Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
FUTBOL HAKYNDA BILMEÝÄN 30 FAKTLARYŇYZ: Dowamy
Ýazylan wagty: 30 января 2014 Ýazan Mayichka

SIZIŇ FUTBOL HAKYNDA BILMEÝÄN 30 FAKTLARYŇYZ:


                                                            DOWAMY


15.-- 60-njy ýyllaryň ortalarynda italýan kluby “Breşiýanyň” goragçysy Massia özboluşly rekordçy hasap edilýär.  “Mantowa” komanda bilen duşuşakdaky onuň 38 nji sekundynda ol topy öz derwezelerine tarap depýär.


16.--Ylalaşdyryjylaryň öz özüne gyzyl kartoçkany görkezmekleri biln bagly 2 waka bell: Endi Ueýn – “Piterboro Nord End” – “Roýal Meýl” komandalary bahalandyrýan, we Melwin Silwestr “Sautgempton Arms” – “Herstborn Tarrant Britiş Legion” oýnunda. Birinji meýdançadan gol salýançy bilen konflikt etmejek bolup çykýar, ikinji – oýunçy bilen urşy üçin.


17.-- 1959-njy ýylda nemes Gelzenkirhynda ýolbaşçylar ýalňyşyp stadionda bir wagtda futbol we gandbol oýunlaryny belläpdirler. Bularyň hijisem biru birine ýer beresleri gelmänsoň, meýdançada 4 komanda we 2 top bolýar. Oýunlar soňuna çenli dowam edipdir.


18--.Futboly 6njy gün geçirmek baradaky kanun taslamasy Izrailyň parlamentynda rekordly sana – 36 ýetipdir. Bu taslamyň seredilmegi eýýam 7 nji ýyl dowam edýär.


19.--Botswanyň milli komandasy 28 ýyl dowam edýäni bäri ýeke gezegem  ýeňiji bolup bilmedi. Ol komandada 50den gowrak esasy türgençileri täzelendi. Olaryň arasynda 4si sowet döwrüniň türgençileri.


20.-- Italýan derwezeçisi Grosso oýnuň dowamynda sudýa äýnek geýmegini maslahat beripdir. Şonuň üçin meýdançadan çykarylypdyr. Düşünişmeleriň dowamynda sudýanyň hakykatdan hem görejiniň pesdigi anyklanyldy, Grosso bolsa äýnek dükanyň ýolbaşçysy ekeni. Netijede derwezeçini ýolbaşçylar bagyşlaýarlar, sudýa bolsa onuň dükanyndan äýnek satyn alýar.


21.                     --50 nji ýyllaryň soňunda Italiýanyň Siýena şäherinde futbol sudýalary öz aralarynda futbol oýnamagy makul bilýärler. 2 komanda düzüp, meýdança çykýarlar. Hemme zat gowulyk bilen barýardy, emma garşylykly komanda jedelli top salynandan soň, her bir sudýa öz tejribesi boýunça özüniňkini subut edip başlady. Netijede polisiýa işgärleri hem bu urşa goşulmaly boldy.


22.                     --Ispaniýada seýrek wakalaryň biri bolup geçdi. Ikinji liganyň “San Sidro” we “Olimpiko Karrante” komandalaryň oýunçylary oýnuň 3 minudy galanda sudýanyň hereketlerinden näräzy bolup, ony daşyny gurşap aldylar. Ylalaşdyryjyny diňe bir sözler bilen däl, eýsem hereketler bilen akylyny aýlandyrjak boldylar. Netijede sudýa 22 oýunçadam gyzyl kartoçkany görkezipdir.


23.                      --1978-nji  ýylda Gresiýanyň  baýragyny almak üçin geçirilen ýaryşlarda    “Etnikos” “PAOK” toparyny kabul edýärdi. Hasaby açyp,  myhmanlar,  ätiýäş  oýunçylaryň  oturan  ýerine  baryp,  begenip  şatlygyny paýlaşyp  durdular. Olar  eminiň  oýuny  dowam  etmeklik  baradaky  haýyşyna  üns  bermediler.  Uzak  wagtlap pikirlenmän  “Etnikosyň”  oýunçylary  topy  ortadan  salyp,  gol  urdular  we  hasaby  deňleşdirdiler.


