Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Fransuz hepdeligi Muhammet pygamberi ýaňsylaýar
Ýazylan wagty: 20 сентября 2012 Ýazan FCAnji
Fransiýanyň  "Charlie Hebdo" atly satiriki hepdeligi çarşenbe güni Muhammet pygamberi ýaňsa alýan karikaturalaryň bir toplumyny çap etdi. Fransuz musulmanlarynyň lideri Mohammed Moussaoui “masgaralaýjy” şekiller üçin “çuňňur hopukmasyny” beýan etdi. Premýer ministr Žan-Mark Aýrolt söz azatlygy prinsipini gorady, emma “öte geçmäni oňlamaýandygyny” aýtdy. Häzir Kairde saparda ýören daşary işler ministri Laurent Fabius bolsa, “häzirki duşmançylykly pursatda prowokasiýalara” garşy durýandygyny aýtdy.Ätiýaçlyk çäreleriFransiýanyň Daşary işler ministrligi göwnüne deglen musulmanlaryň mümkin bolan zorlukly reaksiýasyndan ahmal galmazlyk üçin, dünýä ýüzündäki diplomatiki töwereklerde howpsuzlyk tagallalaryny ýokarlandyrmagy buýurdy.Pariž, zorlukly hereketleriň bolmagyndan ätiýaç edip, dünýäniň 20 ýurdunda ilçihanalaryny we diplomatiki mekdeplerini ýapdy.  Gürrüňi edilýän neşiriň jildiniň arka ýüzünde çap edilen karikaturada, žurnalyň içinde ýerleşdirilen beýleki birnäçe suratda bolşy ýaly, pygamber ýalaňaç şekillendirilipdir.Žurnalyň Pariždäki edaralarynyň töwereginde polisiýa işgärleri ýerleşdirildi. Bu neşiriň internet sahypasyna hakerler tarapyndan hüjüm edildi we ony häzir görüp bolmaýar.Dünýä ýagdaýy we azatlyklar"Charliýe Hebdo" žurnalynyň baş redaktory Stefan Çarbonnir karikaturalaryň tankytçylaryny "gülkünç masgarabazlar" atlandyryp, Aýrolty “ruspublikada metbugat  azatlygyny goldamazlykda” kötekledi."Dünýä ýagdaýy hiç wagt radikal yslama ýa-da umuman dine gülmek üçin amatly bolmaz - diýip, Çarbonnir aýtdy. – Eger biz ýagdaýy nazara alsak, onda biz mundan aňryk hiç zat barada gürrüň edip bilmeris. Satiriki metbugtyň geljegi ýok. Biz gutardyk."Bu karikaturalaryň çap edilen wagty geçen hepde yslam dünýäsinde Muhammet pygamberi masgaralaýan film sebäpli tutaşan gahar-gazabyň yz ýanyna gabat geldi.Birleşen Ştatlarda hususy ýagdaýda döredilen film sebäpli bolan pitneçilikli hereketler azyndan 19 adamyň ölümine getirdi."Charliýe Hebdo" žurnalynyň Pariždäki edarasy, 2011-nji ýylyň noýabrynda Muhammet pygamberiň başga bir karikaturasyny çap edeninden soň, ot bombasyna duçar bolupdy.
Okalan sany: 436   Jogaplar: ( 3 )

Arantes
20 сентября 2012

Fransia hokumedi goldamayan eken olary, bu hem bir gowylyk

FCAnji
20 сентября 2012

sebabi ozin bilyana Fransia hokumeti nadip goldap bilsin esasy ilaty musulmanlardan duryarka bu wagt

joshbush
23 сентября 2012


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,04203 sek. ýüklenen baýt: 31775