Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
TÜRKMENISTAN MEDENIÝETLERIŇ WE SIWILIZASIÝALARYŇ ULGAMYNDA
Ýazylan wagty: 14 марта 2014 Ýazan NEXTTM


TÜRKMENISTAN MEDENIÝETLERIŇ WE SIWILIZASIÝALARYŇ ULGAMYNDA

 "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda “Günorta-Gündogar Türkmenistanyň mirasy Ýewraziýanyň gadymy we orta asyr medeniýetleriniň ulgamynda” atly halkara ylmy maslahat öz işini tamamlady. Bu maslahata gatnaşmak üçin türkmen topragynda dünýäniň dürli künjeklerinden gumanitar ugur boýunça alymlary ýygnandylar.

Türkmen halkynyň taryhyndaky bu döwrüň öwrenilmeginiň meselelerine bagyşlanan wekilçilikli maslahat pikir alyşmak, şu ugur boýunça netijeli halkara hyzmatdaşlygyny ýola goýmak üçin oňaýly mümkinçilik döretdi. Maslahata gatnaşyjylar medeni gatnaşyklaryň ähmiýeti barada aýdyp, häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze we ynsanperwer syýasaty ýöretmegi netijesinde Türkmenistanyň medeni gatnaşyk boýunça işjeň merkeze öwrülendigini bellediler. Daşary ýurtlaryň iri ylmy-barlag we ýokary okuw merkezleri bilen ysnyşykly ylmy gatnaşyklaryň ýola goýulmagy, alymlaryň toplan tejribesi we gazananlary boýunça özara tanyşlyk türkmen halkynyň, şeýle hem sebitdäki beýleki halklaryň taryhynyň we ruhy-medeni mirasynyň has doly we hemmetaraplaýyn öwrenilmegine, olaryň bütin dünýä siwilizasiýasynyň ösüşindäki ähmiýetiniň we ornunyň kesgitlenmegine ýardam berýär.

Maslahatyň işi üç bölüm boýunça alnyp baryldy, şonda çykyşlaryň we ylmy habarlaryň 100-den gowragy ara alnyp maslahatlaşyldy. Bular “Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Günorta-Gündogar Türkmenistanyň taryhy-medeni mirasyny gorap saklamakda we öwrenmekde halkara hyzmatdaşlyk”, “Günorta-Gündogar Türkmenistanyň taryhynyň çeşmeleri we taryhnamasy”, “Günorta-Gündogar Türkmenistanda gadymy we orta asyr maddy-ruhy medeniýetiň ösüşi” ýaly meselelere bagyşlandy.

Maslahata gatnaşyjylar özleriniň soňky ylmy gözlegleriniň netijeleri bilen tanyşdyrdylar, täze ylmy çaklamalar barada pikir alyşdylar. Türkmenistanda işleýän arheologik toparlaryň işine ýokary baha berildi, bulara türkmen alymlary bilen bilelikde, ABŞ, Russiýa, Beýik Britaniýa, Polşa, Italiýa ýaly ýurtlaryň alymlary hem gatnaşýarlar. UNESKO we TIKA ýaly iri halkara we sebit derejesindäki guramalar bilen bilelikde uly möçberli taslamalar amala aşyrylýar.

Hususan-da, ýüze çykarylan täze maglumatlaryň we maddy subutnamalaryň adamzadyň gadymy geçmişi babatdaky düşünjelere täzeden garalmagyna getirýändigi bellenildi. Şunda Türkmenistanyň çäginde Jeýtun, Altyndepe, Änew ýaly irki ekerançylyk siwilizasiýalarynyň ýokary derejede ösendigi babatdaky netije gelip çykýar.

Häzirki Baýramaly şäheriniň demirgazygynda Garagum çölünde arheologlar tarapyndan ýüze çykarylan we täsin siwilizasiýa hasaplanýan Margianadaky açyşlar we tapyndylar dünýäniň ylmy bileleşiginde uly gyzyklanma döredýär. UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň abraýly sanawyna girizilen Gadymy Merwde, Köneürgençde, Nusaýda berk galalary, köşklleri we ybadathanalary bolan köpsanly şäherler we obalary ýerleşipdir. Türkmen halkynyň Gündogaryň adamzat siwilizasiýasynyň ösüşiniň taryhynda yz galdyran uly patyşalyklar we döwletler – Parfiýa, Kuşan patyşalygy, Beýik Seljuklaryň we Horezm şalarynyň patyşalyklary bilen içgin bagly bolan taryhynyň gadymy, şeýle hem orta asyra degişli döwürleri wakalara örän baýdyr.

