Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Atçylyk sporty. Taryhy, ösüşi, atçylyk sportunyň görnüşleri
Ýazylan wagty: 23 января 2014 Ýazan NEXTTM


Atçylyk sporty. Taryhy, ösüşi, atçylyk sportunyň görnüşleri

Atçylyk sporty sportyň iň bir özüne çekiji görnüşleriniň biri. Atçylyk sportynyň 3000 ýyllyk  taryhy bar. Atçylyk sporty häzirki döwürde-de ösmegini dowam edýär. Sportyň bu görnüşi giňden ýaýrap, meşhur bolýar, şonuň üçin hem, eger entek bilmeýän bolsaňyz, size atçylyk sportynyň görnüşleri bilen tanyş bolmak peýdalydyr. Atçylyk sporty boýunça ýaryşlar – bu hemişe üýtgeşik, gyzykly, täsirli we özüne çekiji. Atlar we atçylyk sporty, haýsy tarapdan seretseň hem, tomaşaçynyň gözi bilen hem, gatnaşyjylaryň gözi bilen hem örän ajaýypdyrlar. 

Atçylyk sporty – bu umumy düşünje bolup, atlar ulanylýan, has takygy, at üstünde geçirilýän sport oýunlarydyr. Ata münüp, çapyksuwar onuň hereketleri bilen ylalaşykly hereket edýär, at hem, öz nobatynda, çapyksuwaryň agramy, aýaklarynyň gysmagy  ýa-da, tersine, boş goýbermegi bilen dolandyrylýar, şeýle-de aty dolandyrmak üçin eýer, uýan, ökjelik we ş.m. ýaly at esbaplary bar, bu barada soňrak gürrüň ederis. Şeýle-de çapyksuwar aty sesi bilen hem dolanayryp biler, eger oňa at düşünse ýa-da bu atçylyk sportynyň belli bir görnüşinde rugsat berlen bolsa ( atçylyk sportynyň hemme görnüşinde-de ses bilen dolandyrmaga rugsat berlenok ). Atçylyk sporty – bu adamyň ata doly düşünmegi we, tersine, çapyksuwaryň bedew bilen bilelikde hereket etmegidir.
Atçylyk sportunyň görnüşleri

Atçylyk sportynyň Halkara atçylyk sporty federasiýasy tarapyndan resmi halda ykrar edilen dessury görnüşleri bar, olar:
Baş öwretme
Konkur
Üç görnüşli ýaryş
Reýning ( western-sport )
Draýwing
Çapyşyk
Woltijirowka
Şeýle-de resmi däl hasaplanylýan şou-ýaryşlar:
Aýallaryň at çapmagy
At oýnatma
At polosy
Baýga
Megerem, köpüňiz onda at çapyşyklary näme diýip sorag berersiňiz. Emma köpleriň ýalňyş pikir etmegine garamazdan, aty gorgunyna hem-de öňürdikläp çapdyrmak, şeýle-de çapyşyklar hem atçylyk sportynyň görnüşi däldirler, olar dürli tohumly  ýaş  atlar  üçin  geçirilýän türgenleşikler, ýagny  synaglar.  Atçylyk sporty boýunça ýaryşlar diňe esasy we öňden gelýän görnüşler boýunça geçirilýär.
Atçylyk sportynyň häzirki görnüşleri 20-30-dan köpdür, biz diňe gysgaça atçylyk sportynyň nusgawy görnüşleri: konkur, baş öwretme we üç görnüşli ýaryş barada aýdyp geçeris. 

Baş öwretme – ýa-da başgaça “Atly ýöremäniň ýokary mekdebi”, bu birinji nobatda ata dürli ýörişi öwredip görkezmek sungaty (ädim, gorgun, öňürdik, gezer, piaffe we ş.m.). Ýaryşlar gönüburç şekilli, 20*40 ýa-da 20*60 ölçegli meýdançada, 5-12 minut dowam edýän kesgitli kynçylykly ýöremäniň kesgitli programmasy boýunça geçirilýär. Baha 10 ballyk sistema boýunça goýulýar. Olimpiýa oýunlarynyň programmasyna girýär.
Konkur – ýa-da päsgelçiliklerden geçmek (konkur-ippik), atçylyk sportynyň iň ýaýran görnüşi bolup, onda gatnaşyjy atyň üstünde ölçegi 75*40 m-den kiçi bolmadyk ýörite konkur meýdanynda uzynlygy 200 m-den 1100 m-e çenli bolan kesgitli marşrut ( parkurn) boýunça dürli kynçylykly 6-dan 13-e çenli päsgelçiligi ýeňip geçmeli. Ýalňyşlar üçin (ýykylsa, at boýun bolmasa, päsgelçiliklere zeper ýetirilse we ş.m. ) çapyksuwara  belli bir jerime salynýar. Olimpiýa oýunlarynyň programmasyna girýär.

