Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
Oba hojalygy üçin – suw paporotnigi
Ýazylan wagty: 30 января 2014 Ýazan NEXTTM
Oba hojalygy üçin – suw paporotnigi

Türkmen alymlary biziň ýurdumyzyň şertlerinde suw paporotnigini ýa-da azolla karolini ösdürip ýetişdirmegi işläp taýýarladylar. Bu suw ösümligi bolup, ol özüniň biomasslalarynda molekulýar azody jemleýär, fitodökün we iýime gymmatly goşundy hökmünde, şeýle hem akýan we drenaž suwlaryny arassalamakda geljegi uludyr. Azolla akwariumçylaryň arasynda meşhurdyr, şeýle hem onuň oba hojalygynda hem geljegi uludyr. 


Türkmenistanyň şertlerinde azolla karoliniň bioekologiki aýratynlyklaryny öwrenmek geçirilýär, ýurduň şaly ekýän sebitlerinde meýdan synag gözlegleri göz öňünde tutulýär. Ösümligiň synag nusgalary gözleg we köpeltmek üçin ýurda gelip gowuşdy, häzirlikçe bolsa ol Aşgabadyň botanika bagynda saklanýar. Türkmen hünärmenleri bu ugurda ylmy işlerini Özbegistan respublikasynyň Ösümlik we haýwanat dünýäsi genofond institutty bilen bileleikde geçirýärler. 

Suw paporotnigi ýä-da azolla karolini – Amerikanyň tropiki we subtropiki oblastlaryndan gelip çykandyr. Ol suw ösümligi bolup, suwuň ýüzünde ösýär. Onuň köpelişi esasn hem wegatatiw arkaly bolup geçýär. Şunlukda baldagyň gapdal ösüntgileri ýeňil pyntyklaýar hem-de geçme bilen bilelikde beýleki böleklerine ýerleşýär. 


Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Botanika institutynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň yglan eden ylmy-gňzleg taslamalarynyň bäsleşigine gatnaşmak üçin “Introproduksiýa şertlerinde gurak zolakda azollamyň ösdürilip ýetişdirilmegi we ony halk hojalygynda ulanmagyň gelljegi” atly tema bilen taslama-teklip işlenilip taýýarlanyldy. 

Türkmeistanyň Ylymlar akademiýasynyň Botanika institutynyň barlaghanasynyň baş ylmy işgäri Hojanazar Orazowyň belleýşi ýaly, maldarçylykda azyklyk biostimulýator hökmünde barlaghana we ýarym önümçilik şertlerinde oba hojalyk ekinlerine azolla biomassasynyň täsiri öwrenildi. Ösümligiň biomassasy suwly-batgalykly ýerleriň biodürlilik mümkinçiligini ýokarlandyrmak bilen, suwda ýüzýän aw guşlary üçin azyk hökmünde we suwuň töwereginde ýaşaýan guşlaryň gyşlamagy üçin şertleri döretmekde üçinulanyp bolar. Bu ösümlik gök ekinleriň hasyllylygyny ýokarlandyrýan ekologiki taýdan hem arassa biodökündir. Meselem, pomidoryň hasyllylygyny 40 we ondan hem gowrak ýokarlandyryp bolar. Biomassanyň şalyçylykda hem ulanylmagynyň geljegi ulydyr. Sebäbi ol şalynyň hasyllylygyny, azot dökünini ulanmazdan, 20-25% ýokarlandyrýar. Suw paporotniginiň biomassasyny belok-witamin we mineral goşundysy hökmünde harytlyk balykçylygynda hem ulanyp bolar. Geçirilen gözlegler jüýjeleri iýmitlendirmekde azolla goşundy hökmünde ulanylanda, olar çalt ösýärler, agramy artýar, kombikorm tygşytlanýar. 

Azolla özüniň ýokumly maddalarynyň düzümi boýunça suw we ýerüsti iýmitlik ösümlikleriň köpüsinden ýokary gelýär. Onuň gury biomassasynda karotin, gury protein, gury ýag, gury kül, öýjükler, kalsiý, fosfor bardyr. Azollanyň biomassasynda belok we lipidalar bardyr, ösümligiň biomassasynda bolsa, patogen mikroflor ýaly pestisidler ele salynmady. 

Suw paporotniginiň ösdürilip ýetişdirilmegi kollektor-drenaž suwlaryny arassalamakda ekologiki taýdan arassa serişdedir. Ýata suwlarda zollanyň ekilmegi ony kislorod bilen baýlaşdyrýar, organiki we mineral maddalardan, agyr demirlerden, şeýle hem patogen mikroorganizmlerden arassalaýar. Özi hem arassalanan suwy tehniki maksatlar üçin gaýtadan ulanyp bolar. Hatda akýan we drenaž suwlaryny arassalamak üçin ulanylandan soň hem olaryň biomassasy ondan biogazy, bioýangyjy, spirti, kagyzy bölüp aýyrmaga ýaramlydyr.

Ýelena DOLGOWA

Okalan sany: 925   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07421 sek. ýüklenen baýt: 36419