Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Kik-boksing ýaryşy.
Ýazylan wagty: 12 марта 2014 Ýazan NEXTTM

Kik-boksing ýaryşy.  

Ruhubelent işleriň gözbaşynda saglyk dur. Ildeşlerimiz sagdyn durmuş ýörelgesine  eýermegi  häzir has-da ileri tutup, ony diýseň mertebeleýärler. Gysga döwrüň içinde gözümiziň alnynda ulydan-uly sport desgalary, toplumlar, stadionlar, mekdepler guruldy. Spoty ösdürmäge döwletimiz ummasyz serişde goýberýär. Munuň özi Milli Liderimiziň «Döwlet adam üçindir!» diýen baş ýörelgesiniň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň güwäsidir. Ýakynda Türkiýäniň Antaliýa şäherinde geçirilen kik-boksing boýunça dünýä çempionaty geçirildi. Türkmen türgeni Mekan Amanow bu ýaryşda bürünç medalyň eýesi bolmagy başardy. Ol 67 kilograma çenli agram derejesinde hormat münberiniň üçünji basgançagyna çykdy. Biziň watandaşlarymyzyň ýene-de ikisi Şöhrat Hallyýew we Hudaýguly Kömekow 63,5 kilogram we 51 kilogram agram derejelerinde dünýäniň iň gowy kik-boksçylarynyň bäşisiniň hataryna girdiler. 

Mekan Amanow ringde dört tutlyşyk geçirdi. Şolaryň birinjisinde ol ukrainaly türgen Oleg Fedorenkony ynamly ýeňdi, soňra eýranly Rohulla Zaden Majitden üstün çykdy. Çärýek finalda bolsa Belarusdan bolan bäsdeşi Oganez Safarýany ýeňdi, emma çekeleşikli tutluşykda ýarym finalda utuklar boýunça gazagystanly E. Kassambaýewden asgyn geldi. Dünýäniň güýçli türgenlerini ýygnan çempionatda ussatlaryň bäşisiniň hataryna girmegiň özi hem mynasyp netijedir. Bu at gazanan tälimçi, Türkmenistanyň kik-boksing merkeziniň başlygy Aleksandr Snagowskiniň şägirtleriniň halkara sport arenasynda gazanan ilkinji üstünligi däldir. Mysal üçin, Ş.Hallyýew geçen ýylyň tomsunda Koreýanyň Inçhon şäherinde geçirilen Ýapyk binalarda we söweş sungatlary boýunça IV Aziýa oýunlarynda kümüş medala mynasyp boldy, H.Kömekow bolsa geçen ýyl sportuň şu görnüşi boýunça Aziýanyň çempiony bolmagy başardy.Ýapyk binalarda we söweş sungatlary boýunça Aziýa oýunlary baradaky gürrüňi gozgamak bilen, yklym derejesindäki şunuň ýaly ýaryşlaryň indiki gezek 2017-nji ýylda Milli Liderimiziň başlangyjy bilen gurulýan Olimpiýa şäherçesinde geçiriljekdigini ýatlasak artykmaçlyk etmez. 

Koreýa Respublikasynda geçirilen Aziadada türkmenistanly türgenler kikboksing boýunça ýaryşlarda medallaryň ikisini altyn we bürünç medallaryny gazanandygyny bellemek gerek. Munuň özi Türkiýede geçirilen dünýä çempionatynyň netijelerini nazara alanyňda Aşgabatda geçiriljek Aziýa oýunlarynyň biziň watandaşlarymyzda öz güýçlerine bolan uly ynamy döretjekdigine şaýatlyk edýär. Bu bolsa biziň türkmen kikboksçylarymyzyň gatnaşmagynda ençeme gyzykly tutluşyklarynyň şaýatlary boljakdygymyzy aňladýar.

Okalan sany: 441   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05967 sek. ýüklenen baýt: 31700