Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HALKARA ZENANLAR GÜNI MYNASYBETLI GEÇIRILEN DABARALARA GATNAŞDY
Ýazylan wagty: 08 марта 2014 Ýazan NEXTTM

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI HALKARA ZENANLAR GÜNI MYNASYBETLI GEÇIRILEN DABARALARA GATNAŞDY

Aşgabat, 7-nji mart güni, Ruhyýet köşgünde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Halkara zenanlar güni mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi.

Şu ýylda zenanlara jemgyýetde uly sarpa goýulýandygyny alamatlandyrýan we däp boýunça umumymilli, döwlet derejesinde bellenilýän ajaýyp bahar baýramçylygy beýik türkmen nusgawy şahyry, filosofy Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy mynasybetli ýubileý dabaralarynyň öňüsyrasynda geçirilýär. Munuň özi nusgawy şahyrlarymyzyň eserlerinde wasp edilen türkmen zenanlarynyň hormatyna bagyşlanan şu dabaralaryň ähmiýetini has-da artdyrýar.

Diňe bir edebiýatda we sungatda däl-de, türkmen jemgyýetinde zenanlara uly hormat we sarpa goýulýandygyny, köpasyrlyk medeni we etiki ýörelgeler häzirki wagtda-da enelere, uýalara, aýal-gyzlara mähirli we aladaly garalýandygyny görmek bolýar.

2008-nji ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan “Ene mähri” nyşanynyň esaslandyrylmagy türkmen döwletiniň köp çagaly zenanlara içgin üns we goldaw berýändigini aýdyň görkezýän subutnama öwrüldi, bu nyşan sekiz we şondan-da köp çagalary dünýä inderen we terbiýeleýän köp sanly zenanlara her ýylda gowşurylýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe köp çagaly maşgalalaryň has-da artýandygyny, ilatyň demografik ösüşinde bu ajaýyp ýagdaýyň berkeýändigini hem-de munuň raýatlaryň ertirki güne ynamly garaýandygyny, döwletimiziň durmuş-ykdysady syýasatynyň üstünlige getirýändigini, ýurdumyzyň ýaşaýjylarynyň abadançylygynyň derejesiniň we saglygynyň berkeýändigini aýdyň görkezýän subutnamadygyny buýsanç bilen bellemek bolar.

Şu ýylda milli Liderimiziň başlangyjy bilen Türkmenistanyň “Zenan kalby” diýen täze ordeni esaslandyryldy. Bu ordeniň ady zenanlarymyzyň türkmen halkynyň häzirki we geljekki nesilleriniň ykbalyna döredijilikli we durmuşy berkarar edýän mukaddes ruhy baýlyklary hem-de ynsanperwer ýörelgeleri aýawly saklaýan ynsanlar hökmünde belent jemgyýetçilik derejesine eýedigini görkezýär.

Şeýle hem Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ähli aýal-gyzlaryna, şol sanda mekdepde okaýan we çagalar baglarynda terbiýelenýän gyzlara pul sowgatlaryny gowşurmak hakyndaky Buýruga gol çekdi, şol pul sowgatlary her ýylda ýerlerde Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan dabaraly ýagdaýda gowşurylýar.

Türkmenistanyň zenanlary döwlet tarapyndan ýadawsyz alada edilýändigini duýup, milli Liderimiziň maşgala ojaklarynda abadançylygyň saklanýandygy, göwün beren hünärinde başarnyklaryny görkezmegi parahat, rowaçlyk gazanýan ýurdumyzda çagalaryň terbiýelenip ýetişdirilmegi üçin hemmetaraplaýyn goldaw berilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirýärler hem-de göwnejaý bilim almak, sazlaşykly ösüş, saýlap alan ugry boýunça zähmet çekmek we mynasyp, bagtyýar durmuşda ýaşamak boýunça örän giň mümkinçilikleriň bardygyna düşünýärler.

