Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Suwda pökgi oýnamak oýnunyň gelip çykyş taryhy.
Ýazylan wagty: 29 января 2014 Ýazan NEXTTM
Suwda pökgi oýnamak oýnunyň gelip çykyş taryhy.
 
     Suwda pökgi oýnamak  oýnunyň gelip çykyş taryhy öz köklerini gadym döwürlerden alyp gaýdýar. Ýaponiýada suwda pökgi oýnamak  oýnyna meňzeş oýun bardy. Oýunçylar çeleklerde oturyp, topuň ýerini tutýan  çişirlen derini uzyn syryklar bilen suwuň ýüzünde biri birine geçirýardiler. Ilki başda bu oýun güýmenje häsiýete eýedi, emma 19-njy asyryň ikinji ýarymynda bolsa özbaşdak sport görnüşi hökmünde resmileşip başlady.  Howdanda  uzynlygy 20-30m uzynlykda, we giňligi 10-19 m ölçegde şertli oýun meýdançasy bellenip, meýdançanyň uzynlykdaky iki ujunda howdanyň düýbüne 30-40 sm suwuň ýokarsynda görüner ýaly syryk berkidilýardi.  Şu görnüşli derwezä oýunçylar ýüzüp topy geçirýärdiler.

Bu oýnuň meşhurlygyny ösdürmek maksady bilen 1869 ýylda  Londonda ilkinji görkezme oýny geçirildi. Hut şu oýun beýleki türgenleriň we tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekdi. Oýunyň kem ýeri oýnuň belli düzülen kadalaryň ýoklugy we bulaşyklyk oýnuň ösmegine päsgelçilik berýärdi. Soňra Angliýada  suwda ýüzmek görnuşi boýunça hünärmenlerden ybarat topar “suwdaky futbol” oýnuň kadalaryny düzdüler. Bu oýun çalt depginde meşhurlyga eýe bolýardy, esasanam Beýik Britaniýada. Bu oýnuň ilkinji kadalary 1876 ýylda William Williamson tarapyndan işläp düzüldi, ýagny ol oýundaky derwezelerini oýun meýdançanaň iki tarapynda  ýerleşdirilmegi teklip etdi.1885 ýylda suwda pokgi oýnamak oýny resmi taýdan özbaşdak sport görnüşi hökmünde ykrar edildi we oýnuň düzgünleri az-kem düzedildi. 1888 ýylda oýnuň düzgünleri ýene-de düýpli üýtgedildi. Bu oýun tiz wagta halkara derejede ykrar edildi.

 Täze kadalara esaslanan ilkinji halkara suwda pökgi oýnamak  ýaryşy 1890 ýylda geçirildi.  Onda Angliýanyň we Şotlandiýanyň toparlary ýaryşdy. Oýunuň örän gyzykly geçmegi suwda pökgi oýnamak görnüşi boýunça çempionatyny ýygy-ýygydan geçirilmegine itergi berdi.  Oýun kämilleşip, örän çalt depginde ýaýraýady. 1896 ýylda bu oýuny eýýam Germaniýada, Awstraliýada, Fransiýada we Şwesiýada oýnalýardy.  Soňra bolsa Wengriýada we ABŞ da oýnalyp başlandy.

1900 ýylda suwda pökgi oýnamak oýny Pariž şäherinde geçirilen Olimpiýa oýunlaryň meýilnamasyna girizildi we Angliýanyň türgenleri ilkinji olimpiýa altyn medalyna eýe boldular.  1926 ýylda ilkinji Ýewropa brinjiligi geçirildi we 1973 ýylda bolsa suwda pökgi oýnamak görnüşi boýunça ilkinji dünýä çempionaty geçirildi. 1979 ýyldan bäri Dünýä Kubogy ugrundaky ýaryşlar geçirilip başlandy.
Aýallaryň arasynda bu oýun 1928 ýyla meşgur boldy we 2000 ýylda Sidneýdaky Olimpiýada meýilnamasyna  girizildi.

Okalan sany: 496   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07107 sek. ýüklenen baýt: 32159