
NextTM hödürleýar
Halanan ýazgylar
Bölümler
Soňky jogaplar
Türkmen talyplary Kazan şäherinde geçiriljek tomusky Uniwersiýada şu günlerden taýýarlyk görýärler. Talyplaryň sport baýramçylygy hasaplanýan Uniwersiýa adany esaslandyryjy Žan Petižan ony ilki “Uniwersitetleriň olimpiýa oýunlary“ diýip atlandyrmak isläpdir. Emma häzirki zamanyň olimpiýa oýunlaryny esaslandyryjy Pýer-de Kuberten bu teklibi üzül-kesil goldamandyr. Şeýlelikde, ilkinji Uniwersiýada “Talyplaryň halkara ýaryşlary“ ady bilen geçirilipdir. Uniwersiýada 6-njy iýuldan 17-nji iýula çenli aralykda dowam edip oňa 17-28 ýaş aralygyndaky talyplara gatnaşmaga hukuk berilýär. Türkmen talyplary sportuň 15-e golaý görnüşinden gatnaşarlar.
Türkmenistan Watanymyzda dünýä ölçeglerine gabat gelýän Gyşky oýunlar sport toplumynyň açylmaklygy sportuň gyşky görnüşleriniň, şol sanda buzda typmaklygyň we hokkeý oýnunyň ösmekligine getirdi. Golaýda Figuralaýyn typmak görnüşinden açyk ýaryş geçirildi. Bu yaryşa ýaşajyk türgenleriň ençemesi gatnaşdy.
Paýtagtymyzdaky 2-nji hem 50-nji orta mekdebinde El pökgüsi boýunça mekdep okuwçylarynyň gatnaşmagynda Türkmenistanyň çempionaty başlandy ýaryş üç günläp dowam eder.
Balkanabat şäherinde sportuň Gylyçlaşmak görnüşinden Türkmenistanyň çempionaty dowam edýär.
Türkmenabat şäherinde boks boýunça Türkmenistanyň birinjiligini almak ugrundaky bäsleşik başlandy. Yaryş Fewral aýynyň 10-na çenli dowam eder.
Fewral aýynyň 8-12 aralygynda Stoluň üstünde oýnalýan tennis görnüşinden Türkmenistanyň çempionaty geçiriler.
Ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlarynyň arasynda Futbol boýunça ýaryş dowam edýär.