Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
“Ýylyň zenany” bäsleşiginiň ýeňijileri
Ýazylan wagty: 12 марта 2014 Ýazan NEXTTM
“Ýylyň zenany” bäsleşiginiň ýeňijileri

Türkmenistanyň Jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde “Ýylyň zenany” bäsleşiginiň ýeňijileriniň hormatyna dabara geçirildi. Türkmenistanyň Zenanlar guramasy tarapyndan 2012-nji ýyldan bäri geçirilýän bu bäsleşige Türkmenistanyň ähli sebiti, obalaryň, şäherçeleriň, etraplaryň şäherleriniň, welaýat merkezleriniň we paýtagtyň ýaşaýjylary goşulyşdylar. Her bir derejäniň ýeňijisi ýeňiji diýen at ugrunda göreşdiler hem-de her welaýatyň we paýtagtyň wekilleriniň 42-si jemleýji bäsleşige gatnaşdylar. 



Bäsleşik ýedi ugur boýunça geçirildi. Bäsleşigiň şertlerine laýyklykda bäsleşige gatnaşyjylaryň her biri emin agzalaryna özi, öz işi, maşgalasy baradaky wideoýazgyny, şeýle hem bäsleşiklerde gazan üstünliklerine, zähmetde we durmuşda gazanan üstünliklerine şaýatlyk edýän diplomlaryň we hormat hatlarynyň albomyny görkezdiler. 

“Ýylyň zenany” bäsleşiginiň ýeňijisi diýlip telekeçi, “Jana” firmasynyň direktory Aýnabat Azymowa; Ahal welaýatynyň Babadaýhan etrabyndan öý hojalykçy Orazbagt Gulahmedowa; Balkan welaýatynyň Hazar şäheriniň medeniýet bölüminiň işgäri Oraztäç Ylýasowa; Mary welaýatynyň Baýramaly şäheriniň 8-nji çagalar bagynyň işgäri Eneş Orakowa; Türkmenistanyň IIM bölüm müdiri Akjagül Galmykowa; Daşoguz welaýatynyň Görogly etrabynyň Aksaraý geňeşliginiň arçyny Erikgül Kadyrowa; Lebap welaýatynyň Türkmenabat şäheriniň “Dünýägözel” firmasynyň telekeçisi Lala Babakulyýewa dagy yglan edildi. “Döwrüň waspçy zenany” ady bilen geçirilen ýörite bäsleşigiň ýeňijisi diýlip Türkmenistanyň Halk ýazyjysy Gözel Şagulyýewa yglan edildi. 

Jemgyýetçilik guramalary merkezini dolduran tomaşaçylar bäsleşigiň ýeňijilerini el çarpyşmalary bilen gutladylar. Türkmenistanyň Zenanlar guramasynyň Merkezi geňeşi zenanlara öz gutlagyny ýollady. Türkmenistanyň Halk ýazyjysy Gözel Şagulyýewa özüniň iň gowy goşgularyny bu ýere ýygnanlara okap berdi. Meşhur aýdymçylar we sazandarlar aýdym-saz bilen çykyş etdiler. 

Bäsleşigiň ýeňijilerine hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Şeýle hem bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşanlaryň ählisi hormat hatlary we sowgatlar bilen sylaglandy.

Irina IMAMKULYÝEWA, 

fotosuraty ÝU.ŞKURINIŇKI

TDH

Okalan sany: 610   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06272 sek. ýüklenen baýt: 33691