Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
Çöldäki guýular – taryhyň şaýatlary
Ýazylan wagty: 27 января 2014 Ýazan NEXTTM
Çöldäki guýular – taryhyň şaýatlary


Türkmenistanyň çäkleriniň uly bölegini dünýäniň uly çölleriniň biri - Garagum eýeleýär. Ol günbatarda goja Hazar bilen serhetleşýär, gündogarsynda Amyderýa akýar, günorta böleklerini Murgap, Etrek, Sumbar, köp sanly owunjak çeşmelerdir derýajyklar suwlandyrýar. 

Geograflar çöli gapma-garşylyklar we tääsinlikler ýurdy diýip atlandyrýarlar. Şeýle-de bolsa, gumlylar bu ýerde köp asyrlar bäri ýaşap gelýärler. Olar öz çopan taýaklaryny elden-ele, nesillerden nesillere geçirip, maldarçylyk bilen meşgullanypdyrlar. 


Kynçylykly zolaklaryň ýowuz şertlerinde özüňi azyk we beýleki serişdeler bilen üpjün etmegiň ýeňil däldigini boýun almagymyz gerek. Suwuň ýetmezçiligi ýiti duýulýar. Suwsuz çölde ýaşamak, hojalygy alyp barmak we dowarlaryň, düýeleriň ýüzlerçe sürülerini bakmagy, öý hojalygyň mallaryny saklamagy göz öňüne getirmek asla mümkin däl. Diňe düýe maly birnäçe günläp suwsuz Garagumyň giňişliklerini geçip bilýär. Şonuň üçin hem oňa “çöl gämisi” diýip at beripdirler. 

Biziň halkymyzyň suw baradaky arzuwy hasyl boldy. Uzak möhletleýin geljegi nazarlaýan ХХI asyryň örän uly taslamalarynyň biri bolan Garagumada “Altyn asyr” Türkmen kölüniň gurluşygy amala aşyrylýar. 

Öňki wagtlar çölde guýular halasgär bolup hyzmat edipdirler. Olaryň sany Garagumda örän köpdür. Beýik Ýüpek ýolunyň kerwen ýollary guýudan guýa baryp ýetipdir. Kerwençiler ýoly gaýaularyň arasy bilen ölçäpdirler. Guýular bu iç-gyraksyz giňişlikde bellik bolup hyzmat edipdirler. Köp sanly arassa suwly guýularyň golaýynda obalar ýerleşipdir. Guýulary gazan ussalaryň atlary obanyň atlary bilen baglanyşdyrylypdyr. Sebäbi guýyny gazmak işleri köp zähmeti, uly tejribäni, hat-da gahrymançylygy hem talap edipdir. 


Meselem, Balkan welaýatynyň Çagyl obasynda Atabaý aga, Nazar aga ýaly ussalaryň atlary häzir hem ýatdan çykarylmaýar. Arassa agyz suwly guýularyň ikisine olaryň atlary dakylandyr. Olardaky suwuň tagamy edil çeşmäniň suwy ýaly süýji we örän arassa. Ata watanyň taryhyna giren guýy ussalarynyň ady örän köpdür. Olardan Ýakguýy, Irikli, Ajyguýy, Doňra, Tüwer, Goýmat, Garaýman ýaly atlary görkezse bolar. Ýöne guýularyň atlarynyň hemmesini agzap geçmek mümkin däl. Ýerli ýaşaýjylaryň aýtmaklaryna görä, bu guýularyň her biniň öri meýdanlarynyň 4-6 müň gektar ýerini suwlandyrmaga mümkinçilikleri bardyr. 

Çölüň gyry diýen öri meýdanynda “Ýedi süri” atly guýy ýerleşýär. Adyndan belli bolşy ýaly, bu guýynyň her günde ýedi sürini suwa ýakmaga mümkinçiligi bardyr. Şeýle mümkinçilige her bir guýy, aýratyn hem jowzaly tomusda, eýe däldir. 


Jemer seýis özi barada uly ýatlamalary goýup gidipdir. Ol barada onuň ahalteke bedewlerini gowy tanaýan we deňi-taýy bolmadyk guýy ussady bolandygy barada gürrüň edýärler. Ol bütin sebitde iň hormatlanaýan adamlaryň biri bolupdyr. Häzirki wagtda hem welaýatyň öri meýdanlarynda ulanyýan guýularyň köpüsiniň adyny onuň ady bilen baglanyşdyrýarlar. Olaryň biri “Möwç alan” diýlip atlandyrylýar. 

Guýy ussasynyň guýy gazmagyň ata-baba ýörelgesini, onuň ýykylman we ýumrulman saklanyp galmagyny, bu işde senetçilik önümçiliginiň ulanylmagy, hiç-hili senetsiz topragyň çuňňur gatlarynda suwuň barlygyny kesgitlemek Garagumuň ýerasty suwlarynyň ähli syrlaryny bilendigine aýdyň şaýatlyk edýär. 


Olar ýeriň çuňňur gatlakalrynda arassa we duzly suwlaryň ýerleşýän ýerlerini ýalňyşsyz takyk kesgitläpdirler, çägeli ýerlerde guýy gazmagyň “tehnologiýasyna”, guýynyň diwarlarynyň iç ýüzüni suwuň düzümine täsir etmeýnä akasiýalaryň we beýleki ösümlikleriň şahalary bilen örmägi ussatlarça başarypdyrlar. Guýularyň çuňluklary 200 metre çenli we ondan hem gowrak bolupdyr. Ondan çuň guýular diňe häzirki zaman tehnikasynyň kömegi bilen gazylan arteziýan guýulary bolýar. 

Guýular dünýäniň dürli çöllerinde bar, ýöne Garagumyň guýulary iň çuň guýulardyr! Meşhur we näbelli ussalar tarapyndan gazylan guýular taryhy gymmatlyklara eýedir. Bu özboluşly halk ussatlygydyr we Garagumyň täsin künjeklerinň biridir.

Annagurban GURBANOW, 
Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrligi

Okalan sany: 519   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05280 sek. ýüklenen baýt: 40404