Enelik we çagalyk, maşgala gymmatlyklaryny aýawly saklamak barada alada etmek, her bir raýatyň diňe bir beden babatda däl-de, ahlak, ruhy taýdan hem sagdyn bolmagyna gönükdirilen sagdyn durmuş ýörelgelerini berkarar etmek döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan ýurdumyzda amala aşyrylýan ähli oňyn özgertmeleriň many-mazmunyny düzýär. Şoňa görä-de, Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilýän dabaralar watandaş zenanlarymyza, ata Watanymyzyň, myhmansöýer we jomart, hoşniýetli dostlara we goňşulara güler ýüz bilen garaýan agzybir maşgala bolup ýaşaýan ogullaryň we gyzlaryň enelerine bagyşlanan sena öwrüldi.

Irden hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ruhyýet köşgüne girip, mejlisler zalyna geldi. Bu ýerde ýurdumyzyň ähli künjeklerinden zenanlar ýygnandylar, olaryň arasynda zähmet weteranlary, ýurdumyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklarynda işleýänler, ylym, medeniýet we sungat işgärleri, zenanlar hereketine işjeň goşulýan zenanlar, talyp gyzlar we mekdep okuwçylary bar. Şeýle hem zenanlary gutlamak üçin geçirilýän dabara Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, ýurdumyzyň habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň wekillikleriniň ýolbaşçylary gatnaşýarlar.

Zala ýygnananlar döwlet Baştutanymyzy şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylaýarlar.

Giň mejlisler zalynda Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlanýar, duşuşyga gatnaşýanlaryň ählisi senanyň watansöýüjilige ýugrulan sözlerini aýdýarlar.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berilýär.

Milli Liderimiz ýygnananlaryň ählisi bilen salamlaşyp, zenanlary Halkara zenanlar güni bilen tüýs ýürekden mähirli gutlap, durmuşymyzy ajaýyp bahar öwüşginleri bilen bezeýän, kalbymyzy mähriban zenanlarymyza çuňňur we tüýs ýürekden minnetdarlyk duýgulary bilen nurlandyrýan bu baýramyň ýurdumyzyň zenanlarynyň syýasy, ykdysady, durmuş we medeni ulgamlardaky, döwletimiziň taryhy ösüşindäki, häzirki zaman jemgyýetiniň ruhy durmuşyndaky beýik ornuny aýdyň görkezýändigini aýtdy.

Häzirki döwürde ýurdumyz dünýä bileleşigine goşulyp, demokratik özgertmeleriň ýolundan ynamly we batly gadamlar bilen öňe barýar. Deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanýan oýlanyşykly durmuş syýasatyny amala aşyrmazdan, hukuklaryň we mümkinçilikleriň deňligini göz öňünde tutmazdan, ýurdumyzyň netijeli ösmegini gazanyp bolmaz.

Şunuň bilen baglylykda, döwletimiz tarapyndan zenanlaryň kanuny bähbitleriniň we hukuklarynyň goralmagy we üpjün edilmegi jemgyýetiň durnukly ösüşiniň möhüm şertleriniň biri bolup durýar. Şeýle ösüşi gazanmakda demokratik gymmatlyklar we ýörelgeler ahlak ýörelgeleriniň milli däpleri bilen sazlaşykly utgaşýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow biz Türkmenistanyň zenanlarynyň hemmetaraplaýyn ösmegi, özleriniň ylma bolan ukyplaryny, aň-bilim, döredijilik we ruhy mümkinçiliklerini doly açyp bilmekleri üçin ýurdumyzda ähli şertleriň döredilendigini buýsanç bilen aýdyp bileris diýip belledi. Netijede, jemgyýetimiz has-da kämilleşýär we ösýär. Gözel tebigatyň özi zenanlara döretmek, parahatçylygy goldamak, ösüp gelýän ýaş nesliň sagdyn bolmagy barada alada etmek ýaly ukyplary beripdir.

Milli Liderimiz mähriban zenanlarymyz sözüň doly manysynda milletimiziň buýsanjydyr we mertebesidir diýip belledi. Gözel zenanlarymyz ýurdumyzyň taryhynda öçmejek yz galdyrdylar. Olar häzirki döwürde hem täze jemgyýeti gurmaga ägirt uly goşant goşýarlar. Şoňa görä-de, mähriban zenanlarymyza döwletimiz tarapyndan hemmetaraplaýyn goldaw berilýär, jemgyýetimizde olaryň sarpasy örän belent tutulýar!

