Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sport we sagdynlyk barada aýdan parasatly sözleri..
Ýazylan wagty: 16 февраля 2013 Ýazan NEXTTM
Hormatly  Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sport we sagdynlyk barada   aýdan parasatly sözleri
 Adam ömriniň ähli döwirleriniň hereketde bolmagy saglyga oňaýly täsir edyär
Döwlet öz rayatlarynyň saglygy we abadançylygy hakynda alada etmäge borçlydyr.Sebäbi sagdyn jemgyýet sagdyn döwletiň özeni bolup durýar.

Sagdyn durmuş yörelgesini berjaý edyän adamlary maşgala gatnaşygyndan, adamlara bolan garaýşyndan, dünýä bolan höwesinden tanap bolýar.Şeýle adamlar elmydama ruhubelent bolýarlar.
Adam öz saglygy hakyndaky aladany hiç wagt unutmaly däldir. Sagdyn adam bu sagdyn        maşgaladyr,   sagdyn maşgala bolsa sagdyn jemgyýetiň ülüşidir
.
Biz ,,Sagdyn nesil-sagdyn jemgyýet,, diýýäris. Diňe sagdyn jemgyýet kämil ösişlere ýetip biler.
Saglyk –bu gözel tebigatymyzyň ynsana eçilen nygmatydyr. Şol saglygy gözüň göreji ýaly goramak üçin sag wagtyňda alada etmeli. Saglygyny berkitmek her bir ynsanyň öz elinde. Muny üpjün etmek üçin her birimiziň hemişe hereketde bolmaga, dogry iýmitlenmäge, sport bilen meşgullanmaga endik bolmagymyz zerurdyr.
Ynsan saglygy bahasyna ýeti bolmajak gymmatlykdyr. Sagdyn durmuşyň bar ýerinde adamlaryň dünýägaraýşy ösýär, ýaşaýşa bolan höwesi artýar.

,,Saglyk,, Maksatnamamyz biziň,, Döwlet adam üçindir,, diýen belent şygarlyk adyl syýasatymyzyň giňden ýol almagyna badalga berdi.

Ynsan saglygyny berkitmekde göwnejaý dynç almak hem möhüm ähmiýete eýedir. Biz halkymyzyň medenýetli dynç almagyny guramaga aýratyn üns berýäris. Ýurdymyzda gözel künjekleriniň sagaldyş merkezleriniň, gurlyşyklarynyň alnyp barylmagy hem biziň ,,Döwlet adam üçindir!,, diýen baş ýörelgämiziň durmuşa doly ornaşdyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr,,

Saglyk ýolunyň adam saglygyna täsiri köptaraplydyr. Giň meýdan, arassa howa, fiziki agram we tebigy gözellikler beden hem-de ruhy sagdynlygyň girewi bolup durýar.  Saglyk ýoly saglygyny berkitmek isleýänler üçin bahasyna ýetip bolmajak mümkinçilikdir.

Biz sagdyn durmuşyň tarapdary bolmak bilen, milletimiziň genofondynyň has-da berkemegine, ilatymyzyň saglygynyň pugtalandyrylmagyna, sagdyn bedenli  we sagdyn ruhly nesliň kemala getirilmegine, köpçilikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini we sporty ösdürmek meselelerine aýratyn üns berýärin.
Döwletiň baş baýlygy bolan halkymyzyň saglygy, nesillerimiziň bagtyýar, asuda ýaşaýşy hakyndaky aladalar juda möhüm wezipeleriň biridir.

Biz öz ýaş nesillerimize diňe bir durmuşy, bilimleri söýmegi öwretmek bilen çäklenmän, olary berk bedenli weruhy taýdan sagdyn  edip ýetişdirmegihem göz öňünde tutýarys. Bu wezipe döwletimiziň iň möhüm we esasy wezipeleriniň biridir.
Okalan sany: 2380   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,13755 sek. ýüklenen baýt: 31882