Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Habarlar
Gabanjanlyk hakynda we gornushleri
Ýazylan wagty: 17 марта 2014 Ýazan Krassavchik
Gabanjaňlyk-ýakyn adamyň Sizi söýýändigi baradaky ynamyňyz bilen bagly bolup, ol diňe Size degişli diýen garaýyş Sizi gurşap alýar. Netijede, ýakyn adamlaryňyzyň şahsy erkini çäklendirmäge ymtylýarsyzyňyz, müňkür bolýarsyňyz. Käbir gabanjaňlyk pajygaly ýagdaýlara eltip bilýär. Gabanjaňlyk esasynda söýgi ýigrenje öwrülýär.Gabanjaňlygyň birnäçe görnüşleri tapawutlandyrylýar: zulum ediji, özüňe kem baha garamak esasynda ýüze çykýan gabanjaňlyk, öz meýilleriňi beýlekilere ýöňkemek, ynandyrylan gabanjaňlyk.
1. Zulum ediji gabanjaňlyk öz diýenli, özüne göwni ýetýän zalym, ownukçyl, emosional-duýgy taýdan “sowuk” adamlara mahsus. Şeýle adamlar daş-töweregindäkilere uly talap bildirýärler.
2. Özüňe kembaha garamak esasynda döreýän gabanjaňlyk aladaçyl-müňkür häsiýetli, özüne pes baha berýän özüne ynamsyz garaýan adamlara mahsus. Ol islendik adamda öz bäsdeşini, basdaşyny garşydaşyny görýär.
3. Öz meýilleriňi beýlekilere ýöňkemek esasynda döreýän gabanjaňlyk – bu biwepalyga hususy ýykgynlygy bolan adamlaryň öz meýillerini ýoldaşyna ýöňkemekdir. Gabanýanyň pikir yzygiderliligi şeýle häsiýetde bolýar: “eger-de biwepalyk barada oýlanýan bolsa, näme üçin şeýle pikirler beýlekilerde bolmaly däl?”
4. Ynandyrylan gabanjaňlyk – “ähli erkekler (aýallar) birmeňzeş” diýen ynandyrmalaryň esasynda döreýär. Muňa beýik iňlis ýazyjysy Wilýam Şekspiriň “Otella” atly dramasyndaky baş gahrymany bolan Otellany mysal getirmek bolar. Ol Ýagonyň ýalan sözleri esasynda öz aýaly Dezdomonanyň wepalylygyna şübhelenip, onuň janyna kast edýär.

Elbetde durmuşda gabanjaňlygyň bu görnüşleriniň utgaşyp gelmegi mümkin. Şonuň üçin olary arassa görnüşde syn etmek seýrek mümkin bolýar.

Okalan sany: 1502   Jogaplar: ( 1 )

Betman
17 марта 2014

bu tema onem bir gezek acylypdy, sag bol 


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07118 sek. ýüklenen baýt: 31369