Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW PAÝTAGTYMYZ WE AHAL WELAÝATY BOÝUNÇA IŞ SAPARYNY AMALA AŞYRDY
Ýazylan wagty: 13 марта 2014 Ýazan NEXTTM

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW PAÝTAGTYMYZ WE AHAL WELAÝATY BOÝUNÇA IŞ SAPARYNY AMALA AŞYRDY

12-nji mart güni hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow paýtagtymyz we onuň töwerekleri, şeýle hem Ahal welaýaty boýunça iş saparyny amala aşyryp, dikuçaryň üstünden ol ýerde ýaýbaňlandyrylan işleriň, şol sanda birnäçe iri gurluşyk taslamalaryny durmuşa geçirmek boýunça işleriň barşy bilen tanyşdy.

Mälim bolşy ýaly, Aşgabatda ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn şähergurluşyk maksatnamasy türkmen döwletiniň Baştutanynyň yzygiderli üns merkezinde durýar. Şunda öňdebaryjy gazanylanlaryň, innowasion tehnologiýalaryň we iň oňat dünýä tejribeleriniň işjeň ornaşdyrylmagy, adamlaryň durmuşynyň täze, ýokary ülňüleriniň üpjün edilmegi paýtagtymyzy, şeýle hem ýurdumyzyň hemme sebitlerini gurşap alan giň möçberli özgertmeleriň amala aşyrylmagynda esasy ugurlar bolup çykyş edýär. Muňa Türkmenistanda eýýäm bina edilen we häzirki wagtda hemme künjeklerde gurulýan durmuş-medeni, önümçilik, ulag-aragatnaşyk we beýleki ähmiýetli täze desgalar, şäherleriň we obalaryň döwrebap düzümleriniň kemala getirilmegi ajaýyp subutnama bolup durýar.

Dikuçaryň üstünden milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Aşgabatdaky täze gurluşyklaryň ýagdaýy, şol sanda durmuş, dolandyryş we beýleki ähmiýetli täze desgalaryň iri toplumlarynyň gurluşygy alnyp barylýan paýtagtymyzy gurmagyň 12-nji we 13-nji nobatdakylarynyň taslamalarynyň durmuşa geçirilişiniň barşy bilen tanyşdy. 

Mälim bolşy ýaly, 12-nji nobatdaky desgalaryň gurluşygy şäheriň merkezi awtoulag ýollarynyň biri  —  A.Nyýazow adyndaky şaýoly boýunça alnyp barylýar. Onuň iki tarapyndan hem ýokary amatlykly köp gatly ýaşaýyş jaýlarynyň täze toplumy bina edilýär. Olar, şeýle hem durmuş häsiýetli beýleki täze gurluşyklar  ýurdumyzyň birnäçe ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň buýurmalary boýunça gurulýar. Olaryň töwerekleriniň abadanlaşdyrylan çäklerinde çagalar we sport meýdançalary, dynç alyş üçin, jemgyýetçilik çärelerini geçirmek üçin ýerler ýerleşer. Şeýle hem taslama boýunça her biri 160 orunlyk bolan çagalar baglarynyň hem-de her biri 600 orunlyk umumybilim berýän orta mekdepleriniň gurluşyklary batly depginlerde alnyp barylýar. 

13-nji nobatdaky desgalar şäheriň günorta künjeginde — Oguzhan köçesiniň ugrunda bina edilýär. Ol ýaşaýyş jaýlarynyň iri toplumydyr. Onuň hatarynda ýurdumyzyň ministrlikleriniň we edaralarynyň buýurmalary boýunça gurulýan ýokary amatlykly köp gatly ak mermerli ýaşaýyş jaýlary, döwlet edaralarynyň we düzümleriniň birnäçesi üçin täze dolandyryş binalary, beýleki ähmiýetli desgalar bar. Mundan başga-da, taslamada her biri 600 orunlyk bolan orta mekdepleriň ikisiniň, her biri 160 orunlyk çagalar baglarynyň ikisiniň we Saglyk öýüniň gurluşygy göz öňünde tutulýar. Bu ýerde söwda we hyzmatlar pudagynyň degişli düzümi dörediler, şeýle hem awtoulag duralgalary bina ediler. Hormatly Prezidentimiziň tabşyrygyna laýyklykda, dürli maksatly binalaryň taslamalary düzülende olarda adamlaryň  wagtyny gyzykly we peýdaly geçirmekleri, şol sanda bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaklary üçin şertleriň döredilmegi esasy mesele bolup durýar.   

