Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TÜRKIÝÄNIŇ PALATALAR WE BIRŽALAR BIRLEŞIGINIŇ BAŞLYGYNY KABUL ETDI
Ýazylan wagty: 14 марта 2014 Ýazan NEXTTM


TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TÜRKIÝÄNIŇ PALATALAR WE BIRŽALAR BIRLEŞIGINIŇ BAŞLYGYNY KABUL ETDI


Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy jenap Mustafa Rifat Hisarjiklyogluny kabul etdi.

Myhman söhbetdeşlikde soňky ýyllarda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Türkiýe Respublikasynyň Prezidenti Abdulla Gülüň we Premýer-ministri Rejep Taýip Ärdoganyň mähirli salamyny gowşurdy. Olar türkmen Lideriniň  köpugurly döwletara gatnaşyklarynyň möhüm ugry hökmünde söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge  üns berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. 

Döwlet Baştutanymyz  doganlyk ýurduň ýolbaşçylarynyň adyna iň gowy arzuwlaryny aýdyp, Türkiýe bilen gatnaşyklaryň aýratyn häsiýete eýedigini nygtady. Dostlukly ýurdy Türkmenistan bilen diňe bir ykdysady bähbitler däl, eýsem, gadymdan bäri olaryň doganlyk halklaryny baglanyşdyrýan dostluk we hakyky  hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary baglanyşdyrýar. 

Hormatly Prezidentimiz we myhman  işjeň hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi uly ugurlary barada  pikir alyşmagyň çäklerinde täze taryhy eýýamda deňhukuklylyk we  özara bähbitlilik  ýörelgelerine esaslanýan söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösüşiň täze derejesine çykandygyny, iki ýurduň hem-de tutuş sebitiň durnukly durmuş-ykdysady ösüşinde uly ähmiýeti bolan iri möçberli bilelikdäki taslamalarda öz beýanyny tapýandygyny kanagatlanmak bilen bellediler. Iki ýurduň arasyndaky haryt dolanyşygynyň ösmegi we yzygiderli geçirilýän köpsanly işewürler duşuşyklarynyň, maslahatlaryň hem-de Türkmenistanyň we Türkiýäniň önüm öndürijileriniň sergileriniň çäklerinde hyzmatdaşlygyň täze ugurlarynyň işjeň gözlenilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. 

Duşuşygyň barşynda Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy dürli ulgamlarda, şol sanda türkmen ykdysadyýetiniň möhüm ugry bolan obasenagat  toplumynda türk kompaniýalaryna ynanylan taslamalaryň durmuşa geçirilişi barada habar berdi.  Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça bugdaýyň bol hasylyny aýawly saklamak hem-de ýurdumyzyň ilatynyň una we çörek önümlerine bolan isleglerini doly kanagatlandyrmak maksady bilen, ýurdumyzyň ähli ýerlerinde gurulýan döwrebap elewatorlaryň gurluşygy baradaky mesele ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Döwlet Baştutanymyz gurulýan desgalaryň wajypdygyny belläp, türkmen tarapynyň gurluşygyň ýokary hili hem-de  şertnamalarda bellenen möhletlerde ýerine ýetirilmegi babatda bildirýän esasy talaplarynyň berjaý edilmeginiň möhümdigini belledi. 

Esasy daşary ýurt kompaniýalary, şol sanda türk kompaniýalary bilen uzakmöhletleýin özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak Türkmenistanyň amala aşyrýan durmuş-ykdysady ösüş strategiýasynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu strategiýa bolsa ykdysadyýetiň ähli pudaklaryny döwrebaplaşdyrmaga hem-de dünýä tejribesini we öňdebaryjy tehnologiýalary işjeň ornaşdyrmaga gönükdirilendir diýip, milli Liderimiz belledi we  türk kompaniýalarynyň döwlet ösüşiniň giň möçberli maksatnamalaryny durmuşa geçirmäge goşýan goşandyna ýokary baha berdi. 

Myhman Türkiýäniň işewür toparlarynyň netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge uly gyzyklanma bildirýändigini aýdyp, türk kompaniýalaryna bildirýän ynamy hem-de berýän uly goldawy üçin türkmen Liderine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi. 

Hoşlaşan mahaly  jenap Mustafa Rifat Hisarjiklyoglu hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Türkmenistanyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň hem-de ony dünýäniň okgunly ösýän döwletleriniň hataryna çykarmagyň bähbidine alyp barýan giň möçberli döwlet işinde täze üstünlikler arzuw etdi. 

Duşuşyga Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Şewki Mutewellioglu gatnaşdy.
Okalan sany: 377   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,12429 sek. ýüklenen baýt: 34515