Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Okuw türgenleşigi.
Ýazylan wagty: 04 февраля 2014 Ýazan Mayichka

 


Täze tälimçiniň ýolbaşçylygynda Türkiýede geçirilýän okuw türgenleşiginde ýokary netijelere gönükdirilen birnäçe maksatly işleri amala aşyrmaklyk meýilleşdirilýär. Mälim bolşy ýaly milli ýygyndymyzyň düzüminde futbol toparlarynyň ählisinden wekilleriň bardygy bellärliklidir. Bu ýagdaý milli ýygyndynyň, şol bir wagtda “Balkan” komandasynyň baş tälimçisine her bir oýunçynyň başarnygyny doly öwrenmäge, olaryň ukybyny üstünlige tarap gönükdirmäge mümkinçilik berýär. Oýun babat-da sazlaşygyň ýokary derejede ýola goýulmagy ýeňişleriň özenidir. Häzirki okuw türgenleşigi Maý aýynda “Çagyryş kubogy” atly geçiriljek halkara futbol ýaryşyna taýýarlygyň başlangyjydyr. Sekiz ýurduň milli ýygyndylarynyň gatnaşmagynda Maldiwde geçiriljek ýaryşda ýeňiş gazanan topar ýeketäk ýollanmanyň eýesi bolar. Ol futbol boýunça Aziýanyň kubogy ugrunda 2015-nji ýylda Awstraliýada geçiriljek ýaryşa gatnaşmaga hukuk berer. Eýýamdan başlanan taýýarlyk işleri ýurdumyzyň futbolçylaryna şowly çykyş etmäge ýardam eder. Futbolçylarymyzyň halkara ýaryşlarynda ýeňiş gazanmagy üçin ýurdumyzyň futbol federasiýasy köptaraplaýyn işleri amala aşyrýar. Olaryň ýokary netijeleri üpjün etjekdigini şu günki günlerden aýdyp bolar.


Okalan sany: 501   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,08834 sek. ýüklenen baýt: 29925