13-nji nobatdaky taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň hususy gurluşyk kompaniýalaryna  —  Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalaryna ynanylmagy bellärliklidir. Ýurdumyzyň telekeçileriniň häzirki wagtda ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan iri möçberli özgertmeler maksatnamalarynyň amala aşyrylmagyna örän işjeň gatnaşýandyklary milli ykdysadyýetimiziň uly kuwwata eýe bolan döwlete degişli däl ulgamynyň depginli ösýändigine aýdyň şaýatlyk edýär. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow  gurulýan binalaryň keşbinde gadymy milli binagärligiň we häzirki zaman binagärligiň gazananlarynyň sazlaşykly utgaşmalydygyny belläp, şunda gurluşyk we beýleki degişli işleriň ählisiniň ýokary hilli bina edilmeginiň we olaryň ulanyşa tabşyrylyş möhletleriniň öz wagtynda amala aşyrylmagynyň  möhüm talap bolup durýandygyny nygtady. Şol bir wagtda döwlet Baştutanymyz ýaşaýyş jaýlar gurlanda adamlaryň durmuşy üçin mümkin bolan ähli amatly şertleri üpjün etmek maksadynda hemme zerur bolan inžener-tehniki we beýleki degişli düzümleriň döredilmegini goşmak bilen  birlikde oýlanyşykly çemeleşilmelidigini belledi. 

Milli Liderimiz iş saparyny dowam edip, 15-nji martda boljak  ählihalk ýowarynyň  geçirilmegi bilen baglanyşykly meseleler bilen gyzyklandy. Wise-premýer Ş.Durdylyýew döwlet Baştutanymyza ýowar mahalynda köpçülikleýin bag ekiljek ýerleri görkezdi we bu çärä taýýarlyk görlüşi barada hasabat berdi. Milli Liderimiz dikuçaryň üstünden paýtagtymyzyň we onuň töwereginiň gök zolagynyň ýagdaýy bilen tanyşdy. Şunda hormatly Prezidentimiz baglara yzygiderli ideg etmek we olary döwrebap tehnologiýalary, şol sanda damjalaýyn suwaryş tehnologiýasyny peýdalanmak bilen suwarmak barada görkezme berdi. Döwlet Baştutanymyz öňde boljak ählihalk ýowaryna ünsi çekip, wise-premýerlere “Türkmenistan — bagy-bossan, ata Watan  —  gül-gülüstan” diýen şygar  astynda geçiriljek bu asylly çärä guramaçylykly taýýarlyk görmegi tabşyrdy. 

Ýeri gelende aýtsak, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, şu ýyl  ministrliklere, pudak edaralaryna, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimliklerine paýtagtymyzda, onuň töwereginde we welaýatlarda saýaly, pürli we miweli baglaryň we üzümiň jemi 3 million nahalyny oturtmak tabşyryldy. Şeýlelikde, döwlet ekologiýa syýasatyny amala aşyrmakda nobatdaky uly ädim ädildi. Hormatly  Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, yzygiderli geçirilýän umumymilli bag ekmek möwsümleri diňe türkmen topragynyň gözelligini artdyrmaga däl-de, eýsem, biziň ýurdumyzyň ekologiýa ýagdaýyny berkitmäge,  adamlar üçin  oňaýly durmuş şertlerini döretmäge,  olaryň göwnejaý dynç almagyna gönükdirilendir. Şonuň üçin şunda ähli meseleleri  —  baglaryň häsiýetli aýratynlyklaryny we dürli sebitleriň toprak-howa şertlerini nazara almak bilen, agaç nahallarynyň görnüşlerini seçip almakdan başlap, tokaý-seýilgäh zolaklaryny abadanlaşdyrmaga we  baglara ideg etmegiň dogry guralmagyna çenli bar bolan ähli meseleleri çözmäge oýlanyşykly çemeleşmek zerur bolup durýar. 

Döwlet Baştutanymyz dikuçaryň üstünden Aşgabadyň günorta böleginde gurulýan Mejlisler merkeziniň gurluşygynyň barşy bilen hem tanyşdy. 

