Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Sporta bagyş edilen ömür
Ýazylan wagty: 13 марта 2014 Ýazan NEXTTM
  
Sporta bagyş edilen ömür

Aşgabat şäheriniň sport baradaky komitetiniň Başa-baş söweş sport mekdebiniň boks boýunça Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Baýram Burkazow sport başlangyçlaryndan ugur alyp öz ýetişdirip ýören türgenleriniň ýurdumyzda, şol sanda daşara ýurtlarda geçirilýän halkara ýaryşlarda türkmen sportunyň abraýyny mynasyp goramagyny, belent derejelere ýetmegini gazanyp bilýär. 

Durmuş ýoluny boks bilen baglan tälimçi Baýram Burkazow türgenleşikleriň geçip duran mahaly özüniň tälim berýän türgenleriniň fiziki, tehniki taýýarlygyna, çydamlylygyna uly üns berýär. Abraýly tälimçi Baýram Burkazow türgenlere boksuň owadan tehnikasyny, her hili emellerini öwredýär, düşündirýär. Baýram halypa diňe bir ýurdumyzda däl, eýsem daşary ýurtlarda hem tanalýan ussat türkmen boksçularyň birnäçesini ýetişdirdi. Olaryň arasyndan Şöhrat Gurbanowyň, Baýramguly Atajanowyň, Nurgeldi Kakalyýewiň, Çary Burkazowyň, Bahadyr Sadykowyň atlaryny agzaman geçmek mümkin däl. Ady agzalan türgenler ýurdumyzyň sportunyň ösmegine, abraýyna öz saldamly goşandyny goşýan türgenler. 

Baýram Burkazowyň tälim berýän ýetginjek türgenleriniň arasynda zehinli boksçular hem az däl. Elbetde, Baýram halypanyň ýöredýän toparynda tälim alýan boksçularyň gazanýan uly sport üstünlikleriniň aňyrsynda çynlakaý yhlasyň, yzygiderli türgenleşikleriň  ýatandygy öz-özünden düşnükli bolsa gerek.

Tälimçi Baýram Burkazowyň boks toparynda türgenleşýän boksçularyň ussatlygy, tejribesi berkakar döwletiň bagtyýarlyk döwründe gitdigiçe artýar. Boksuň her urgusyny, tehnikasynyň ähli syrlaryny türgenlere oňat düşündirmegi başarýan Baýram halypa, öwredýän zatlaryny olardan dürs we dogry ýerine ýetirmegini berk talap edýär. Tälimçiniň türgenleri bolsa halypasynyň öwredýän zatlaryny geçirilýän boks ýaryşlarynda ýokary ussatlyk arkaly ýerine ýetirip bilýändigini, hormatly Prezidentimiziň bildirýän uly ynamyny sport ýeňişleri bilen  ödeýändigini häli-şindi subut edýärler.   

Dogrudanam, Baýram Burkazowyň boks toparynda türgenleşýän boksçularyň ussatlygy, ýeňşe bolan erjelligi barada näçe hoş söz aýtsaňam bärden gaýdýar. Olaryň gazanýan sport üstünlikleri, medallary türkmen sportunyň abraýyny belende göterýär, türkmen boksçularyna goýulýan hormaty artdyrýar.

                                    

 

Okalan sany: 479   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06417 sek. ýüklenen baýt: 32063