Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Baýrama bagyşlandy.
Ýazylan wagty: 27 января 2014 Ýazan Mayichka

 


Watan goragçylarynyň güni mynasybetli giň gerimde ýaýbaňlandyrylan sport çäreleri örän gyzykly boldy. Ol bäsleşiklerde türgenler özleriniň ussatlyklaryny görkezdiler. Sport ýaryşlaryny Türkmenistanyň Goranmak Ministrligi bilen Sport baradaky döwlet komiteti bilelikde gurnadylar. Türgenleriň çykyşlary örän täsirli boldy. Şanly baýramçylyk mynasybetli sport çäreleri Serdar, Gumdag, şäherlerinde Bereket etrabynda Paýtagtymyz Aşgabatda, Baharly etrabynda Daşoguzda, Türkmenabatda, Maryda geçirildi. Binagärlik Gurluşyk institutynda, paýtagtymyzdaky Döwletliler köşgünde geçirilen ýaryşlar örän gyzykly boldy. Senagatçylar we Telekeçiler partiýasynyň Daşoguz, Lebap, Mary welaýat komitetleri, Türkmen nebit döwlet konserniniň Ýaşlar guramasy, paýtagtymyzyň Çandybil etrap ýaşlar guramasy tarapyndan ýaýbaňlandyrylan ýaryşlarda ökdeler öňe saýlandylar.


Okalan sany: 454   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07017 sek. ýüklenen baýt: 29437