Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
No­belıň pa­ra­hatçylyk baý­ra­gy
Ýazylan wagty: 14 марта 2014 Ýazan Betman

No­belıň pa­ra­hatçylyk baý­ra­gy


“2014-nji ýyl­da No­be­liň pa­ra­hat­çy­lyk baý­ra­gy­na 278 kan­di­dat gi­rip, ola­ryň 47-si jem­gy­ýet­çi­lik we hal­ka­ra gu­ra­ma­la­ry­dyr” di­ýip, Nor­we­gi­ýa­nyň No­bel ko­mi­te­ti Os­la ug­ra­dy­lan tek­lip­le­riň üs­tün­de iş­läp bo­la­nyn­dan soň­ra ha­bar ber­di. 
 

Bu san 2013-nji ýy­la ga­ran­da köp bo­lup, şon­da No­bel ko­mi­te­ti­niň umu­my sa­na­wy­na 259 kan­di­dat gi­rip­di. Adat­ça, No­bel baý­ra­gy­nyň at­ma-at sa­na­wy giz­lin bo­lup, di­ňe 50 ýyl ge­çen­den soň­ra mä­lim edil­ýär.

Bi­ze mä­lim bol­şu­na gö­rä, üs­tü­miz­dä­ki ýyl­da pa­ra­hat­çy­lyk baý­ra­gy­na Rim pa­pa­sy Fran­sisk we dört ýur­duň parla­men­ti bäs­deş­lik ed­ýär. Çün­ki olar 2014-nji ýy­lyň öň­de­ba­ry­jy­la­ry ha­sap­lan­ýar. Şeý­le hem baý­ra­gyň bo­lup bi­läý­jek eýe­le­ri­niň sa­na­wy­na ge­çen ýyl öň­de­ba­ry­jy ha­sap­la­nan 16 ýaş­ly pa­kis­tan­ly gyz Ma­la­la Ýu­suf­zaý gir­ýär. Şeý­le hem Kon­go De­mok­ra­tik Res­pub­li­ka­sy­nyň ze­hin­li hi­rur­gi De­ni Muk­we­re bu baý­ra­ga tek­lip edil­ýär.

Şo­nuň ýa­ly hem 2014-nji ýy­lyň baý­ra­gy­na hy­taý­ly se­lek­sio­ner Ýu­an Lun­pin we hin­di ge­ne­ti­gi Man­kom­bu Swa­mi­na­tan bäs­le­şer. Ýew­ro­bi­le­le­şi­giň we­kil­le­ri hem öz no­ba­tyn­da Ýew­ro­pa Bi­le­le­şi­gi­niň da­şa­ry iş­ler we howp­suz­lyk sy­ýa­sa­ty bo­ýun­ça ýo­ka­ry baş­ly­gy Ket­rin Eş­to­ny bu baý­ra­ga tek­lip et­di­ler.

Alf­red No­be­liň wesýetine la­ýyk­lyk­da, pa­ra­hat­çy­lyk baý­ra­gy beý­le­ki dört baý­rak­dan ta­pa­wut­ly­lyk­da, Stok­golm­da däl-de, Os­lo­da gow­şu­ryl­ýar. Baý­ra­gyň eýe­le­ri­niň at­la­ry üs­tü­miz­dä­ki ýy­lyň okt­ýab­ryn­da yg­lan edi­ler. Soň­ky ýyl­lar­da No­bel ko­mi­te­ti gu­ra­ma­la­ra has köp äh­mi­ýet ber­ýär. 2013-nji ýyl­da bu baý­rak hi­mi­ýa ýa­rag­la­ry­ny ga­da­gan et­mek bo­ýun­ça gu­ra­ma, 2012-nji ýyl­da bol­sa, Ýew­ro­pa bi­le­le­şi­gi­ne be­ril­di.

www.zamantm.com/tm/

Okalan sany: 442   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05948 sek. ýüklenen baýt: 32214