Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
ILKINJI GALAM
Ýazylan wagty: 13 марта 2014 Ýazan NEXTTM

ILKINJI GALAM 

Ilkinji galamlar XII-XVI asyrlarda döräpdir. XIV asyrda italýanlar toýundan ýasalan galamlary öndüripdirler. Şeýle galamlar öçügsi we solgun gara reňk beripdir. Ýakylan süňkden alnan serişde hem ösümlik ýagy bilen garylyp, galam hökinünde peýdalanylypdyr. XVII asyrda grafitden ýasalan galamlar uly meşhurlyga eýe bolupdyr.

Ilkinji gezek grafit 1654-nji ýyl¬da Angliýadan tapylýar. Şa zenany grafitiň geljekki nesillere-de miras galmagy ugrunda aladalanyp, ýylda 6 hepdäniň dowamynda grafit gazyp almaga rugsat beripdir.

Russiýadan grafit känini tapan Lomonosow Arhangelsk oblastynyň ýaşaýjylarynyň kömegi bilen ga¬lam öndürmegi ýola goýupdyr. Lo¬monosow galamyň mukdarynyň ölçeg  birligini  girizipdir. Galamyň mukdarynyň ölçeg birligi «gross» diýip atlandyrylypdyr, sebäbi «gross» diýmek 12 diýmegi aňladýar. Bir günde galam ýasaýan ussa öz şägirdi bilen 12 galam öndürmegi başarypdyr. Hut şundan hem bu söz ulanyşa giripdir.

Biziň häzirki ulanýan galamlarymyzy 1775-nji ýylda fransiýaly Nikolýa Zak Konte oýlap tapypdyr. Kagyzyň ýüzünde yz galdyrýan grafit ony ulanýan adamyň elinde-de öz yzyny galdyrypdyr. Şonuň üçin grafitiň daşyna agaçdan «köýnek» geýdirmek Konteniň kellesine gelipdir. Daşy agaç gabykly galam eýýäm 200 ýyldan gowrak wagt bäri şol durkuny üýtgedenok.

Türkmenler hem gadym wagtdan bäri ýazuw işlerinde gara daşy peýdalanypdyrlar. Rus diline bu söz türkmen dilinden durkuny üýtgetmän, «gara daş» — «karandaş» görnüşinde geçipdir.

Häzirki döwürde 350-den gowrak görnüşli, 70-den hem köp reňkli, 18 sany gatylyk derejedäki galamlar öndürilýär. Bir ýylda bütin dünýä boýunça 14 milliarddan gowrak galam satylýar. Bu san bolsa galamyň giňden ulanylýandygyny aň¬ladýar.

Okalan sany: 417   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06338 sek. ýüklenen baýt: 31530