Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
Hekaya - Chalshyrgych
Ýazylan wagty: 28 января 2014 Ýazan Krassavchik

O wagtlar ýekeje jalbar we köýnegimiz bilen mekdebe gatnaýan döwrümizdi. Ejemiz başgasyny alyp bermelidirem öýtmeýärdik. Beýleki synpdaşlarymda hem şeýledi. Ejemize gulak asýadyk. Diýeni borç, kanundy. Iki günde mekdebiň ýoluny öwrenemsoň, ejemiň meni ugradyp ýadamazlygy üçin soň ýeke özüm gatnap ugradym. Bir hepdeden beýleki deň-duşlarymam şeýdip başladylar. Ýa ulalýadyk, ýa-da öwrenişýärdik.

Ikinji synpda bolsa gaty ulaldyk. Birinjilere göreldedik. Soňam ynha özümden uly öýlänçi doganym ýene joralary bilen öňümden çykdy. Adatdakysy ýaly öýmüziň açaryny elime tutdurdy. Gulagyma pyşyrdady:

– Jaýlary ýygnap goýsana, barýançam! ...

***

Uýamyň ilkinji synpa başlany doly ýadymda bolmasa-da, ikinji, üçünji ýyllary azda-kände göz öňüme gelýär. Ol okuwçydy. Uludy. Ol meniň jigisidigimi aňýady. Günde-günaşa maňa mekdebiň bufedinden ojuk-bujuk getirip berýärdi. Zat getirmedik günem sapakda geçen zatlaryny gürrüň berýärdi.

Ilkinji synpda ýat tutmaly goşgularymy irräk ýatlamsoň, beýleki synpdaş ýoldaşlarym ýaly howsala düşemokdym. Uýam daşyndan okap ýatlaýan mahallary, bir gyrada gulagymy keýerdip duramsoň öwrenmek hijem kyn däl ekeni.

Daşaryk çykyp goňşy çagalar bilen oýnan wagtymyzam menem şol goşgulary aýdyp berýädim. Olaram geň galardy.

– Biz düýn mekdepde geçdik muny, sen nireden bilýäň?

– Doganymdan öwrendim.

Ýöne birinjä gatnap başlamankam ululara gözüm gidýärdi. Olar okuwçydy. Her gün agşamlary daş çykanlarynda şol günki sapaklary barada gürrüň edýärdiler. Ene dilinden “It”, “Guzujyk” goşgularyny ýatladyk, zähmetden esgi tikmegi öwretdi mugallym, rus dilinden “Repka”...

– It goşgusyny menem bilýän: Ol çopanyň ýoldaşy...

– Entäk howlukma sen, mekdepde görersiň kyn zatlary...

Uly ýaşlylar kiçi ýaşlylara ýokary synplarda garaşýan sapaklary, temalary barada gürrüň berýärdiler. Olaram uly höwes bilen diňleýärdiler. Men bolsa gyrada galýadym. Şeýdip menem kiçilere “sapak geçjek” günlerimi göz öňüme getiresim geldi. Ýeriň şar şekillidiginem ýokary synpda okaýanlardan öwrenipdim.

***

Öýe gelemsoň uýamyň “Jaýlary ýygnaşdyrsana!” diýeni bilen bolýadym. Aslynda jaýlarynda köplük san goşulmasy bolsa-da, onuň niýeti ikimiziň sapaga taýynlanýan törki otagymyzdy. Kagyz, depderdir kitaplar ýygnalmaga garaşyp ýatyrdy. Ulurak aýna bir burçda, meň ýasan emeli stoljagazymyň skaterti gyşyk. Onda dürli reňkli ruçkaň yzlaram köpelip ugrapdyr. Elbetde, menden görüler. Men kiçidä sebäbi.

Okuwdan gelen uýam otagyň tertiplenendigini gören dessine, ýyrş-ýyrş edäýýärdi.

Ýöne indi bir zat getirmek döwründen geçipdik. Menem azajyk ulaldym, o-da. Elimizem daralypdy. Sorap oturmaýardym. Esbaplaryma, eşiklerime aýawly seretmelidigimi bilýärdim diňe. Ejemi ýadatmaly däl, özi ýuwýança zadam diýmeli däl. Elbetde ejeler çagalaryny kirli saklanoklar. Uýamam kömekleşýärdi arasynda.

– Erkin janam-a gowja edip ýygnapdyr jaýlary, gördüňmi, eje!

Käte öwenem bolýardy doganym meni nahar başynda. Ejem üçümiz ümmüldeşip köp oturýardyk bile. Öý işlerini ýada salýançalar.

***

Men mekdebe başlanymda sowet diýilýän döwür ýykylypdyr. Bu gürrüňler diňe gulaga ilýädi. Ýogsam çaga akylym bilen neneň aňardym oň haçan gurlup-ýykylyp ýörenini. Mekdep kitaplary täzelenipdir. Biziň mundan habarymyz ýok. Ýöne şonda-da öňki ýatlan goşgularym sahypalarda galypdyr. Olar diňe sahypalarda däl-de, hakydalarda-da galdy ahyryn, çaga ýatlamasy bolup.

Birinji synpda öwrenen elipbiýimiň başga görnüşini ikinji synpda-da öwrenmeli bolduk. Ýene uýamdan öýde öwrenip, sapakda bolsa mugallymyň aýdanlary bilen üstüni dolýardym. Şeýle bahana bilen iki dürli elipbiýem öwrenip galdyk.

***

Şol wagt hakykatdanam çalşyrgyjymyz ýok eken. Diňe mende-de däl, deň-duşlarymda-da şeýle. Ýöne nämüçin zatlaryň bol günlerinde şol ýeke eşikli günleri ýatlap: “Nähili gowy günler eken!” diýýärkäm. Ýa şol eşigimizi ejemiziň ýuwýany üçinmikä? Geýnip bolansoň ejemiň saçymy darany üçinmikä? Garaňky gatlyşyberende üçümiz üýşüp ýok zatlardan bir zatlar döredip, öz oýnumyzy özümiz ýasaýardyk. Ol oýnumyzyň ruhy bag döredeni üçindir häli-şindi ýagşylykda ýatlaýan şol günleri. Ejemiň sag tarapynda men, çepinde uýam, aramyzda paýlaşmagy öwrenýärdik doganlyk diýen duýgyny. Ejemizi nähili gowy görsegem, biri-birimizden gysganmaýardyk. Menem kiçidigime garamazdan çaý demlemäge ýaltanmaýardym. Ejem işden gelip, sanalgyja zatlardan uýam ikimize derrewjik süýjije şamlyk taýynlaýan mahaly men nädip ýaltanaýyn. Üçümiz ýene bir saçagyň başynda diňe özümiziň düşünjek ýylgyrşymyzy edip oturjak wagtymyz, kiçijik oglan bolup çaý demlemek nämemiş...

Şol günler neneň güýçli eken. Jaýyň içindäki mähirli howanyň tenimize siňip gitmegi ýöne ýere-de däldir. Bäşlikden başga aladamyzam ýokdy. Ejemizi begendirip bilsek bolardy. Onuň bizi gynandyrmajagynam bilýärdik uýam ikimiz. Agşamlyga-da üýtgeşik zatlar bişir diýmeýärdik, gowy düşünýärdik. Ejemizem düşünýärdi. Arkaýyn uka batyp bilýärdik. Birimiz sagynda, birimiz çepinde. Ertiriňem gamyny iýmeýärdik. Sebäbi biziň çalşyrgyjymyzam ýokdy. Deň-duşlarymyzda-da...

Okalan sany: 461   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07427 sek. ýüklenen baýt: 41773