Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Ýahtingiň taryhy
Ýazylan wagty: 10 марта 2014 Ýazan NEXTTM

Ýahtingiň taryhy

Öň ýahta diýlip gollandiýalylaryň deňiz galtamanlaryň yzyndan kowmak üçin ulanan ähli ýeňil, çalt ýöreýän gämilerine aýdylypdyr. Şonuň üçin hem käwagty olaryň watany diýip Niderlandiýa hasaplanylypdyr. Emma ýahtalaryň ikinji  watany  diýip Beýik Britaniýany hasap etmek dogry bolardy. Iňlis şasy Çarlz II (1630-1685) döwründe olardan syýahatçylyk maksatlarynda peýdalanyp başlapdyrlar.

Agaçdan edilen ýahtalar heniz hem gurulýar, emma diňe aýry-aýry sargytlar boýunça. Bütin dünýä meşhur regatalara gatnaşýan ýokary tizlikli ýaryş ýahtalar üçin bolsa uglerodly süýüm ulanylýar.

Häzirki zaman ýahtalarynda ýeliň akymyny gowy tutýan ýokarynetijeli ýelkenler bar. Ýahtanyň uzynlygy we ýelkenleriň meýdany gaýygyň tizligine täsir edýär. Bu ölçegler näçe uly bolsa, siziň ýahtaňyz hem öz maksadyna tarap şonça-da çalt uçar. Suwa sygyş göwrümi, tersine, tizlige erbet täsir edýär, emma gäminiň uly suwa sygyş göwrümi we suwa batyş derejesi onuň berkligini ýokarlandyrýar, ol has gowy dolandyrylýar. Ýahtalaryň kireýine berilmegi bize bu dünýä aralaşmaga we özüňi ýahtsmen ýaly duýmaga mümkinçilik berýär.

Gämiler dynç almak üçin baryp gadymy döwürlerde-de ulanylypdyr. Köp gadymy şalaryň diňe wagty hoş geçirmek üçin niýetlenen öz şahsy gämileri bolupdyr. Çarlz II ýahta sportynyň ösmegine we olaryň “dynç almak üçin niýetlenen gämi” hökmünde ulanylmagyna itergi beripdir. Belkem, eýýäm şol wagtlarda ýahtalary kireýine almak mümkinkinçiligi bolandyr.

Geçen asyryň 50-nji ýyllaryna çenli ähli ýahtalar, esasan, agaçdan edilipdir. Emma ösüş ondan hem uzaga gitdi. Ýahtalaryň gurluşygy üçin aýna süýümi, polat, alýuminiý we plastik massa ulanylýar. Edil şeýle materiallar katerleriň gurluşygynda hem ulanylýar.

Motorly katerler şu gün ýahtalaryň iň meşhur we giň ýaýran görnüşidir. Olar ykjam we ýokary tizlikli bolup, ýelkenli katerlerden tizligi,oňaýlylygy we aňsat dolandyrylýanlygy bilen ep-esli tapawutlanýarlar. Kateriň kireýine alynmagy giňden ýaýrandyr. Köp ýagdaýlarda, gaýygyň satyn alynmagy ýa-da kireýine alynmagy barada gürrüň gidende, motorly ýahta göz öňünde tutulýar. Olaryň ölçegi, tizligi we bahasy boýunça tapawutlanýan görnüşleri bar.
Standart  vip  kateriň bahasy 100 müň dollardan başlaýar. Uzynlygy 10 metra golaý,  tizligini 17 uzela (30 km/sag.) çenli ulaldyp bilýän, Azimut, Princess ýa-da Feretti tipli ykjam katerleriň bahasy edil şeýledir. Ondan ýokary derejeli ýahtalar uly göwrüme we has ýokary tizlik görkezijilerine eýe – olaryň uzynlyklary 30 metre çenli, tizlikleri 20-25 uzela çenli ýetýär. Bu hili gaýyklaryň bahasy 500-700 müňe çenli ýetýär. Ondan bir dereje ýokarda premium-klas bar, olary megaýahtalar diýip atlandyrýarlar. Özleriniň 30 metrden geçýän uly ölçeglerine seretmezden, olar tizligini kreýseriňki ýaly 40 uzela çenli ulaldyp bilýärler. Bu derejä degişli ähli ýahtalarda dikuçar üçin meýdança, skuterler we gezelenç edilýän katerler, hatda kiçi suwasty gämileri bar.

