Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Degişmeler
Futbol barada degişmeler...
Ýazylan wagty: 16 февраля 2013 Ýazan Betman
     Futbolçy bir çen bolansoň, futbol bilen meşgullanmasyny bes edensoň, iki hepdeläp düýş görýär. Düýşünde syçanlar futbolçylaryň geýmini geýip, edil adamlar  ýaly futbol oýnaýarmyşlar. Şeýle ýagdaý günde gaýtalanyp duransoň, ol ahyrsoňy kömek sorap lukmana ýüz tutýar. Lukman oňa ýekeje derman berýär-de: 
-Ine şujagaz dermanjygy ýatmankaň iç, onsoň düýşem görmersiň, syçanam- diýýär. Onda futbolçy:
-Luman jan, men dermany bu gün däl-de ertirden başlap içsem bolmazmyka – diýip soraýar.
Lukman geň galyp, sebäbini soraýar. Onda futbolçy:
- Bu agşam syçanlaryň final oýny bolýar. Şoňa tomaşa edip haýsy toparyň çempion boljagyny göräýjekdim-dä-diýýär.
                                                          ***

     Eger meniň tälimçim aýdan sözüni yzyna gaýdyp almasa, men indi şol toparda futbol oýnamaryn.
Näme ol seniň gaty göwnüňe degdimi, ol saňa näme diýdi.
Sen indi şu töwerekde gözüme görünme diýdi.
                                                          
                                                           ***

 Bir oglanjyk futbol görmek üçin petek satýandan 7-nji gezek petek aljak bolanda, satyjy ondan:
Sen eýýäm menden ýedinji gezek petek satyn alýarsyň, sen olary näme edýärsiň-diýip soraýar. 
Onda oglanjyk: Men her gezek petek alyp stadiona girjek bolamda, girelgäň agzynda duran bir adam petegimi alyp, ýyrtyp goýberýär-diýýär.                                  

Okalan sany: 639   Jogaplar: ( 2 )

marala
16 февраля 2013

roflUmuman erbet däl gyzykly ýöne näme üçin diňe sport barada ýazmalymy? meniňem Sport barada degişmelerim bar sizem olary okap gülüp-gülüp, gülseňiz we ýenede gülseňiz, onda ýenede degişmeli bolaýýa-da!.

NEXTTM
18 февраля 2013

roflroflrofl ♥                           roflroflrofl♥                                  goodgoodgood ♥♥♥


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,03544 sek. ýüklenen baýt: 33272