Şol sanda daşary ýurtlarda – Hindistanda, Russiýada, Ýaponiýada, Türkiýede, Koreýa Respublikasynda, Moldowada we beýleki döwletlerde arheologik gözleg işleriniň we ylmy-barlaglarynyň geçirilmegi netijesinde häzirki Türkmenistanyň çäginiň irki döwürlerden bäri Ýewraziýanyň beýleki sebitleri bilen giň we ysnyşykly medeni gatnaşyklaryň amala aşyrylan ýeri bolup durýandygyna şaýatlyk edýän maglumatlaryň üsti ýetirilip durulýar.

Maslahatda Beýik Ýüpek ýoly bilen bagly ýagdaýa aýratyn üns berildi. Beýik Ýüpek ýoly biziň eýýamymyzdan öňki II asyrdan bäri Gündogar Aziýany Ortaýer deňzi, Pireneý ýarym adasy we Ýewraziýanyň beýleki sebitleri bilen baglanyşdyrypdyr. Bu yklymara ýoluň ugrunda ýerleşen ýurtlaryň, sebitleriň, welaýatlaryň, şäherleriň, söwda ýollarynyň, ilatly ýerleriň, poçtalaryň taryhy – geografiki beýanyna degişli ilkinji gündogar we ýewropa çeşmeleriniň sany az däldir. Bular Orta Aziýada iri söwda-ykdysady we medeni merkezleriň bolandygyna, şol sanda Türkmenistanyň irki döwürlerden bäri halkara gatnaşyklarynyň ulgamynda strategiki we geografiki taýdan möhüm orny eýeländigine şaýatlyk edýär.

Taryhy çeşmelerde Merw, Sarahs, Amur, Abiwerd, Dehistan, Köneürgenç we beýleki ýerler ösen dokma, aýna, küýzegärlik, gön, zergärlik önümçilikleri bolan uly şäherler hökmünde görkezilýär. Bu şäherler diňe bir içerki däl-de, daşky bazarlary hem ähli zerur zatlar bilen üpjün edipdirler. Munuň özi bu ýerde ýüpek we nah matalary, geýimleri, dürli mallary, deri önümlerini, maldarçylyk önümlerini, miweleri we gök ekin önümlerini, gallany, altyndan we kümüşden ýasalan şaý-sepleri, bezeg önümlerini we beýleki zatlary satmak boýunça ýöriteleşdirilen bazarlaryň bolandygy baradaky maglumatlar arkaly tassyklanýar. Orta asyrlarda söwdagärlerden, kerwenleriň eýelerinden dolýan gündogar bazarlarynyň hyzmatlar üçin töleg we dürli paçlar görnüşinde ýerli gazna uly girdeji getirendigi bellenildi. Galyberse-de, dürli ýurtlardan gelen adamlar gözel künjekler, ýerli ilat, däp-dessurlar we adatlar, halkara gatnaşyklary we başga-da birgiden ýagdaýlar bilen tanyş bolupdyrlar.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sebit we sebitara ulag aragatnaşyklarynyň döwrebap ulgamynyň döredilmegine, ýagny hakykatyna garanyňda täze taryhy şertlerde Beýik Ýüpek ýolunyň täzeden döredilmegine gönükdirilen başlangyçlarynyň möhüm ähmiýetlidigi bellenildi.

Bütin dünýäde meşhurlyga eýe bolan we milli sungatyň nusgawy önümleri hasaplanýan türkmen halylaryny, şeýle hem keramikany, ýaragy, zergärçilik önümlerini taýýarlamagyň aýratynlyklary baradaky etnografiki meselelere bagyşlanan çykyşlar içgin gyzyklanma döretdi. Durmuşda giňden ulanylan zatlary taýýarlamakda zerur materiallaryň hili, bularyň bezegi we ýaýran ýerleriniň geografiýasy taryhçylara geçen eýýamlaryň adamlarynyň maddy we ruhy durmuşynyň derejesi, olaryň adatlary we düşünjeleri babatda pikir ýöretmäge hem-de gadymy jemgyýetleriň ösen döwürlerini kesgitlemäge, halklaryň arasyndaky medeni we söwda gatnaşyklaryny ýüze çykarmaga mümkinçilik berýär.

Atçylyk türkmenleriň taryhynyň we etniki medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Häzirki Türkmenistanyň çäginde birnäçe müň ýyl mundan ozal hem ösdürilip ýetişdirilen meşhur ahalteke bedewleri dünýädäki gadymy atlar diýlip hasaplanýar. Olar bedewleriň birgiden ugurlaryna -- arap, iňlis we beýleki atlaryň tohumlaryna öz täsiri ýetiripdir. Häzirki wagtda-da gözelligi we sekin basyşy bilen haýran galdyrýan ahalteke bedewleri türkmen halkynyň buýsanjy we gymmatly milli baýlygydyr.

