Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
Maýyl edijiligiň we owadanlygyň keşbi
Ýazylan wagty: 10 марта 2014 Ýazan NEXTTM
Maýyl edijiligiň we owadanlygyň keşbi

Türkmenistanyň Zenanlar guramasynyň yglan eden “Zenanlar – älem gözelligi” bäsleşiginiň jemi jemlendi. Iň gowy işleriň sergisi we ýeňijileriň hormatyna guralan dabara Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde geçirildi. 



Baharyň ilkinji günlerinde merkeziň eýwany kiçiräk galareýa öwrüldi. Bu ýerde suratkeşleriň, skulptorlaryň, keramikaçylaryň, zergärleriň we halyçylaryň, amaly-haşam sungatynyň ussatlarynyň işleri görkezildi. Işleriň ählisinde ylham beriji hökmünde zenanyň keşbi ör boýuna galýar. Özüne hem ussatlary, hem höwesjeňleri birleşdirip, bu bäsleşik ýürdüň häzirki zaman sungatynyň dürli-dürliligine baha bermäge şertleri döretdi. 


Bäsleşikde görkezilen işler özleriniň ussatlyk bilen ýerine ýetirilişi, reňkleriň dürli-dürliligi, özboluşly aýanlygy we çeprçilik taýdan özbaşdaklylygy bilen tomaşaçylarda we emin agzalarynda uly täsir galdyrdy. Bäsleşige gatnaşyjylar öz işleri arkaly täze görnüşleri gözleýmäge çalyşýandyklaryny, zenan keşbini ýokary derejede şahyrana beýan etmegi başarypdyrlar. 


Bäsleşigiň jemi boýunça emin agzalary her bir görnüş – surat çekmek, skulptura we keramika, zergärçilik sungaty, çeper surat we halk senetçilik sungaty boýunça ýeňijileriň bäşisini kesgitledi.

Irina IMAMKULYÝEWA, 
fotosuraty Ýu.ŞKURINIŇKI

TDH

Okalan sany: 1003   Jogaplar: ( 2 )

Sasoltan
10 марта 2014

Gör nähili ajaýyp sungat.

Betman
11 марта 2014

adam eli gyzyl gul diyilip koneler has dogry aydypdyrlar, owadan el hunarlerigood


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06205 sek. ýüklenen baýt: 33458