NextTM hödürleýar
Halanan ýazgylar
Bölümler
Soňky jogaplar
Döwletmämmet Azadynyň düýşi.
- “Ýaz düýşüniň ýary ýalan, gyş düýşüniň bary ýalan” diýipdirlerem-ä welin, halypa, öten agşam bizem-ä geň galaýmaly düýş görendiris.
- Aýdyň, Döwletmämmet molla, erenler düýşi, pygamberler ýorgudy bolsun.
- Daňa golaý elime bir düwme gowşurýarlar. Gabarasy goçagam däl ýaly welin, şeýle bir şirin owazy bar, hoşuň gelsin. Süňňüňe sarsgyn salşyna, ed-dil aňkaňy aşyryp gelýär. Onuň nägeňsi gudratlygyny soramda-da: “Munuň mukamy magrypdan maşryga ýetäýmelidir” diýşip otyrlar.
- Dogrudanam, düýşüňiz-ä oraşan ýaly. Ýöne aýtsaňyzlaň, zagypaňyz hamyla dag-a däldir-dä?
- Hamyladyr özün-ä.
- Onda siziň ogluňyz bolup, onuň pähim-paýhasdyr hoş zybanlyk owazasam magrypdan maşryga ýaň salar, Döwletmämmet molla - diýip, bu düýşüň ýorgudy ýetirilensoňam, uzaga galman Magtymguly Pyragy dünýä inipdir.
Asyl Döwletmämmet molla öňünden belli şahyr oglunyň boljagyny bilipdir ekendä.
bagyshlan Hamyla sozi namani anladyar bilenizokmy,
Ine şeýlelikde Magtymguly pyragy dünýä inipdir.