Maslahatda orta asyrlarda Günorta-Gündogar Türkmenistanyň baý medeni mirasynyň tutuş Ýewraziýanyň çäginde giňden ýaýrap, yklymyň medeni durmuşynda uly yz galdyrandygy bellenildi. Orta asyrlarda ýaşan görnükli türkmen edebiýatçylarynyň we şahyrlaryň, zehinli alymlaryň atlary bütin dünýä bellidir, olaryň işleri ylmy bilimleriň ýaýramygynyň barşynda möhüm ähmiýete eýe boldy. Foruma gatnaşyjylar şol döwre degişli edebi-sazly ýadygärlikleri we ylmy eserleri öwrenmek boýunça ylmy-barlaglarynyň, ýazuw çeşmelerini gözlemegiň netijeleri barada pikir alyşdylar. Täze açyşlar türkmen halkynyň ruhy-medeni taýdan gazananlarynyň adamzadyň ösüşine degerli täsirini ýetirendigini tassyklaýar.

Maslahatda ylmy syýahatçylygyň ösdürilmegine degişli mesele barada-da pikir alşyldy. XXI asyrda ylmyň, bilimiň, medeniýetiň, sportuň özara baglanyşygynyň artýandygy bellenildi. Syýahatçylygyň saglyga, şeýle hem işewürlige, kongresleriň geçirilmegine, sporta degişli görnüşleri ylym bilen baglydyr. Şoňa görä-de, ylmy syýahatçylyga aýratyn ugur hökmünde garalýar, şunda gyzyklanma bildirýän adamlara arheologik gözleglere, ylmy maksatnamalara, jandarlaryň ondan-oňa göçüşini we olaryň ösüşindäki özgerişleri synlamak bilen bagly ekspedisiýalara gatnaşmaga mümkinçilik dörediler.

Ylmy syýahatçylyk tebigatyň gözel künjeklerine syn etmäge-de mümkinçilik berýär, munuň özi milli seýilgähleriň we goraghana zolaklarynyň göwnejaý ýagdaýda saklanmagyna we ösdürilmegine ýardam berýär. 2012-nji ýylda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça Köýtendaga halkara ylmy toparynyň guralmagy muňa aýdyň mysal bolup biler. Köýtendag köp sanly gowaklary, stalaktitli we satalagmidli birleşmeleri, bejeriji kükürtli -- suwly çeşmeleri özünde jemleýän toplumlary, dinazawrlaryň aýak yzlarynyň galan ýerleri we başga-da birgiden gözel künjekleri bilen täsin galdyrýar. Häzirki wagtda Köýtendagyň döwlet tebigy goraghanasyny UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen boýunça işler alnyp barylýar.

Maslahatyň çäklerinde günorta-gündogar Türkmenistanyň tutuş adamzat üçin örän gymmatly ähmiýete eýe bolan medeni mirasyny aýawly saklamak, öwrenmek we wagyz etmek bilen bagly meselä bagyşlanan “tegelek stol” guraldy. Şonda maslahata gatnaşyjylara bölümler boýunça işlenen mahalynda orta atylan meseleleri has jikme-jik ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik döredildi.

Jemleýji mejlisde “Günorta-Gündogar Türkmenistanyň mirasy Ýewraziýanyň gadymy we orta asyr medeniýetleriniň ulgamynda” atly halkara maslahatynyň netijeleri jemlenildi. Ýygnananlar şu maslahatyň diňe bir Türkmenistanyň taryhy we gumanitar ylymlary ösdürmek baradaky düşünjeleri ep-esli artdyrmaga mümkinçilik bermek bilen çäklenmän, halkara ylmy we medeni gatnaşyaklaryň has-de çuňlaşdyrylmagyna önjeýli goşant goşandygyny biragyzdan bellediler.

Maslahat tamamlanandan soňra oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edip, şonda giňden tejribe alşylmagyna we mundan beýläk-de hyzmatdaşlyk etmegiň geljekki ugurlarynyň kesgitlenmegine ýardam beren maslahatyň göwnejaý derejede guralandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.

Daşary ýurtly myhmanlarda maslahatyň açylyşynyň öňüsyrasynda türkmen paýtagtynda ylmy-barlag institutlarynda işleýän kärdeşleri we talyplar bilen duşuşyklar, şeýle hem Aşgabadyň gözel künjekleri, şol sanda Türkmenistanyň Baş milli muzeýi we Şekillendiriş sungaty muzeýi bilen tanyşlyk ýakymly täsir galdyrdy.

Şeýle hem maslahata gatnaşyjylara Hazaryň kenar ýakasynda bolan günlerinde "Awaza" milli syýahatçylyk zolagyna gezelenç etmäge mümkinçilik döredildi.
TDH
Okalan sany: 894   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07506 sek. ýüklenen baýt: 42760