NextTM hödürleýar
Halanan ýazgylar
Bölümler
Soňky jogaplar
Paýtagtymyzyň Milli olimpiýa sport köşgünde ýaýbaňlandyrylan görkezme çykyşlary baýramçylyk çäreleriniň dabarasyny artdyrdy. Sportuň gyşky görnüşleriniň ýurdumyzda barha meşhurlyga eýe bolmagy geljekgi üstünlikleriň başlangyjydyr. Buz üstündäki oýunlar bilen meşgullanýan ýaşlaryň gün-günden kämilleşmegi ussatlaryň kemala gelmegini upjun eder.
Halkara zenanlar güni mynasybetli paýtagtymyzda çeper gimnastika boýunça geçirilen bäsleşikler öran netijeli boldy. Ol türgenlere tejribe toplamaga mümkinçilik berdi.
Türkmenistan ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy atly V-nji uniwersiýadanyň çäklerinde talyplaryň arasynda basketbol boýunça badalga berlen ýaryş netijeli häsiýeti bilen tapawutlanýar. Mälim bolşy ýaly ýaryşa ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinden toparlar gatnaşýar. Jemi 16 toparyň çykyş edýän bäsleşiginde oýunlar çekeleşikli ýagdaýda geçýär. Duşuşyklar talyplaryň kämilleşmeklerine ýardam edýär.
Başgada baýrama bagyşlanan sport yaryşlary welaýatlarymyzyň ählisinde hem geçirildi.