Hatda iň ýönekeýje ýahtalar hem ýokary derejeli myhmanhanalar ýaly rahatlyk üpjün edýärler. Kiçiräk ýahtalarda 2-3 kaýuta we giň bezegjaý bolýar. Adatça, interýeriň dizaýny eýeleriň görkezişleri boýunça ýerine ýetirilýär. Megaýahtalaryň ajaýyp bezegleri barada gürrüň haçandan bäri iliň dilinden düşmeýär; olary bezemekde gymmatbaha metallaryň, agaçlaryň gymmatbaha görnüşleriniň we sungat eserleriniň ulanylmagy bu dereje üçin adaty zatdyr.

Siz haçan bolsa-da owadan motorly ýahtada syýahat edip gördüňizmi? Eger ýok bolsa, onda ýahtada birnäçe ýatdagalyjy günleri geçiriň! Eger siziň öz kateriňiz bolmasa – gaýgy etmäň. Katerleri kireýine almak mümkin. Motorly ýahtalar (vip katerler) ýahtalaryň başga görnüşleri bilen deňeşdirilende kireý bahasy boýunça iň gymmat we iň ajaýyp gämiler hasaplanýarlar.

Eger siz ýelkenler astynda ýuwaş-ýuwaşdan we gyssanman ýüzmegiň tarapdary bolmasaňyz we ep-esli aralygy az wagtyň içinde hem-de uly tizlikde geçmegi halaýan bolsaňyz, onda bu kater size gerek zatdyr. Bu ýahtalar siziň lezzet almagyňyz üçin niýetlenendir.

Ähli vip katerler ekipaj bilen bilelikde kireýine berilýär, ol siziň syýahatyňyzyň kateriň kireý alnan wagtynyň dowamynda has ýakymly bolmagyny üpjün edýär. Şeýle gämileri örän ussat, ökde kapitanlar dolandyrýarlar; naharhanada ýokary derejeli aşpezler – halkara aşhananyň tagamlary boýunça hünärmenler öz “jadyly eserlerini” döredýärler; kömekçiler myhmanlary biynjalyk etmezlik üçin aýry kaýutalarda ýaşaýarlar (ökde aşpez we hyzmatkärler isleg boýunça berilýär).

Siz islendik ýahtany: kiçi, arzan görnüşinden başlap bezegli, saýlamasyna çenli sargyt edip bilersiňiz .
Motorly ýahtalar tutuşlygyna ýa-da bölekleýin kondisirlenen bolmagy mümkin, uzynlygy onçakly uly bolman, diňe 2-4 myhmana niýetlenen bolmagy mümkin, ýa-da uly göwrümli bolup 10-12 myhmany kabul edip bilmegi mümkin.

Motorly ýahtanyň uzynlygy, onuň enjamlaşdyrylmagy, edilýän hyzmatyň derejesi – bularyň ählisi siziň islegiňize bagly bolar.

Owadan we howpsyz motorly ýahta ýa-da kater bu diňe bir moda goýulýan sarpa däl, eýsem siz hiç haçan arasyny el çekip bilmejek täsin galdyryjy dabaradyr. Soňky ýyllarda ýahting suw älemini gowy görýänleriň köpüsi üçin ýaşaýyş obrazydyr.

Kateri, şol sanda ýahtany kireýine “NSK-Servise” firmasynda almak mümkin. Eger motorly ýahtany satyn alasyňyz gelmese, ony kierýine almak mümkin. Ýeri gelende aýtsak, ýahtalary ýa-da katerleri kireýine almak satyn almakdan arzan düşer, alnan lezzet bolsa ömürlik ýadyňyzda galar.

Okalan sany: 640   Jogaplar: ( 3 )

Krassavchik
10 марта 2014

yahtada aylanyp gordum yaman gowyeken, hemmanizede maslahat beryan, awaza barsanyz aylanyp gorun!

Betman
11 марта 2014

Nesip etse shu tomus hokman aylanyp gormekci, gecen gezek pulum yetmedi bir az gymmadyragam shondadam aylanyp goresima gelyar

Krassavchik
12 марта 2014

bu yil indi bahalaryny azaldjak diydiler!!!


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05866 sek. ýüklenen baýt: 38164