Hormatly Prezidentimiz türkmen zenanlarynyň eziz Watanymyzda gazanylýan üstünliklere uly goşant goşýandyklaryny, döwletimiziň öňünde durýan möhüm meseleleri çözmäge we uly ähmiýetli wezipeleri üstünlikli amala aşyrmaga raýat jogapkärçiligini duýup, işjeň gatnaşýandyklaryny çäksiz minnetdarlyk duýgulary bilen belledi.

Eziz zenanlarymyzyň ýurdumyzda alyp barýan netijeli işleri durmuş adalatlylygyna esaslanýan we hukuklaryň deň derejede goralmagyna eýerýän sagdyn jemgyýetiň ösmeginiň möhüm şertleriniň birine öwrüldi. Mähriban zenanlar diňe bir näzik we mährem dünýäsi, durmuşymyzy alada bilen gurşap alýandyklary üçin däl-de, eýsem öz ruhy jomartlygy bilen dünýäni has kämil hem-de ynsanperwer edýändikleri üçin hem biziň göz guwanjymyzdyr, gözellik we ylham çeşmesidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy.

Türkmenistanyň Prezidenti ýurdumyzda ileri tutulyp amala aşyrylýan, aýratyn hem, bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda durmuşa geçirilýän milli maksatnamalarymyzyň üstünlikli ýerine ýetirilmeginiň köp babatda zenanlaryň alyp barýan giň gerimli işlerine baglydygyny belledi. Häzirki döwürde türkmen zenanlary dürli ugurlarda öz hünär ussatlyklaryny we şahsy ukyp-başarnyklaryny görkezýärler. Olar köp ugurlarda jogapkärli wezipelerde zähmet çekýärler hem-de işiň täze usullaryny ynamly we netijeli özleşdirýärler.

Şeýle etmek bilen, olar diňe bir öz iş başarnyklaryny we ukyplaryny görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, täzeçe pikirlenmegi başarýandyklaryny, yhlasly we tutanýerli, döredijilikli we netijeli zähmet çekip bilýändiklerini iş ýüzünde aýdyň görkezýärler. Şonuň bilen birlikde, türkmen zenanlary hemişe näzik, gözel, mähirli, sadadan mylaýym, şol bir wagtda-da gujur-gaýratly we parasatly bolmagy başarýarlar. Döreden ajaýyp eserleri dünýä medeniýetiniň we sungatynyň genji - hazynasyna giren beýik şahyrlaryň, suratkeşleriň we aýdym - saz ussatlarynyň öz eserlerinde waspyny ýetirişi ýaly, mähriban zenanlarymyzyň ajaýyp gözelligi biziň durmuşymyza hemişe nur saçýar.

Milli Liderimiz şu ýyl Halkara zenanlar gününe bagyşlanan baýramçylyk dabaralarynyň beýik türkmen nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy mynasybetli ýubileý dabaralarynyň öňüsyrasynda geçirilýändigini aýtdy. Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy türkmen zenanlaryna ýürek joşgunyna we ylhama eýlenen köp sanly şahyrana eserlerini bagyşlapdyr. Ol öz eserlerinde zenanlarymyzyň ruhy päkligini, näzikligini we ajaýyp gözelligini belentden wasp edipdir. Beýik şahyryň goşgulary, onuň sözlerine döredilen aýdymlar Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilýän baýramçylyk çärelerinde uly joşgun bilen belentden ýaňlanýar.

Bu bolsa häzirki zaman durmuşynyň gadymy mirasymyz bilen sazlaşykly utgaşýandygyny aýdyň görkezýär. Şeýle ajaýyp sazlaşykda bolsa, müňýyllyklaryň dowamynda türkmen jemgyýetinde pugta ornaşan we halkymyzyň rehimdarlyga, ynsanperwerlige, parahatçylyga, öňe gitmäge we gülläp ösmäge bolan umyt-arzuwlaryny äleme ýaýýan mähriban zenanlarymyza sarpa goýmak däpleri öz aýdyň beýanyny tapýar. Bütin adamzat taryhynyň dowamynda zenanlar maşgala ojagynyň bezegi bolup gelýär. Olar maşgala gatnaşyklarynda ajaýyp sazlaşygy döredýärler, merdana halkymyza, eziz Watanymyza wepaly, sagdyn we ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişdirýärler, halkymyzy gahrymançylyga we zähmet ýeňişlerine ruhlandyrýarlar.

