Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Boks
Ýazylan wagty: 13 марта 2014 Ýazan Mayichka

Aşgabat şäheriniň sport baradaky komitetiniň başa-baş göreş sport mekdebiniň boks bölümüniň türgenleri Aprel aýynda Bolgariýada geçiriljek Dünýä çempionatyna taýýarlyk görýärler.  Bu mekdebiň boksçy türgenleri Çagrylbeg we Togrulbeg Pazzyýewleriň şol çempionata gatnaşmaga doly mümkinçilikleri bar. Çünki olar Daşoguz şäherinde boks boýunça ýetginjekleriň arasynda geçen Türkmenistanyň çempionatynda ýeňiji bolmagy başardylar. Türgen Togrulbeg Pazzyýew 60 kilogram agramda Çagrylbeg bolsa 64 kilogram agramda dört türgenden üstün çykyp ýaryşyň ýeňijisi bolmagy başardylar. Daşoguz şäherinde geçen ýurdumuzyň bu çempionatyň öňünde goýan baş maksady Bolgariýada ýurdumyza wekilçilik etjek ýetginjek ussat boksçulary saýlap almakdan ybaratdy.Iki doganlar Çagrylbegdir we Togrulbeg ikiside öz agramlarynda öňlerine boksçy geçirmediler. Olary ýaryşa Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Ýagşymuhammet Pazzyýew taýýarlaýar. Şonuň ýalyda Bolgariýada geçjek dünýä çempionaty öz gezeginde şu ýyl Hytaý döwletinde geçiriljek ýetginjekleriň 2-nji Olimpiýa oýunlaryna saýlama ýaryşdyr. Bu çempionatda öňdäki bäşlige düşen boksçular şol Olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga ýollanma gazanarlar.


 


Okalan sany: 340   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06478 sek. ýüklenen baýt: 30162