NextTM hödürleýar
Halanan ýazgylar
Bölümler
Soňky jogaplar
Giňden ýaýbaňlandyrylýan sport çäreleri ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesiniň barha rowaçlanýandygyny aýdyň görkezýär. Gecen dync güni Saglyk ýoluna çykylmagy sport basleşikleri bilen utgaşdy. Tämiz howada belentlige tarap her bir ädim maksada okgunly ynama beslendi. Ýaz paslynyň ajaýyp günlerinde saglyk ýolunyň gözelligi hemem belentlikleri has hem gözel görünýär. Jana şypaly dag howasy tebigatyň gözel görnüşleri göwnüňi göterýär. Seýle ruhybelentlik saglyk ýoluna çykanlaryň ählisini gurşap aldy. Medeniýet institutynyň, Türkmen Milli Konserwatoriýasynyň, Çeperçilik Akademiýasynyň, orta okuw mekdepleriniň talyplarynyň batly gadamlary üstünlikleriň aýdyň beýanyna öwrüldi.
Sagdyn durmuş türkmenime ýörelge,
Howandarym il – günüme görelde,
Kalbym joşýar bu pursady göremde,
Arkadagym saglyk ýolundan barýar.
Ruhymyzy göterip al – asmanda,
Dar howasy şypa berýär ynsana,
Mähir – muhabbeti çaýyp çar ýana,
Arkadagym Saglyk ýolundan barýar.
“Saglygym – baýlygym” diýýändir türkmen,
Pederler pendine uýýandyr türkmen,
Ozaldan binýady gurulan berkden,
Arkadagym Saglyk ýolundan barýar.
hacan gidyaniz? manada aydyn menem gitjek, ondadam Mayichka sizin bilen gitsem has-da gyzykly bolar
Saglyk ýoluny geçmesem boljak däl, agramym azajyk artyp barýar şu dynç güni men 8 kilometri heziller edip geşjek. Kimde-kim sagdyn bolasy gelýän bolsa, meniň bilen saglyk ýola gitsin.