Hormatly Prezidentimiz häzirki döwürde öz hünäriniň ussady bolan zähmetsöýer zenanlarymyzyň alyp barýan işlerini maşgala borçlary bilen üstünlikli utgaşdyryp, halkymyzyň alkyşyna we döwletimiziň hemmetaraplaýyn goldawyna mynasyp bolýandyklaryny aýtdy. Mähriban halkymyz müňlerçe ýyllaryň dowamynda maşgala ojagynyň asylly däp-dessurlaryny belentde saklap gelýär. Sebäbi belent ruhy-ahlak başlangyçlary, ak ýüreklilik, zähmetsöýerlik, enä we ýaşuly nesle sarpa goýmak, zenana hormat bilen garamak ýörelgeleri öz gözbaşlaryny şol ajaýyp däp-dessurlarymyzdan alyp gaýdýar.

Türkmen jemgyýetinde mähriban ene ähli döwürlerde hem diňe bir maşgalanyň däl-de, eýsem, bütin jemgyýetçilik gurluşynyň binýady bolup geldi. Mährem ene bolmak we çagalary watansöýüjilik, ynsanperwerlik, päk ahlaklylyk ruhunda terbiýelemek her bir zenanyň mukaddes borjudyr. Gündogaryň beýik akyldarlary: «Halypanyň öz şägirdiniň üsti bilen hünärini nesilden-nesle geçirişi ýaly, zenan hem öz çagalarynyň üsti bilen ajaýyp dünýäni döredýär. Eger zenanyň goldawy bolmasa, zenan gahryman nesilleri terbiýeläp ýetişdirmese, dana kişileriň bu ugurda edýän ähli tagallalary biderek bolardy!» diýip, jaýdar belläpdirler.

Köp çagaly enelere Türkmenistanyň «Ene mähri» diýen hormatly adynyň dakylmagy mynasybetli dabaralary geçirmek ýurdumyzda mähriban enelerimiziň türkmen halkynyň bagtyýar durmuşda ýaşamagyna, mynasyp nesli terbiýeläp ýetişdirmäge goşýan beýik goşandyna tüýs ýürekden minnetdarlygyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.

Milli mirasy dünýäniň genji-hazynasyna öwrülen milli medeniýetimiziň ösmegine türkmen zenanlary ägirt uly goşant goşdular. Inçe duýgulara, şatlyga we ýürek joşgunyna, ýakymly täsirlere we ylhama ýugrulan baý ruhy dünýäsi zenany dörediji şahsyýete öwürýär. Zenanlar dünýäniň gözelligini onuň ähli ajaýyplygy bilen görmegi öwredýär. Öz döredijiliginde baý tebigatymyzyň ajaýyp gözelligini, halkymyzyň şöhratly taryhyny we deňsiz-taýsyz gahrymançylygyny, ata-babalarymyzyň wesýetlerini beýan edýän çeper elli halyçylarymyz, keşdeleri sünnäläp çekýän ussat zenanlarymyz sungata öwrülen eserlerinde şeýle beýik, ajaýyp gözelligi döredýärler.

Türkmenistanyň Prezidenti: “Goý, ýurdumyzyň şöhratly taryhyny we bagtyýar geljegini döredýän gözel zenanlarymyzyň  mähriban ene-mamalarymyzyň, eziz uýalarymyzyň we uz basyşly gyzlarymyzyň adyna aýdylýan ýakymly gutlag sözleri, olaryň ajaýyp bahar gülleri ýaly owadan we şadyýan bolmagy, olaryň adyna aýdylan päk söýgi we egsilmez bagt baradaky arzuwlar diňe bir baýramçylyk günlerinde däl-de, eýsem, her gün ýaňlanyp dursun!” diýdi.

Halkara zenanlar güni mynasybetli geçirilýän konsertler, sergiler we beýleki medeni çäreler türkmen halkynyň ajaýyp häsiýetlerini – zähmetsöýerligini, ruhy jomartlygyny, gaýduwsyzlygyny özünde jemleýän we öz ýakynlaryny mähir we alada bilen gurşap almagy başarýan mähriban we gahryman enelerimize, gözel zenanlarymyza bagyşlanýar.