24.                      --1891-nji  ýylda    futbol oýunyň şertleri öwrenişi Irlandiýaly ekspert   Jon Penalti  gödek oýun ýa-da goraýan toparynyň  öz jerime  meýdançasynda eli bilen oýnan oýunça jerime on bir metrlik urguny kabul  etmegi teklip  etdi.  Birinji sapar  bular  ýaly  urgy  Irland  futbol  ligasynda   ýerine  ýetirildi.  Indi  bütin  dünýäde  ol  urga  penalti  diýlip  at  berildi.      


25.                     -- Fuente atly  ispan  şäherinde  ýerli  topar  “Gonşa”  klubynyň  toparyny  kabul  edýärdi.  Birnäçe  wagtdan  soň  myhmanlar  2:0  hasaby  bilen  öňe  çykdylar.  Birden  meýdançada  korridanyň  manežinde  ýaly  burunlaryna  ýel  alan  öküzler  peýda  bolýarlar.  Oýunçylar  we  eminler  gorkup  gaçmak  bilen  boldular.  Tomaşaçylar  hem  olaryň  yzyndan  gaçdylar.  Oýuny  togtatmaly  boldy.  Soňra  derňew  edilip,  öküzleri  ýerli  ilatyň  biri  öz  toparynyň  ýeňilendigini  islemän,  öküzleri  futbol  meýdança  bilgeşleýin  göýberendigi  belli  edildi.     


26.                      --Buharest – Belgrad  ugrundaky  otlynyň  maşynisti  demir  ýolda  ýatan  adamy  görüp  otlyny  zordan  saklap  ýetişdi.  Ol  adam  Ýugaslawiýaly  Radanowiçdi.  Ol  Belgratdaky  bolşak  futbol  oýuna  gijä  galmajak  bolup  şol  usulda  otlyny  saklamagy  töwegellik  etdi.    


27.                     -- 1969-njy  ýylda  futbol  boýunça  Dünýä  çempionaty  üçin  pleý – off  saýlama  oýunda  Gondurasyň  ýygyndy  toparynyň  Salbador  ýygyndy  toparyndan  ýeňilendigi   bu  iki  ýurduň  arasyndaky   alty  günlük urşuň  sebäbi  boldy.     


28.                     -- Mälim bolşy ýaly, Lew Ýaşin diňe bir futbol derwezeçisi däl, eýsem hokkeý derwezeçisi. 1953 nji ýylda ol hokkeý boýunça SSSR-yň  kubogyna we SSSR-yň bürünç medalyň ýeňijisi diýip yglan edilýär. Ýaşiny hokkeý boýunça dünýä çempionadynyň ýygyndy komandasyna çagyrjak bolanlarynda, ol futbolda öz ünsüni jemlemegi ýüregine düwýär.


29.                     -- 1976 njy ýylyň 20 nji martynda “Aston Willy” komandanyň oýunçysy Kris Nikoll “Lestor Siti” komanda garşy 2 utuk we öz derwezelerine 2 topy salypdyr. Netijede 2:2 bolup oýun tamamlanypdyr. 


30.                        --1939-njy  ýylda  “Rapid”  wensk   kluby   birleşen  Germaniýanyň  çempionatynyň  final  oýunda  “Frankfurt”  topary  bilen  duşuşdy. Iň  soňky  15  mintda  üç  topy  saldy.  Şondan  bäri  ähli  öýde  geçirilýän  oýunlarynda  “Rapidiň”  janköýýerleri  däp  boýunça    soňky  15  mitde  jowhunly  el  çarpyp  başlaýarlar.       


 


Okalan sany: 701   Jogaplar: ( 2 )

Mayichka
30 января 2014

Dowamyny hökman okaň, öňküden hem gyzykly täzelikler bar.

marala
30 января 2014

ine munyn yerine dushdi, sag bol,good


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07447 sek. ýüklenen baýt: 58074