Milli Liderimiz iş saparyny dowam edip, paýtagtymyzyň günorta-gündogar künjegindäki halkalaýyn aýlaw ýolunyň golaýynda “Çagalar dünýäsi” dynç-alyş seýilgähiniň ýerleşjek ýerini kesgitledi. Ozal habar berlişi ýaly, bu seýilgähiň taslamasy geçen duşenbe güni göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatynda Ahal welaýatynyň häkimi tarapyndan döwlet Baştutanymyzyň garamagyna hödürlendi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz geljekde seýilgähde dynç aljaklaryň ilkinji nobatda ýaş türkmenistanlylaryň  —  paýtagtymyzyň we Ahal welaýatynyň ýaşaýjylarynyň, şeýle hem myhmanlaryň  wagtlaryny gyzykly geçirip bilmegi üçin zerur bolan şertleri  döretmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz dikuçaryň üstünden awtomobillere ýangyç guýujy beketleri gurmak boýunça işleriň barşy bilen hem tanşyp, olarda awtoulaglaryň sürüjileriniň amatlylygy üçin şertleriň göz öňünde tutulmalydygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz Ahal welaýatynyň çäklerinde we paýtagtymyzyň demirgazyk künjeginde bina edilýän gurluşyklaryň barşy we olaryň depgini bilen hem tanyşdy. Ýolugra döwlet Baştutanymyz welaýatyň oba hojalyk ekinlerini gözden geçirip, ekin meýdanlarynyň ýagdaýyna we bu ýerde geçirilýän möwsümleýin meýdan işlerine aýratyn üns berdi. 

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz  dikuçardan Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Gökdere obasynda atçylyk zawody üçin athananyň we işgärlere niýetlenen ýaşaýyş jaýlarynyň guruljak ýerleri bilen tanyşdy. Bu desgalary Halkara atçylyk toplumynyň günbatar tarapynda bina etmek meýilleşdirilýär. 

Atçylygy ösdürmek, türkmen halkynyň bu gadymy sungatynyň şöhratly däplerini gorap saklamak we dowam etmek meseleleriniň döwletiň hemişe üns merkezinde durýandygyny belläp, milli Liderimiz ady agzalan desgalaryň gurluşygyna degişli birnäçe anyk görkezmeleri berdi. 

Mälim bolşy ýaly,  obasenagat toplumyny—uly kuwwata eýe bolan milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagyny depginli ösdürmek we döwrebaplaşdyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan Türkmenistanyň döwlet syýasatynyň ileri  tutulýan ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunda obalarda düýpli özgertmeleri geçirmäge, şol sanda ýurdumyzyň hemme sebitlerinde täze döwrebap obalary we şäherçeleri gurmaga, daýhanlaryň we maldarlaryň durmuş şertlerini yzygiderli gowulandyrmaga aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, fewralyň ahyrynda bolup geçen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiziň Türkmenistanyň raýatlaryna oba ýerlerinde şahsy kömekçi hojalygy alyp barmak (mellek) üçin hem-de şäherlerde we şäherçelerde özbaşdak ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin ýer böleklerini hususy eýeçilige bermek boýunça ýörite ýer gaznalarynyň möçberini tassyklap, Karara  gol çekendigini ýatlalyň. 

Iş saparynyň barşynda döwlet Baştutanymyz Ahal welaýatynda täze obalaryň gurluşygy boýunça alnyp barylýan işleriň ýagdaýy bilen tanyşdy. Şeýle obalaryň biri Gökdepe etrabyndaky Ýandaklyagyz obasynyň golaýynda kemala gelen täze obadyr. Bu ýerde döwrüň ruhuna we talaplaryna laýyk gelýän zerur bolan hemme durmuş-ykdysady düzümler göz öňüne tutulypdyr. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow dikuçardan täze obanyň gurluşygynyň  hem-de bu obanyň täze keşbiniň ýagdaýy bilen tanyşdy. 

Hormatly Prezidentimiziň dikuçarda uçuşyny dowam edip, Ahal welaýatynyň Derweze etrabynyň Ýasmansalyk obasynyň çäklerinde gondy. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Mejlisiň Başlygy,  Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň käbir orunbasarlary, birnäçe ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, Ahal welaýatynyň we Aşgabat şäheriniň häkimleri garşyladylar. Bu ýerde hormatly Prezidentimiziň garamagyna Ahal welaýatynda täze obalary  gurmak göz öňünde tutulan durmuş we beýleki maksatly desgalaryň taslamalary hödürlendi. 

