NextTM hödürleýar
Halanan ýazgylar
Bölümler
Soňky jogaplar
Garaşsyzlyk ýyllary içinde
Türkmenistanyň territorial bölünişigi ykdysady-durmuş talaplaryna laýyk
getirildi. Öňki territorial birlikleriniň atlary millileşdirildi:
oblast-welaýat, raýon-etrap boldy. Döwletimizde köp geografiki atlar
millileşdirildi, ýerler taryhy döwürlerden - ata-babalarymyzdan gelýän atlaryny
aldylar. Ýerleriň käbirlerine Türkmeniň milli gahrymanlarynyň, taryhy
şahslarynyň atlary berildi.
Türkmenistanyň dolandyrylyş-çäk bölünişigi 5 welaýat, 57
etrap (olardan 7-si şäherlerde – Aşgabatda-5, Türkmenabatda-2), 25-şäher, 77
şäherçe, 557 geneşlikden ybarat. Welaýatlar, etraplar häkimlerikler,
geňeşlikler bolsa, oba arçynlyklary tarapyndan dolandyrylýar.
Sebitleriň ykdysady kuwwatlylygy olardaky tebigy baýlyklaryň
we şertleriň hojalykda ulanylyşyna, olaryň zähmede ukyply adamlar bilen
üpjünçiligine, zähmet öndürijiligine, täze tehnika hem-de tilsimatlar bilen
üpjün edilişine, ulag, durmuş hyzmaty kärhanalarynyň işleýşine bagly bolup
durýar. Sebitiň ykdysady rowaçlylygy önümçilik kärhanalaryň ýerleşdirilişine,
öndüriji güýçleriň önümçilik gatnaşyklaryna laýyk gelşine we başga-da köp
ykdysady-durmuş görkezijilerine bagly.
Türkmenistanda her bir welaýatyň özboluşly zähmet bölünişigi
bar. Meselem: Ahal welaýaty, tebigy gaz çykarmakda ýörüteleşýär. Welaýatda
tebigy gaz çykarmaklygyň senagat önümleriniň öndürilişindäki paýy 67,4%-e deň.
Balkan welaýatynyň senagat önümleriniň öndürilişinde esasy orny (82,1%-ini)
nebit çykarýan we nebiti gaýtadan işleýän senagat kärhanalary tutýar. Daşoguz
welaýatynyň senagatynda esasy orny azyk (62,2% ) we ýeňil senagat (31,2%)
pudaklary eýeleýär. Lebap welaýatynda azyk senagaty (43,9%), ýangyç (29,8%),
ýeňil (19,1%) senagat kärhanalary ösen pudaklardyr. Mary welaýatynda senagat
azyk (35,5%), gaz çykarýan (35,2%), ýeňil (22,5%) pudaklar boýunça
ýörüteleşýärler.
Ýurdyň hojalyk durmuşynda
ykdysady etraplaşdyryş ägirt uly ähmiýete eýedir. Etraplaşdyrmak halk hojalygyň
territorial ýerleşişiň ylmy esaslaryny öwrenmekligiň ugry hökmünde öňe çykýar.
Türkmenistanyň senagat
önümçiliginiň düzümi (%, 2010ý): Ýangyç energetika -69,9 (el.en.-0,9, nebit-29, gaz-40),
Azyk-12,8 (azyk-tagam-10,3, et-süýt-1,9, un ýarma-0,6), Ýeňil- 19,3 (dokma
tekstil – 8,1, tikinçlik – 2,6, gön, aýakgap – 0,1) Gurluşyk materiallar-2,6,
Himiýa-1,7, Maşyngurlyşygy we metal işläp bejerýän senagat - 0,9, aýna, farfor
– 0,02 beýleki senagat pudaklary-1,5.