Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN BELARUS RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
Ýazylan wagty: 12 марта 2014 Ýazan NEXTTM

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BILEN BELARUS RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
Sişenbe, 11 mart 2014

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Belarus Respublikasynyň Prezidenti Aleksandr Lukaşenkonyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik boldy.

Iki ýurduň Prezidentleri birek-birek bilen mähirli salamlaşyp, telefon arkaly söhbetdeşlikde deňhukuklylyk we özara bähbitlilik ýörelgelerine daýanýan döwletara gatnaşyklarynyň geljegi hakynda pikir alyşmaga, şeýle hem özara gyzyklanma bildirilýän halkara syýasatynyň birnäçe ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga dörän mümkinçilige kanagatlanma bildirdiler.

Iki ýurduň Liderleri ýokary derejede bolan ikitaraplaýyn saparlar mahalynda Aşgabatda we Minskide geçirilen gepleşikleriň netijeli häsiýete eýe bolandygyny we türkmen-belarus gatnaşyklarynyň ösmegine kuwwatly itergi berendigini bellediler. Baglaşylan ikitaraplaýyn ylalaşyklaryň durmuşa geçirilişine oňyn baha bermek bilen, Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň Baştutanlary döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de çuňlaşdyrylmagyna taýýardyklaryny tassykladylar we onuň ileri tutulýan ugurlaryny kesgitlediler.

Belarus Türkmenistanyň möhüm hyzmatdaşy bolup durýar diýip bellemek bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň yzygiderli ösmeginiň, birnäçe iri bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň köpýyllyk, netijeli türkmen-belarus hyzmatdaşlygynyň aýdyň subutnamasydygyny aýtdy. Olaryň hatarynda iri senagat desgasy bolan Lebap welaýatynda kaliý dökünleriniň önümçiligi boýunça Garlykdaky dag magdanlaryny baýlaşdyryjy toplum bar. Şeýle hem Belarusdan biziň ýurdumyza häzirki zaman oba hojalyk tehnikalary yzygiderli ugradylýar.

Hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyny bellemek bilen, Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Aleksandr Lukaşenko söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-gumanitar ulgamlardaky gatnaşyklaryň mundan beýläk-de pugtalandyrylmagynyň, iki dostlukly ýurduň ykdysady taýdan ösmegine ýardam berýän täze bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň zerurdygyny nygtadylar. Şunuň bilen baglylykda, netijeli gatnaşyklary pugtalandyrmak üçin täze usullary kesgitlemek babatda ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparyna möhüm ornuň degişlidigi bellenildi. Aýdylyşy ýaly, bilelikdäki taslamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine taraplaryň ylalaşyşlaryna görä, ýakyn wagtda bu ugur boýunça geňeşmeleriň geçirilmegi ýardam berer.

Döwletara gatnaşyklarynyň möhüm bölegi bolup durýan gumanitar ulgamdaky hyzmatdaşlyk meseleleri gürrüňdeşligiň esasyny düzdi. Iki ýurduň Baştutanlary bilim, ylym, medeniýet, sport we syýahatçylyk boýunça gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga ikitaraplaýyn gyzyklanmalaryň bardygyny tassykladylar.

Halkara we sebitleýin syýasatyň birnäçe möhüm ugurlary boýunça pikir alyşmalaryň barşynda söhbetdeşler Türkmenistanyň we Belarus Respublikasynyň abraýly halkara guramalarynyň we düzümleriniň çäklerindäki netijeli hyzmatdaşlygy artdyrmaga bolan ikitaraplaýyn meýilleri mälim etdiler.

Telefon arkaly bolan söhbetdeşligiň barşynda döwlet Baştutanymyz Belarusyň Liderine Belarus Respublikasyna gelip görmäge we hokkeý boýunça maý aýynda geçiriljek dünýä çempionatynyň hormatly myhmany bolmaga aýdan çakylygy üçin minnetdarlyk bildirdi. Şol döwürde daşary ýurtlara birnäçe saparlaryň meýilleşdirilendigini aýtmak bilen hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Belarusa baryp bilmejekdigini aýtdy. Pursatdan peýdalanyp, milli Liderimiz Prezident Aleksandr Lukaşenkony ýetip gelýän Belarus Respublikasynyň Konstitusiýa güni bilen gutlady we dostlukly ýurduň halkyna iň gowy arzuwlaryny aýtdy.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedow we Aleksandr Lukaşenko netijeli döwletara gatnaşyklarynyň mundan beýläk-de açyklyk we birek-birege düşünişmek esasynda ösdüriljekdigine ynam bildirdiler. Şeýle hem birek-birege berk jan saglyk, üstünlik, iki ýurduň halklaryna bolsa parahatçylyk we rowaçlyk baradaky arzuwlaryny aýtdylar.
Okalan sany: 426   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,08451 sek. ýüklenen baýt: 34563