Döwlet Baştutanymyz ilki Ahal welaýatynyň Derweze etrabynyň çäginde gurulýan täze döwrebap obanyň Baş meýilnamasy bilen tanyşdy. Görkezilen taslamalaryň hatarynda geňeşligiň binasy, orta mekdep we çagalar bagy, Saglyk merkezi, Medeniýet öýi, bedenterbiýe-sagaldyş toplumy, Hyzmatlar öýi, Söwda merkezi, azyk we senagat dükanlary, aragatnaşyk bölümi, ýangyn howpsuzlyk gullugy üçin binalar bar. Obanyň çäklerinde şeýle hem seýilgäh ýerleşer.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bir we iki gatly ýaşaýyş jaýlarynyň  taslamalary bilen içgin tanyşdy. Oba durmuşynyň aýratynlyklaryny hasaba almak arkaly taslamalarda her bir howluda mal saklamak üçin ýatak, bassyrma, tamdyr, ekin ekmek üçin mellek ýeriniň abadanlaşdyrylmagy göz öňünde tutulýar. Umuman, täze obada 2 müň 094 hojalyk üçin ýaşaýyş jaýlarynyň 1müň 856-sy gurlar. Olaryň bir bölegi eýýäm bina edildi. Täze obanyň umumy meýdany 400 gektar bolar. 

Şonuň bilen bir hatarda, Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň “Gäwers” geňeşliginiň çäginde guruljak täze, döwrebap şäherçäniň hem-de Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň Ýandaklyagyz obasynyň golaýynda gurulýan obanyň baş meýilnamasy we taslamalary taýýarlanyldy.  

Alnyp barylýan işler barada döwlet Baştutanymyza Ministrler Kabinetiniň Baglygynyň orunbasary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň we Ministrler Kabinetiniň iş dolandyryjysy Ş.Durdylyýew hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Italmazow täze gurulýan desgalary zerur bolan gurluşyk serişdeleri bilen üpjün etmek boýunça durmuşa geçirilýän çäreleri barada hasabat berdi. 

Wise-premýer M.Artykow täze obada elektrik energiýasy bilen üpjünçilik ulgamynyň we gara ýollaryň gurluşygy boýunça işleriň ýagdaýy barada hasabat berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Hojamuhammedow täze  ilatly ýerleri gazlaşdyrmak boýunça görülýän çäreler hem-de abadanlaşdyrmak bilen bagly amala aşyrylýan işler barada hasabat berdi.

Wise-premýer A.Ýazmyradow gurulýan täze obany suw bilen üpjün etmek we bagy-bossanlyga büremek, ýerleriň şorlaşmagynyň öňüni almak boýunça  durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi. 

Ýurdumyzyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýew bolsa öz gezeginde maliýe we bank hyzmatlaryny guramak boýunça görülýän çäreler barada habar berdi.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.Satlykow täze obanyň ýaşaýjylaryna döwrebap aragatnaşyk we telearagatnaşyk enjamlaryndan peýdalanylmagyny elýeterli etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. 

Wise-premýer P.Taganow täze obada söwda we hyzmatlar  ulgamynyň desgalarynyň gurluşygy boýunça çäreler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň bilim ministri G.Mämmedowa mekdepleriň we çagalar baglarynyň gurluşygy baradaky meseleler boýunça hasabat berdi.

Ýurdumyzyň Sport baradaky döwlet komitetiniň başlygy B.Orazow Derweze etrabynyň çägindäki täze obada bedenterbiýe-sagaldyş toplumynyň gurluşygy boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň medeniýet ministri G.Mämmedowa bu ýerdäki Medeniýet öýüniň gurluşygy boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministri N.Amannepesow öz gezeginde häzirki zaman saglyk merkezini gurmak bilen baglanyşykly durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň içeri işler ministri I.Mulikow bu ýerde täze ýangyn söndüriji we polisiýa bölümleriniň binalaryny gurmak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Ahal welaýatynyň häkimi M.Nurmämmedow welaýatda täze obalaryň gurluşygy we olaryň abadanlaşdyrylyşy bilen baglanyşykly durmuşa geçirilýän çäreler baradaky hasabat berdi. 