Üç görnüşli ýaryş hem manejde ýöremäni (baş öwretme), hem konkury, hem meýdan synaglaryny öz içine alýar, özem üç günüň dowamynda (her gün biri) çapyksuwar şol bir atda çykyş edýär. Üç görnüşli ýaryş SSSR halklarynyň spartakiadalarynyň, şeýle-de olimpiýa oýunlarynyň çempionatlarynyň programmasyna girizilýär.
Çapyşyk – atçylyk sportynyň bir görnüşi bolup, aýlawda ýa-da tekiz meýdanda pellehana çenli aralygy çalt geçmegi talap edýär. Onuň tekiz çapyşyk, milli tekiz çapyşyk, päsgelçilikli çapyşyk, stiplçeýz ýaly görnüşleri bar.
Sportyň klassyky däl görnüşleriniň arasynda woltijirowkany we at oýnatmany bellemek gerek. 
At oýnatma – bu çapyksuwaryň çapyşygyň dowamynda atyň üstünde dürli gimnastik we akrobatik maşklary ýerine ýetirmegi. Bu atçylyk sportynyň klassyky däl-de, harby-amaly görnüşi.
Woltijirowka – atçylyk sportynyň klassyky däl görnüşi bolup, onda aýlaw boýunça gezerine barýan ýa-da gorgunyna tanaply çapýan atyň üstünde gimnastik we akrobatik maşklar ýerine ýetirilýär. Maşklar ýekelikde, iki bolup ýa-da tutuş topar bolup ýerini ýetirilýär.

Atçylyk sportunyň taryhy
Indi bolsa azajyk atçylyk sportynyň taryhy barada. Atçylyk sporty ilkinji gezek sportyň aýratyn görnüşi hökmünde tomusky Olimpiýa oýunlarynyň programmasyna 1912-nji ýylda goşuldy. Stokgolmda geçirilen V Olimpiada 10 döwletiň: Beýik Britaniýanyň, Belgiýanyň, Germaniýanyň, Daniýanyň, Norwegiýanyň, Russiýanyň, ABŞ-nyň, Fransiýanyň, Çiliniň we Şwesiýanyň sportsmenleri gatnaşypdyrlar. Emma şonda şwesiýaly çapyksuwarlar  baş öwretme boýunça üç medaly: altyn, kümüş we bürünç medallary, konkur (päsgelçiliklerden geçme) boýunça Milli Kubogy, üç görnüşli ýaryş boýunça altyn medaly we komanda birinjiligini alypdyrlar. 

Atlar we atçylyk sporty ... edil adam bilen atlar ýaly aýrylmaz düşünjelerdir. Atsyz atçylyk sporty bolmaýşy ýaly atsyz çapyksuwar hem ýokdur. Iň gyzykly ýeri, adamzadyň ösüşiniň bütin dowamynda adamlar atlar bilen berk bagly bolupdyrlar. Atlar müňýyllyklaryň dowamynda adamlara hyzmat edip, olar üçin daýanç bolupdyrlar. Olar meýdanda wepadar kömekçi we ýarag göteriji, iň gowy dost we käbir döwletler üçin belli bir derejede hudaýlyk bolupdyrlar. Käbir taýpalar atlara sygynypdyrlar we öz maşgalalarynyň agzasy hasaplapdyrlar. Emma ýabany atlar indi eldekileşdirilip, ekdi edilende olar diňe et we süýt berýän haýwanlar bolupdyrlar (atyň süýdi – kumys). Soňra atlardan näme bolsa-da bir zady daşamak üçin peýdalanypdyrlar. We diňe soň atlar münülýän haýwanlara öwrülipdirler, bu takmynan 3 müň ýyl ozal bolupdyr. Atçylyk sportynyň ösüşi adamyň ilkinji gezek ata münüp, onuň bilen söweşe giden wagtyndan başlanýar. Şol döwürlerde atlardan harby işlerde peýdalanypdyrlar, we köp zat gowy bedewe bagly bolanlygy sebäpli at işi ösüp başlapdyr. Edil şol wagtdan başlap atlaryň her dürli tohumlary ýetişdirilip başlanupdyr, atlaryň güýçli, çydamly, çapyksuwara sözsüz boýun bolmagy talap edilipdir, atdan duýdansyz durup bilmek, ýörişini üýtgedip bilmek, päsgelçilikden geçip bilmek, beýikli-pesli ýerden arkaýyn ýöräp bilmek we ş.m. talap edilipdir. We soňra bize häzir hem belli bolan atçylyk sportynyň görnüşleri emele gelipdirler. Bu atçylyk sportynyň gysgaça taryhy bolup, “atçylyk sporty” düşünjesiniň nähili dörändigini düşündirýär.

Okalan sany: 1111   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,09365 sek. ýüklenen baýt: 38401