Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
SIZIŇ FUTBOL HAKYNDA BILMEÝÄN 30 FAKTLARYŇYZ:
Ýazylan wagty: 28 января 2014 Ýazan Mayichka

SIZIŇ FUTBOL HAKYNDA BILMEÝÄN 30 FAKTLARYŇYZ:


1.                “Ole-ole-ole” diýip futbol gygyrmasy Ispaniýadan gelip çykýar. “Ole” sözi öküz uruşlarynda ýa-da milli ispan flamenko sazynda gygyrlan ekeni. Ispaniýada bolsa 8-nji asyrda araplaryň dogalarynda “Alla” sözüni ulanmaklary bilen transformasiýanyň kömegi bilen geçipdir.


2.                Hulio Iglesias ýaş wagtynda futbol oýnynyň derwezeçisi bolupdyr we Madridyň “Real” komandasynda oýnapdyr. Ýöne onuň bu käri 20 ýaşynda erbet awtoheläkçilige düşmegi bilen üzülýär. Ol hassahanada 3 ýyl hereket edip bilmän yatypdyr. Ol diňe erkin ýagdaýda elini duýupdyr we gitarada saz çalmagy öwrenipdir. Şeýelikde Hulio Iglesias meşhur sazanda bolupdyr.


3.                Braziliýada futbol oýnynyň dowamynda meýdança şemal paraşutistlar toparyny aşak düşürýär. Bir paraşutist top depiljek wagty göni derwezeçiniň üstüne ýykylýar. Netijede top derwezeden geçýär we sudýa tarapydan garşylyklara garamazdan hasap edilýär. Bu ýagdaýy ol “Ýokary güýjüň” kömegi diýip düşündirýär.


4.                Futbol oýny 6 ýutrda, şol sanda Owganystanda, Grenlandiýada we Kampuçiýada düýbünden gadagan edilen. Futbol (sokker, Ewropa ýurtlaryna degişli futbol) oýun üçin diňe Ýuta, ABŞ ştatlarynda birnäçe şetrleriň üsti bilen rugsat berilen: futbol meýdançasy buthanalara 1,5 milýa ýakyn bolmaly däl. Beýsbol, golf we amerikan futboly üçin bu aralyk 0,5 milýa deňdir.


5.                Mälim bolşy ýaly, iňlisler hakyky futbol fanatlary hasap edilýär. Olar öz futbol komandalaryna sylanyşykly garaýarlarwe olar üçin hemmr zada taýyndyrlar. Muňa garamazdan döwlet we hususy emläklerine iňlisler tarapyndan ýetirilýän her ýylky zyýan 40 million funt sterlinga deňdir.


6.                1969-njy ýylyň 3 nji noýabrynda Beýik Britaniýada futbolyň taryhynda iň bir tertipsiz oýunlaryň biri boldy. “Tonghemyň ýaş kluby” (Surry) we “Hau-li” (Hants) komandalar gödek ýagdaýda ýerli kubok üçin oýun oýnadylar. Şonuň üçin ylalaşdyryjy 22 oýunçyny, çyzykda duran sudýany, hassahana ugradylan oýunça çenli berk jeza berdi.


7.                1981-nji ýylyň 1-3 awgustynda Kerrida “Kallinafersi” futbol klubynyň 2 irland komandalarynyň arasynda iň bir uzak wagtly oýunlaryň biri boldy. Ýeňiji diňe 65 sagat 1 minutdan belli boldy.


8.                Britan adalarynda ümür durnukly hadysa hasap edilýär. Ýöne Şotlandiýanyň  2futbol komandalary duşuşanda ümür gür ýagdaýda meýdança düşensoň oýunçylar köp wagtlap topy, öz garşydaşlaryny gözlediler. Bir pursatda sudýanyň gözüne oýunçylar köp bolup görünýärler. Ol ilkinji nobatda zapasda otyrýan otyrgyçlara baryp görse, hakykatdan hem hemme 30 oýunçy meýdançada ekeni. Ylalaşdyryjy şol bada oýuny bes edýär.


9.                Braziliýanyň “Kakowa” futbol komandasynyň oýunlarda gowy netijeleri bermeklerine garamazdan, içeri işleri ministri tarapyndan gadagan edilýär. Sebäbi ol komandanyň esasy bölegi polisiýalardan ybarat bolupdyr. Oýun wagty hem stadiony polisiýa işgärleri doldurýan ekeni. Munuň netijesinde şäherlerde bitertipçilik başlaýan ekeni, ýöne stadionda asudalyk bolýan ekeni.


10.           Polşanyň Bydgaş şäherinde örän gyzykly oýun boldy. Ýerli gazetlaryň žurnalistlary  şol oýnuň bir komandasy bilen duşuşyk geçirdiler. Ol komanda kerpiç örüji Osinskinyň ogullaryndan ybarat bolupdyr. Olar 11 oglan 15 ýaşdan 28 ýaşa çenli. Oglanlaryň utulmaklaryna garamazdan, tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylandylar.


11.           Buenos Aýresyň stadionynda eksperiment goýýarlar. Onuň maksady sallah adamlaryň öýlenenleriň üstünden agdyklyk edýänligini görkezmekden ybarat. Hemme zat asudalykdy, ýöne haçanda 11metrlyk geçirilende meýdança aýallar çykdylar.  Olar sudýany urup, ýeňişi öz adamlaryna berdiler. Sallahlar garşylyk görkezmediler. Şeýlelikde, eksperiment başa barmady.


12.           Italiýanyň Asti şäherinde dostlukly duşuşygyň oýnunyň pursadynda, merkezi hüjümçi Maskio topa degmän ýeri depeläpdir. Onuň netijesinde ol aýagyny agyrdypdyr. Haçanda topragy derňänlerinde, ol ýerde skelety tapýarlar. Ol skelet gymmat taryhy galyndy bolup çykýar. Maskio pul premiýasy bilen sylaglanýar we “arheologik tapyndylaryna bolan güýç” nyşany bilen sylaglanýar.


13.           Braziliýa futbol goraýjysy Pineýrony gollar boýunça rekordçy diýip yglan etdiler... ýöne öz derwezelerine tarap. Diňe bir sezonyň dowamynda ol öz komandasynyň derwezesine 10 topy salypdyr. Pineýrony hüjümçi etýärler, ýöne şondadam ol öz derwezelerine top salypdyr. Haçanda ol 25 ýaşanda dostlary oňa “Ýadyňda sakla, garşy komanda ol tarapda” diýen ýazgyly kompasy sowgat edýärler.


14.           2005 nji ýylda iňlis ligasynyň kubogy üçin ahyrky oýnunda stadionyň gohy rekorda girizildi. “Liwerpulyň” Riise oýunçysy Londonyň “Çelsi” komandasynyň derwezesine utuk salandan soň, mersisaýd janköýerler 130,7 desibel kuwwada ýetýän gohy döretdiler. Ony “Ginesyň rekordlary” kitabyna saldylar. Öňki rekord 2000 nji ýylda amerikan klubynyň “Denwer Bronkos” oýnynda bolupdyr. Ol 128,74 desibel bolupdyr.


Okalan sany: 562   Jogaplar: ( 3 )

Arantes
28 января 2014

30 dal, 14 ahyry?! hany galan 16sy? bilemokdym yone :)

Mayichka
29 января 2014

Dowamyny şu gün okap bilersiňiz.

marala
29 января 2014

bolara shular yaly gyzyklyja temalaram, garashyas yzyny hokman yazaweri, 


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,21612 sek. ýüklenen baýt: 45439