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabatlary diňläp we görkezilen taslamalar bilen tanşyp, olara birnäçe bellikleri aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu çärä gatnaşýan ýolbaşçylara gurulýan desgalaryň maksadyna laýyklykda bina edilmegi, olaryň ýanaşyk ýerleriniň abadanlaşdyrylmagy, ýollaryň gurluşygy, gurulýan binalaryň we desgalaryň gurluşyk serişdeleri bilen bökdençsiz üpjün edilmegi, täze obada döwrebap aragatnaşyk we inženerçilik-tehniki, söwda we hyzmatlar ulgamlarynyň döredilmegi bilen baglanyşykly birnäçe tabşyryklary berdi. 

Alnyp barylýan işleriň ýokary hil derejesiniň üpjün edilmeginiň möhümdigini bellemek bilen, milli Liderimiz täze binalarda adamlar üçin amatly ýaşaýyş we durmuş şertleriniň döredilmeginiň möhüm talap bolup durýandygyny aýratyn nygtady. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz täze obanyň bökdençsiz energiýa, suw we gaz  üpjünçiliginiň ýola goýulmagy, obada jemagat hojalygy we beýleki gulluklaryň işiniň sazlaşykly ýola goýulmagyny üpjün etmek  bilen bagly tabşyryklary berdi.  

Döwlet Baştutanymyz obada döwrebap mekdepleri we çagalar baglaryny gurmak meselesine hem ünsi çekdi. Bu oba ýaşlaryna täze döwrüň ruhuna gabat gelýän bilim we terbiýe almagyna, ýaşlary bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmaga çekmäge,   oba ilatynyň medeniýetli dynç almagy üçin şertleri döretmäge mümkinçilik berýär. Hormatly Prezidentimiz oba saglygy goraýyş edaralaryny öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün etmek, oba ilatyna ýokary hilli lukmançylyk hyzmatlaryny etmek boýunça hem zerur çäreleri görmegi tabşyrdy.  

Milli Liderimizi wise-premýer A.Ýazmyradowa we beýleki degişli ýolbaşçylara täze obanyň çäklerinde we onuň töwereklerinde agaç nahallaryny, şol sanda miweli baglary oturtmak barada tabşyryklary berdi. Şunda hormatly Prezidentimiz agaç nahallarynyň oňat kök urup,  kadaly ösmegi üçin ýerli toprak-howa şertlerini nazara almak bilen, degişli meselä ylmy esasda çemeleşmegiň möhümdigini belledi. Şeýlelikde, täze obada bagy-bossanlyk emele gelip, ol obany bezemek bilen çäklenmän, eýsem, umumy ekologiýa ýagdaýyna hem oňyn täsirini ýetirer, netijede adamlaryň saglygy üçin peýdaly bolar diýip, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. 

Soňra döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy A.Nurberdiýewa ýüzlenip, milli parlamentiň deputatlarynyň ýerlerde bolup, yzygiderli iş alyp barmaklarynyň, ilat arasynda ýurdumyzda kabul edilýän kanunlary, ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň maksatlaryny giňden düşündiriş işlerini alyp barmaklarynyň zerurdygyna ünsi çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary A.Goçyýewe ýüzlenip, obalarda karz serişdelerini bermek we bu babatdaky ýeňillikler bilen baglanyşykly meseleleri düşündirmek boýunça zerur işleri geçirmegi tabşyrdy.

Soňra döwlet Baştutanymyz täze obada gurlan, bir we iki maşgala üçin niýetlenen iki gatly ýaşaýyş jaýyna baryp gördi. Bu ýerde ýaşaýjylar üçin döredilen şertler bilen tanşyp, milli Liderimiz bu ýerdäki ýolbaşçylara ýüzlendi. Oba ilaty üçin ýaşaýyş jaýlary gurlanda ähli durmuş amatlyklaryny göz öňünde tutup, oba durmuşynyň aýratynlyklaryny nazara almak gerek diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. 

