Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Sport çäreleri
Ýazylan wagty: 26 января 2014 Ýazan Mayichka

Sport çäreleri Türkmenistanyň Prezidentiniň kararyna laýyklykda tutuş Aprel aýynda geçiriler. Olaryň ýokary üpjünçiligi Milli sport köşgüniň, Gyşky oýunlar sport toplumunyň, Türkmenistanyň Sport baradaky Döwlet komitetiniň sport mekdebiniň hünärmenleriniň gatnaşmagynda geçirilen maslahatyň içinden eriş-argaç bolup geçdi. Sport desgalarynyň doly derejede peýdalanylmagy, karting boýunça tejribeleriň artdyrylmagy babatda Türkmenistanyň Prezidentiniň öňde goýan wezipelerini çözmeklige giň orun berildi. Mälim bolşy ýaly tutuş Aprel aýynyň dowamynda ýaýbaňlandyryljak medeni sport çäreleri ýurdumuzyň ähli künjegini gurşap alar. Halkara Nebit we Gaz Uniwersitetinde ýaýbaňlandyrylan sport çäreleri gyzykly häsiýeti bilen tapawutlandy. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen Milli dünýä dilleri institutynda dürli ugurlar boýunça geçirilen sport çäreleri üstünliklere beslendi. Ol ýurdumyzda Aprel aýynda giň gerime eýe boljak ýaryşlaryň sport bäsleşikleriň netijeli boljakdygyna ynamly badalga öwrüldi. Özara duşuşyklar talyplaryň kämilleşmegine ýardam edýär. Bu ýagdaý Ulag we Aragatnaşyk institutynyň guramagynda geçirilen sport çärelerinde aýdyň ýüze çykdy. Sport çäreleri Maliýe institutynda, Çeperçilik Akademiýasynda hem geçirildi. Ýaş nesliň wekilleri hem sport ýaryşlaryna uly höwes bilen gatnaşýarlar. Bilim Ministrligi sport bäsleşikleriniň yzygiderli gurnalmagyny üpjün edýär. Paýtagtymyzyň mekdeplerinde, çagalar edaralarynda geçirilýän ýaryşlar ýokary netijelere beslenýär. Tejribeler ýeňişleriň gazanylmagynda esasy ugurlaryň biridir. Munuň özi türkmen sportunyň belentliklere ýetmegini üpjün etjek möhüm ädimlerdir. Ýurdumuzyň ähli künjeginde giň gerime eýe bolýan ýaryşlarda türgenler ussatlyklaryny görkezip ýokary derejede kämilleşýärler.


Okalan sany: 513   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07240 sek. ýüklenen baýt: 30370