Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Ylym we Bilim
Mugallym! Adyňa mynasyp bol!
Ýazylan wagty: 17 марта 2014 Ýazan NEXTTM

Mugallym! Adyňa mynasyp bol!



Mu­gal­ly­myň öňün­de örän jo­gap­kär­li
we­zi­pe­ler dur­ýar. Ol di­ňe bir öz der­si bo­ýun­ça bi­lim ber­mek bi­len
çäk­len­me­ýär. Ha­çan-da, mu­gal­ly­myň işi bi­lim-ter­bi­ýe ber­mek bi­len ut­ga­şan­da,
onuň ne­ti­je­si has hem oňat bol­ýar. Mu­gal­lym okuw­çy­nyň öňün­de-de, jem­gy­ýet­çi­lik
ýer­le­rin­de-de özü­niň sa­ly­hat­ly­ly­gy, nebsine dur diýip bilmekligi, paý­has­ly­ly­gy
bi­len hem­me­le­re gö­rel­de gör­kez­me­li­dir. Bi­ziň her bi­ri­miz mek­dep
okuw­çy­sy bo­lup gör­dük ahy­ryn!   Mä­hir­li, paý­has­ly, ada­lat­ly
mu­gal­lym­la­ry hiç wagt unu­dyp bol­ma­ýar. 

 Hormatly NextTM.com saýtynyň agzalary we
okujylary!  Şu makalany doly okap öz pikirleriňizi ýazarsyňyz diýip
umyt edýärin. 
Türkmenistanyň gülläp ösüşi, durmuşymyzyň mundan beýläk hem gözelleşmegi
bilimli, ylymly, ukyply ýaş nesillere baglydygyny göz öňüne tutmak bilen bilim
ulgamyna döwleti hemmetaraplaýyn ösdürmegiň şerti hökmünde garalyp, ýaşlaryň
bilim-terbiýesi barada aýratyn alada edilýändigini görkezýär. Türkmenistanda
ilki bilen ýokary okuw jaýlarydyr mekdepleriň, çagalar baglarynyň gurluşygyna
aýratyn üns berlendigini hakykatyň hatyrasyna aýtmalydyrys. 
Okuw­çy­la­ryň her bi­ri üçin
mek­dep mu­gal­lym­la­ry­nyň şah­sy gö­rel­de­si he­mi­şe ge­rek bo­lup dur­ýar.
Ça­ga
kal­by mu­gal­ly­myň äh­li he­re­ket­le­ri­ni örän duý­gur­lyk bi­len ka­bul ed­ýär.
Şo­nuň üçin-de, her bir mu­gal­lym ça­ga ter­bi­ýe­si­ne aý­gyt­ly tä­sir ed­ýän
öz şah­sy gö­rel­de­si­ne eser­deň çe­me­leş­me­li­dir.

El­bet­de, “Alym bol­mak
aň­sat, adam bol­mak kyn” diý­li­şi ýa­ly, mu­gal­lym­la­ryň ara­syn­da hem ter­bi­ýe
me­se­le­sin­de kyn­çy­lyk çek­ýän­le­ri az däl. Çün­ki, gö­rel­de­li mu­gal­lym
bol­mak üçin ök­de ter­bi­ýe­çi hem bol­ma­ly­dy­gy­ny ýat­dan çy­kar­ma­ly däl­di­ris.
Se­bä­bi, 
olar yn­san ça­ga­la­ry bi­len iş sa­lyş­ýa­rlar. Ça­ga­lar bol­sa adam­za­dyň
iň gym­mat­ly baý­ly­gy, er­tir­ki gün päk zäh­me­ti, akyl-paý­ha­sy bi­len Wa­ta­ny
ös­dürjek ne­sil­le­ri­miz­dir. Ça­ga­lar dün­ýä­niň gö­zel­li­gi­dir. Her
bir mu­gal­lym öz okuw­çy­la­ry­nyň şah­sy  aý­ra­tyn­ly­gy­ny go­wy bil­me­li­dir.
Mu­gal­lym okuw­çy­la­ryň, ata-ene­le­riň öňün­de-de, hat­da se­re­sap­syz­lyk
bi­le­nem ynam­dan gaç­maz­ly­ga ça­lyş­ma­ly­dyr
. Mu­gal­lym bi­len okuw­çy­nyň
ara­syn­da yna­my ber­kid­ýän esa­sy zat onuň aras­sa ah­lak­ly­ly­gy, ada­lat­ly­ly­gy
we dog­ry söz­lü­li­gi­dir.