Gurluşygyň hili bilen bagly meseleleriň üstünde durup geçmek bilen, döwlet Baştutanymyz  işleriň ýokary hilli ýerine ýetirilmegi barada degişli ýolbaşçylara birnäçe anyk görkezmeleri berdi. Hormatly Prezidentimiz ýaşaýjylar üçin zerur bolan ähli amatly şertleriň döredilmegine ýene-de bir gezek ünsi çekip, bu ýerde adamlar üçin bu jaýlaryň gyşyna ýyly, tomsuna salkyn bolmalydygyny, ilatyň gündelik zeruryýetliklerden hiç hili kösençlik çekmeli däldigini aýratyn nygtady. Döwlet Baştutanymyz bu jaýlarda içki bezeg işleri, yşyklandyrylyşy degişli derejede ýerine ýetirilmelidir diýip belledi. Jaýlarda penjireleriň ýerleşişi, olaryň hili bilen gyzyklanyp, hormatly Prezidentimiz olaryň ýaşaýjylar üçin amatly bolmalydygyny belledi. Jaýlaryň aşhanalary hem döwrüň talabyna laýyk gelmelidir diýip, milli Liderimiz aýtdy. Hormatly Prezidentimiz şu jaýlarda ýaşajak oba ýaşaýjylaryň islegi öwrenilip, işler ýerine ýetirilse maksada laýyk bolar diýip belledi hem-de degişli ýolbaşçylara tabşyryklary berdi. 

Şunuň bilen baglylykda, oba ýerlerini toplumlaýyn gurmaga uly möçberde serişdeleri goýbermek bilen döwletimiziň oba ilatyna ösüşiň döwrebap eşretleriniň elýeterli bolmagy üçin ähli tagallalary edýändigini bellemek gerek. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýokary talaplaryna laýyk gelýän täze obalary we şäherçeleri gurmak boýunça amala aşyrylýan taslamalar hut şoňa gönükdirilendir. 

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz täze obalarda ýaşaýyş jaýlary we beýleki desgalar bina edilende gurluşyk işleriniň hiline berk gözegçiligi üpjün etmegiň möhümdigini aýtdy. 

Hormatly Prezidentimiz sözüni dowam edip,  ýerli häkimlikleriň we beýleki degişli düzümleriň wekillerinden ybarat ýörite toparlaryň döredilmegi maksada laýyk bolar diýip belledi. Olar ýaşaýjylaryň isleglerini göz öňünde tutup, degişli işleri alyp bararlar. Şeýle hem Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň gurluşyk boýunça  orunbasarynyň ýolbaşçylygynda hem-de Türkmenistanyň Gurluşyk ministrliginiň, beýleki birnäçe düzümleriň wekillerinden ybarat döwlet topary döredilmelidir. Bu topar täze şäherçeleri we obalary  ulanmaga bermegiň doly taýýarlygy barada hormatly Prezidentimize hasabat berer. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz wise-premýer M.Artykowa bu döwlet toparyny döretmek bilen bagly tabşyryklary berdi. 

Hormatly Prezidentimiz  iş saparyny jemlemek bilen, innowasion ösüşiň we uzakmöhletleýin geljegi nazara almagyň, sazlaşygyň we amatlylygyň, adamlaryň abadan durmuşy üçin ähli şertleriň döredilmeginiň paýtagtymyzda we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleri amala aşyrmakda daýanmaly bolan ugurlar bolup durýar diýip belledi. Biziň häzir, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe gurýan we döredýän ähli zatlarymyz ýokary talaplara gabat gelmelidir, çünki olar diňe türkmenistanlylaryň häzirki nesline däl-de, eýsem, geljekki nesillerine hem hyzmat etmelidir diýip, milli Liderimiz belledi. Şu nukdaýnazardan bu täze oba Türkmenistanda nusgalyk bolmalydyr diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy.  

Täze binalaryň we desgalaryň, şeýle hem täze obalaryň gurluşygy barada aýdylanda bolsa, şunda işleriň birkemsiz ýokary hilli alnyp barylmagy we desgalaryň öz wagtynda ulanmaga berilmegi esasy talap bolmagynda galýar. 

Hormatly  Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu ýere ýygnanan ýolbaşçylar bilen hoşlaşyp, olara öňlerinde goýlan jogapkärli wezipeleri çözmekde üstünlikleri arzuw etdi we özüne garaşyp duran dikuçara münüp, bu ýerden ugrady. 

cheshme:tdh.gov.tm
Okalan sany: 620   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06212 sek. ýüklenen baýt: 58564