Döwlet Baştutanymyz eziz enelerimize, mähriban gelin-gyzlarymyza ykdysadyýetiň dürli pudaklarynda, ylym-bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda çekýän ruhubelent, döredijilikli zähmeti we berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi, ýaş nesliň mynasyp terbiýelenmegi ugrunda alyp barýan netijeli işleri üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi. Türkmenistanyň Prezidenti köp çagaly enelerimize, şeýle hem ýurdumyzda amala aşyrylýan giň gerimli maksatnamalary durmuşa geçirmekde bitiren aýratyn hyzmatlary, senagatda, oba hojalygynda, ylymda, bilimde, beýleki pudaklarda gazanan ýokary görkezijileri, milli medeniýetimiziň we sungatymyzyň ösmegine goşan saldamly goşandy üçin hem-de döwlet we jemgyýetçilik işinde yhlas bilen zähmet çekip, halkymyzyň arasynda uly abraýdan peýdalanýan hem-de ýokary netijeleri gazanyp, «Zenan kalby» ordenine, şeýle hem «Ene mähri» diýen hormatly ada mynasyp bolan zenanlaryň birnäçesine döwlet sylaglarynyň gowşurylýandygyny yglan etdi.

Şeýle hem milli Liderimiz bir ýyl mundan ozal paýtagtymyzyň S.Türkmenbaşy şaýolunyň ugrunda ýerleşýän döwlet kabulhanasynda abatlaýyş işlerini geçirip, bu jaýdaky ähli amatlyklary bolan öýleri köp çagaly maşgalalara bermek barada Aşgabat şäheriniň häkimine tabşyryk berlendigini aýtdy. Aşgabat şäheriniň häkimligi bu tabşyrygy ýerine ýetirmek boýunça zerur işleri geçirdi. Bu gün döwlet Baştutanymyz köp çagaly maşgalalaryň birnäçesine ähli amatlyklary bolan öýleriň açarlarynyň gowşuryljakdygyny hem aýtdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa söz berýär.

Milli parlamentiň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmenistanyň Zenan kalby» ordeni bilen sylaglamak hakyndaky” hem-de «Türkmenistanyň Ene mähri» diýen hormatly ady dakmak hakyndaky” Permanlaryny okaýar.

Zenanlar milli Liderimiziň elinden milli maksatnamalary durmuşa geçirmekde bitiren aýratyn hyzmatlary, zähmetde we jemgyýetçilik durmuşynda gazanan uly üstünlikleri üçin ýokary döwlet sylagyny, şeýle hem hormatly ady dakmak hakyndaky şahadatnamalary we nyşanlary buýsanç duýgusy bilen kabul etdiler.

Ruhyýet köşgüne ýygnananlar döwlet sylagyna mynasyp bolanlary el çarpyşmalar bilen hormatlap, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe örän uly işleriň amala aşyrylmagyna önjeýli goşant goşýan ähli zenanlara uly hormat goýulýandygyny görkezdiler.

Döwlet Baştutanymyzyň bagtyýar hem-de sagdyn enelik we çagalyk, maşgalanyň durmuş taýdan goraglylygy, zenanlaryň we çagalaryň hukuklarynyň üpjün edilmegi üçin göwnejaý şertleriň döredilmegi baradaky hemmetaraplaýyn aladasy enelerimize jemgyýetimiziň we döwletimiziň berk daýanjy hökmünde garaýandygyna şaýatlyk edýär. Zenana –enä şeýle içgin üns berilmegi jemgyýetçilik durmuşyny has-da demokratiýalaşdyrmak boýunça oňyn döwlet syýasatynyň ýöredilmeginden, şeýle hem milli edep-ekramyň aýratynlyklaryndan, medeniýeti, bilimi, saglygy goraýşy ösdürmegiň zerurlyklaryndan, ruhy ýörelgeleriň aýawly saklanmagyndan we nesilden-nesle geçirilmeginden gelip çykýar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde enelige we çagalyga durmuş taýdan goldaw bermek baradaky wezipeleri kesgitlemek bilen: “Maşgala näçe berk bolsa, jemgyýetimiz şonça-da baý bolar!”???????? diýip blleýär.

