Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
Meýdan ýoluksa...
Ýazylan wagty: 25 января 2014 Ýazan Marala
Meýdan ýoluksa...

Bedew ölse, meýdan galar armanly, 
Hak yşkyna at sal, meýdan ýoluksa; 
Ýigit ölse, heňgam galar döwranly, 
Wagtyňy hoş geçir, döwran ýoluksa.

Ýigit bardyr, sözün tapmaz süýrüder, 
Ýigit bardyr, demi daşlar erider, 
Jaý ýerinde gaýra galsa, garrydar, 
Goç ýigidiň aty çaman ýoluksa.

Işi dürüst gelmez köňül çenine, 
Dodagyn dişleýip, «ah» diýr zenine, 
Ýylan zähri bolup, ýaýlar tenine, 
Ýigit garryr, aýal ýaman ýoluksa.

Ýüz namart ýerini tutmaz bir merdiň, 
Mert çeker täsibin, iliň ýuwurdyň, 
Bitiren işini görüň namardyň, 
Jeňdir diýip gaçar, duman ýoluksa.

Magtymguly, öwüt bergil söz bile,
Eşiden deň bolmaz gören göz bile, 
Mert çykar myhmana güler ýüz bile, 
Namart özün gizlär, myhman ýoluksa.

#Magtymguly
Okalan sany: 414   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07344 sek. ýüklenen baýt: 30240