Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
OL "OTUM-ORAGYM" DIÝÝÄR-Ä
Ýazylan wagty: 11 марта 2014 Ýazan Mayichka

OL "OTUM-ORAGYM" DIÝÝÄR-Ä


Keýmir kör bir ýola Annaseýit wekil dagy bilen ýaýlymly küreniň içinden geçmeli bolýar. Obanyň orta gürpüne ýetiberenlerinde, olara çaganyň aglamyşlaýan sesi eşidilýär. Şonda Keýmir aga töweregindäkilere yşarat edişine, atynyň jylawyny çekýär:
Diňşirgenip durşuna-da:
- Merez! Zäher! Zakgun! Haý, sesine suw sepilmiş-ä - diýip, käýinjiräp ugraýar. Soňam hyrçyny dişleýşine, ýoluny dowam etdirýär.
Esliräk ýörelensoň, ýene-de bir oglanjygyň agy sesi gulaklaryna ilýär. Şol halat Keýmir ýaşuly ýanyndakylara elini salgaýşyna, üzeňňä galyp:
- Hany, hany!
Biraz tagapyl kylyň! Be, be, gerçegim! Heý, beýdip ökdin-ökdin edibem adam aglarmy? Goýaweri. Aýp bor-a! Seň ýaly ogla, asylha-da, aglamak ýaraşanog-a - diýşine, ugramak bilen bolýar.
- Keýmir aga! Biz-ä size düşünen daldiris. Öňküjän-ä döwdüň, soňkujanam öwdüň. Aýtsaňyzlaň! Bizem olaň sebäbini eşidäýsek.
- Sebäbini diňläsiň gelse, Annaseýit kethuda, ilki peläket-ä “Oturym-oragym”, ýaňkyja ballymam “Atym-ýaragym” diýip aglaýar ekeni.


Okalan sany: 440   Jogaplar: ( 3 )

Mayichka
11 марта 2014

gör bu sözüň manysyna düşündüňizmi?

Mayichka
11 марта 2014

Sasoltan senem geldiňmi, hekaýajyk gyzykly ekenimi.

Betman
11 марта 2014

goodSasoltan eshtmedik bolyamy? hekaya gyzyklyjablush


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06569 sek. ýüklenen baýt: 32199