Mälim bolşy ýaly, türkmen döwletinde maşgala we enelige goldaw berilmegi, köp çagalylygyň höweslendirilmegi ileri tutulýan ugurdyr. Enelere öz çagalaryna seretmegi boýunça hem-de göwrelilik döwründe we çaga dünýä inenden soňra berilýän goşmaça zähmet rugsady üçin kömek pullary berilýär. Şeýle hem “Ene süýdi bilen iýmitlendirilmegini wagyz etmek we çaga iýmiti önümlerine bildirilýän talaplar hakyndaky” Türkmenistanyň Kanuny eneleriň we çagalaryň saglygynyň goralmagyna degişli meselelere talabedijilikli çemeleşilýändigini görkezýär. Türkmenistanda çaganyň irki ösüşi we ony mekdebe taýýarlamak boýunça 2011-2015-nji ýyllar üçin Milli maksatnama amala aşyrylýar.

Köp çagalylyk türkmenlerde elmydama maşgala gymmatlygy we oňyn ýörelge hasaplanýar. Şol ýörelgelere eýerilmegine goldaw bermek hem-de eneleriň we ýaş nesliň saglygyny üpjün etmek üçin tutuş ýurdumyzda saglygy goraýyş, keselleriň öňüni almak, anyklamak boýunça edaralaryň we sagaldyş merkezleriniň, şypahanalaryň toplumlarynyň giň ugurly ulgamy döredilýär. Enäniň we çaganyň saglygyny goramak boýunça “Ene mähri” merkezleri şol ulgamyň möhüm ähmiýetli bölegi bolup durýar.

“Ene mähri” diýen ada mynasyp bolan enelere uly möçberli pul sowgatlary tölenýär hem-de olara dürli ýeňillikler berilýär. Ýeri gelende aýtsak, köp çagaly eneleriň arasynda diňe bir öý hojalykçy zenanlar däl-de, bilim we saglygy goraýyş ulgamlarynda, dürli pudaklarda işleýänler, kärendeçi we daýhan zenanlar bar.

Sylaglanan zenanlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözleri bilen ýüzlendiler. Olar milli Liderimize öz zähmetine ýokary baha berilýändigi, özleri barada ýadawsyz alada edilip, goldaw berilýändigi, ýurdumyzda durmuş we zähmet çekmek üçin göwnejaý şertleriň döredilýändigi üçin alkyşly sözleri aýtdylar.

Çykyş edenler özboluşly döwürde – uly we giň gerimli oňyn özgertmeleriň amala aşyrylýan döwründe ýaşaýandygymyz üçin öz ykbylymyzdan razydyrys hem-de döwletimiziň parahatçylygy we döredijiligi ileri tutýandygyna, Garaşsyz Türkmenistanda zenana uly hormat goýulýandygyna we täze taryhy eýýamda üstünlikleriň gazanylmagyna goşant goşýandygymyza buýsanýarys diýip bellediler. Zenanlar häzirki wagtda ýurdumyzyň diňe bir şäherlerinde däl-de, has çetde ýerleşýän etraplarynda-da döwrebap sagaldyş merkezleriniň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň we medeniýet merkezleriniň gurulýandygyny, çagalary terbiýeläp ýetişdirmek, hem-de munuň ata Watanymyzyň abadançylygy ugrunda has-da netijeli işlemegine ruhlandyrýandygyny nygtadylar.

Serdar şäheriniň çeper halyçylyk kärhanasynyň halyçysy Arazgül Amangulyýewa özüne “Zenan kalby” ordeniniň berilmeginiň ýurdumyzyň ähli halyçylaryna uly hormat goýulmagynyň we olaryň zähmetine ýokary baha berilmeginiň nyşany hasaplaýandygyny, Türkmenistanyň Prezidentiniň “Janly rowaýat” diýen kitabynyň halyçy zenanlar üçin özboluşly ruhy ýörelgä öwrülendigini aýtdy. Ol milli Liderimizi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halyçy zenanlaryň bu ajaýyp sungaty has-da ösdürmek we onuň ýörelgelerini baýlaşdyrmak üçin yhlasyny gaýgyrmajakdyklaryna ynandyrdy.