Mu­gal­lym sö­zi hiç zat bi­len or­nu­ny çal­şyp bol­ma­jak
gym­mat­lyk­dyr. Mu­gal­lym sö­zi ça­ga kal­by­nyň aça­ry­dyr. Em­ma owa­dan
söz­le­ri söz­läp, özü­ňi alyp bar­şyň, ed­ýän he­re­ket­le­riň aýd­ýan söz­le­ri­ňe
ters gel­se, on­da ol söz­le­riň tä­si­ri, güý­ji pe­se gaç­ýar. Mu­gal­lym ta­ra­pyn­dan
ça­ga aý­dyl­ýan kem­si­di­ji söz­le­riň ça­ga­nyň kal­by­na yza­ly ýa­ra sal­ýan­dy­gy­na
her bir mu­gal­lym dü­şün­me­li­dir. “Se­niň ça­gaň iki­lik­çi” di­ýip, ata-enä­niň
ýü­zü­ni alyp kem­sit­mek as­la mu­gal­ly­ma ge­liş­me­ýän, ýol be­ril­me­siz
ýag­daý­dyr. 

Ça­ga­la­ryň bi­lim de­re­je­le­ri mek­dep mu­gal­lym­la­ry­nyň
zäh­me­ti­niň ne­ti­je­si ahy­ryn. Iň esa­sy zat, okuw­çy­nyň oka­ýyş de­re­je­si
nä­hi­li bol­sa-da, mu­gal­lym ola­ra yn­san­per­wer­lik bi­len çe­me­leş­me­li­dir.
Mu­gal­lym sö­zü­niň tä­si­ri­ni art­dyr­ýan zat sö­züň ak ýü­rek­den çyk­ýan­ly­gy­dyr.
Eger biz “Öz der­si­mi öw­ret­sem bol­ýar, ter­bi­ýe bi­len ata-ene­ler meş­gul­lan­syn­lar”
di­ýen pi­kir­de bol­sak, on­da düýp­li ýal­ňy­şa­rys. Se­bä­bi, is­len­dik
ders­de öw­re­dil­ýän mow­zu­gyň mil­li­lik, ter­bi­ýe­çi­lik ähe­ňi bol­ma­ly­dyr.
Mu­gal­lym öz-özü­ni öw­mek­den, men-men­lik­den ga­ça dur­ma­ly. 
Ol ata-ene­ler bi­len hem me­de­ni­ýet­li,
ada­lat­ly gat­na­şyk sak­la­ma­gy ba­şar­ma­ly. Ýe­ri ge­len­de aýt­sak, uly
ýaş­ly adam­la­ryň äh­li­si is­le öý ho­ja­lyk­çy bol­sun, is­le alym bol­sun,
ta­pa­wu­dy ýok, ýaş­la­ra aras­sa ah­la­gy bi­len, ki­çi­gö­wün­li­li­gi bi­len
nus­ga bol­ma­ly­dyr.

 Milli Liderimiz ça­ga ter­bi­ýe­si ba­ba­tyn­da
mek­dep mu­ga­lym­la­ry­na ber­ýän tab­şy­ryk­la­ry-da hut şeý­le­dir.
Okalan sany: 872   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
17 марта 2014


Diýseň gowy ýazylan makala bolupdyr, ähli mugallymlara okamaklaryny maslahat berýäris. Biziň iň gymmatly baýlygymyz bolan çagalarymyz ir sagat 8:00 dan 13:00 çenli öz mugallymlarynyň beren terbiýesini alýarlar. Ol terbiýe gowy bolanda çaga şahsyýetiniň kemala gelmegine oňat täsirini ýetirýär.Mugallym öz käriniň diýseň jogapkärlidigine ýene bir gez düşünse, öz halal zähmeti bilen mertebesini beýgelderler.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,07848 sek. ýüklenen baýt: 38209