgenleri hem-de hünärmenleri taýýarlamak, bedenterbiýe we sport boýunça kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, beden hem-de ruhy taýdan sagdyn nesilleri ýetişdirmek biziň öňde goýýan beýik maksatlarymyzyň biridir» diýen sözlerinden görnüşi ýaly, türkmen ýaşlary sporta uly yhlas edýärler, ýokary netijeler gazanmak bilen ýurdumyzyň abraýyny arşa galdyrýarlar. Türkmeniň edermen sportçy oglan-gyzlary ýurdumyzda, şeýle-de dünýäniň dürli ýurtlarynda geçirilýän Olimpiadalarda, halkara sport bäsleşiklerinde hormat münberiniň belent basgançagyna göterilmegi, milli sportumyzyň şanyna Döwlet senamyzyň gulaga ýakymly owazynyň astynda ýaşyl Baýdagymyzyň ýokary göterilip barşyny synlamagy özlerine iň belent bagt bilýärler. Ata Watanymyzyň obadyr şäherlerinde dünýä ölçeglerine laýyk gelýän sport toplumlarynyň, halkara derejesindäki sagaldyş we dynç alyş merkezleriniň gurulmagy, ak şäherimiz Aşgabatda häzirki zaman sport desgalarynyň bina edilmegi, Olimpiýa şäherjiginiň  gurluşygynyň giň gerimlerde alnyp barylýandygy bolsa türkmen türgenleri üçin döredilýän uly mümkinçiliklere aýdyň mysaldyr. 

Döwlet Baýdagy—Berkararlygyň, Bagtyýarlygyň beýik mukaddesligi! Ol ulynyňam, kiçiniňem, çaganyňam, gojanyňam göwün buýsanjy. Il-ulsumyz onda özleriniň köňül arzuwlarynyň wysalyny, ynsanperwer döwletimiziň, mähriban ýurdumyzyň göterilen ykbalyny görýärler. Mukaddes Döwlet Baýdagymyz bu gün ygtybarly ellerde. Türkmeniň gerçek goç ýigitleri mukaddes topragymyza dyzlaryny epip, Döwlet Tugumyzy öpüp ata Watana, mähriban halkymyza, hormatly Prezidentimize wepaly gulluk etjekdiklerine kasam edýärler. Esgerlik kasamy bolsa olaryň bütin ömrüne ruhy güýç bagyşlaýar.  

Okalan sany: 3257   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07585 sek. ýüklenen baýt: 36665