Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
“Bedenterbiýe we sport” žurnaly
Ýazylan wagty: 16 февраля 2013 Ýazan NEXTTM
    Hormatly Prezidentimiz türkmen spordyny ösdürmek barada yzygiderli alada edýär. Taryh üçin örän gysga döwürde ençeme sport desgalary işläp başlady, häzirki wagtda hem Olimpiýa şäherçesiniň gurluşygy ýokary depginde alynyp barylýar. Beýleki pudaklar bilen bir hatarda sport, saglygy goraýyş ulgamyny osdürmek boýunça, olaryň maddy-tehniki binýadyny pugtalandyrmaklygyň çäklerinde häzirki zaman innowasiýa tehnologiýalaryny ornaşdyrmakda örän uly öňegidişlikler gazanylýar. Kämil inžinerçilik ylmynyň iň soňky gazanan netijelerine esaslanyp gurlan  bu sport binalarynda okuw sapaklaryny innowasiýa tilsimatlary, nano we bio-informasiýa tehnologiýalary esasynda ýokary derejede geçirilmegine şertler döredilendir. 2012-nji ýyldan bäri işläp başlan “Türkmenistan sport” teleýaýlymy tutuş türkmenistanlylaryň şatlygyna şatlyk goşdy, ylaýta-da ýaşlarymyzy has hem begendirdi we buýsandyrdy. Dünýäniň iri sport ýaryşlaryny türkmen dilinde göni ýaýlymda berilmekligi ýaşlaryň aňyna uly täsir etdi we olaryň sporda bolan höwesi has hem artdyrdy.
Hormatly Prezidentimiz karary esasynda “Bedenterbiýe we sport” žurnalynyň açylmaklygy spordyň ylmy esaslarda has giň öwrenilmekligine ýakyndan ýardam eder. Bu žurnalyň Milli spordymyzy ösdürmekde we ýaşlarymyzy watansöýjülik ruhynda terbiýelemekde iňňän uly ähmiýeti bardyr.  
Milli medeniýetimiziň aýratynlyklary esasynda gurulýän kämil sport binalary, umuman sport babatynda alynyp barylýan ähli işler diňe bir türkmen halkymyzyň däl, tutuş dünýä medenýetiniň we sungatynyň ajaýyp bir bölegine öwrüdi. Bu bolsa türkmen Milli sportunyň şan-şohratynyň we Berkarar döwletimiziň Bagtyýarlyk döwrüniň dabaralanýandygyny aňladýar.
Hormatly Prezidentimiziň Şahsy göreldesi ýaşlaryň bedenterbiýä we sporta bolan höwesini hasda artdyrýar. Bu gün Türkmenistanda müňlerçe, milliýonlarça ýaşlar sport bilen meşgullanýärlar. Adam saglygy iň gymmatly hazyna hasaplanylýan biziň eziz, bagtyýar ýurdumyzda Hormatly Prezidentimizizň öňe sürýän sagdyn ýaşaýyş ýörelgäniz tutuş halkymyzyň ýaşaýyş ýörelgesine öwrüldi.! Biziň her birimiz Milli spordymyzyň Halkara sport giňişliginde mynasyp ornuny tapmaklygy ugrunda gije-gündiz zähmet çekmeklige borçludyrys.
Ähli türkmenistanlylary, şol sanda ýaşlarymyzy “Bedenterbiýe we sport” žurnalynyň döredilip halkymyza yzygiderli gowuşýandygy bilen gyzgyn gutlaýarys. Bu žurnalynyň ökyjylarynyň köp bolmaklygyny we türkmen spordynyň belent sepgitlere ýetmegini arzuwlaýarys!        
  
Okalan sany: 808   Jogaplar: ( 3 )

Betman
16 февраля 2013

Bu Žurnaly nirelerden alyp okap bolýar? Iň bolmanda suratyny goýaýmaly ekeniňde awtor. pardon

marala
16 февраля 2013

Menemä  öňirä bir ýerlerde okapdym Sport hakynda gowy makalalar bolmaly. good

HEZRET
18 февраля 2013

Žurnaldaky bar zatlary saýta çykarsaňyz gyzykly bolardy.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,13844 sek. ýüklenen baýt: 32825