Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
Esger ruhynyn sedasy
Ýazylan wagty: 03 февраля 2014 Ýazan Krassavchik
Ýaýdan çykan peýkam ýaly atylyp,
Şaglap inen bürgüt deýin topuldym.
Garpyşamda “ aýy kimin asylyp ”,
Eden esger kasamymda tapyldym.

Bermedim duşmana,
Ujun kelebiň,
Gulaklaryna gurşun bolup dykyldym.
Ýöne şeýle boldy,
Işi pelegiň,
Söweş meýdanynda ýüzin ýykyldym.

Ykbalyma düşen paýdan razy,
Watan!
Razy,
Ömrüm saňa şan bolan bolsa.
Saňa bagyşlardy alysda ýatan,
Ogluňda ýene-de jan bolan bolsa.

Ile ysnat getirýänden däl-ä men,
Ýaşaman ýakynlaň billerin büküp.
Bosagada oturmasyn Käbämem,
Çöňňelen gözlerin ýollara dikip.

Galdym men taryhyň otly döwründe,
Ýetişmedim göwün guşun saýradyp.
Gamly gözlerinde,
Gamgyn göwnüňde,
Tükeniksiz ahmyr baryn gaýnadyp.

Gelse-de möňňürip aglaberesi,
Sessiz-üýnsiz ýuwdup ykbal derdini.
Nowjuwan Nowgülüm,
Gyzlaň seresi,
Ruhumy şat edýär ýazdan edebi.

Ýürekleri garradýan zat gussadyr,
Durmuşa gaýgy däl,
Söýgüdir laýyk.
Ýatlama gününde adym tutsalar,
Şondan Beýik Tagzym bolmaz, Halaýyk!
Okalan sany: 487   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05520 sek. ýüklenen baýt: 30203