Mary welaýatynda ýaşaýan we “Ene mähri” diýen hormatly ada mynasyp bolan kärendeçi Gülälek Annaýewa bolsa ajaýyp eýýamda, kuwwatly ýurtda ýaşaýandygy hem-de eneler we çagalar barada döwlet derejesinde içgin alada edilýändigi üçin özüni bagtly duýýandygyny aýtdy. Köp çagaly ene tüýs ýürekden çykýan sözlerini çagalaryň ilkinji gezek eşidip, enäniň söýgüsiniň we näzikliginiň üsti bilen tutuş dünýäni duýýan hüwdüsi arkaly beýan etdi.

Ruhubelent zenanlaryň hormatly Prezidentimize hoşallyk we şahyrana sözleri ýakymly hem-de täsirli ýaňlandy. Sylaglanan zenanlar ähli watandaş zenanlaryň adyndan milli Liderimize berk jan saglyk, uzak ömür, egsilmez gujur-gaýrat we döwlet Baştutanynyň wezipesinde täze üstünlikleri arzuw etdiler.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz köp çagaly maşgalalara ähli amatlyklary bolan we zerur zatlar bilen üpjün edilen ýaşaýyş jaýyndaky öýleriň açarlaryny gowşurdy. Döwlet Baştutanymyz köp çagaly maşgalalara berilýän kömegiň, durmuşdaky ýeňillikleriň we maddy taýdan islendik goldawyň zerurdygyna we möhümdigine düşünip, şu ugurda yzygiderli çäreleri durmuşa geçirýär, şu günki täze jaý toýlary munuň aýdyň subutnamasy bolup durýar.

Ruhyýet köşgüniň sahnasyna bagtyýar maşgalalar yzly-yzyna çykdylar, özlerinde galan täsirleri şadyýan we ýakymly beýan eden çagalaryň çykyşlary bu dabaranyň şowhunyny has-da artdyrdy. Olaryň çykyşlary dabara gatnaşyjylaryň ählisinde ýakymly täsirleri döretdi. Şeýle hem her bir maşgala folklor äheňindäki döredijilikli we gysgaça çykyşlar arkaly bu dabaranyň has-da täsirli bolmagyna öz goşandyny goşmaga çalyşdy. Şol çykyşlaryň her birinde bolsa Türkmenistanyň Prezidentine tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözleri we ýakymly arzuwlary beýan edildi.


Milli Liderimiz duşuşyga gatnaşan aýal-gyzlara ýakymly sözleri we arzuwlary üçin minnetdarlyk bildirip, sylaglanylanlary we Türkmenistanyň ähli zenanlaryny baýramçylyk bilen ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlady hem-de olara berk jan saglyk, zähmetde täze üsütünlikleri, maşgala abadançylygyny arzuw edip, şeýle diýdi:

“Goý, siziň ýüzüňiz bagtdan we şatlykdan hemişe nur saçyp dursun!

Goý, türkmen halkynyň bu gözellik we dirilik çeşmesinden gözbaş alýan durmuşy, dowamat-dowam bolsun!”

Şowhunly, dowamly el çarpyşmalar bilen kabul edilen bu sözler zenanyň mertebesiniň belent tutulýandygyna, türkmen jemgyýetinde olara uly hormat we sarpa goýulýandygyna güwä geçýär.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ýygnananlar bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.

... Şu günler tutuş ýurdumyzda jemgyýetimiziň ajaýyp wekillerini we ilkinji nobatda eneleri gutlaýarlar.

Biz nesilleri terbiýeläp ýetişdirýän we halkymyzyň taryhyny dowam edýän, mynasyp nesilleri ösdürýän hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyçlary bilen ruhlanan türkmenistanlylaryň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründäki ýörelgeleri berkarar etmek arkaly öz joşgunly zähmeti bilen eýe bolýan täze we täze belentliklerine, ajaýyp geljegine nur saçýan mährem enäniň öňünde baş egýäris.

cheshme:TDH
Okalan sany: 1334   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,09351 sek. ýüklenen baýt: 61026