Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Degişmeler
Sport degişmeleri gysga setirlerde...
Ýazylan wagty: 17 февраля 2013 Ýazan Betman
                                                              Gazet setirlerinden...
‘’Yeňiş’’ topary geçen tapgyrda hem  ýeňlişe eýe bolmagy başardy.
‘’Ýaşlyk’’ topary geçen möwsümde uly ösüşlere eýe boldy. Toparyň oýunçylarynyň boýy ortaça 5,6 sm ösdi.
Öwezberdiýew 8-ýaşyndan bäri futbol bilen meşgullanýar. Dogry arasynda, dynç hem alýar.
                                                            
                                                                      Bildirişden...
‘’Garagum’’ topary geçen tapgyrda öz meýdançasynda oýnap, zerur 3-utugy ýitirdi. Utuklary tapan, yzyna gaýtaryp berse, oňa baýrak garaşýar.
‘’Depgin’’ topary halkara ýaryşlarynda emin bilen çekeleşmek üçin, topara iňlis dilini suwara bilýän kapitan gözleýär. Seçip alyşda futbol oýnap bilýänlere artykmaçlyk beriljekdir.
                                                            
                                                               Futbol gepleşiklerinden...
 Urlan pökgi derwezä giripdir. Ýok derwezä pökgi däl-de, hüjümçi giripdir. Şonuň üçin hem gol hasap edilmeýär.
Tejribeli derwezeçi ussatlyk bilen, örän batly urlan topuň öňünden  sowulmagy başarýar.
Onuň kellesi bilen batly depen pökgüsi derwezäniň içine girdi.
Geň zat! Emin jürlewügini ýitiripdir. Ýöne ol özüni ýitirmeýär. Jürlewük tapylar, özüňi tapmak kyn!
Pökgi emine degip derwezä girýär. Bu eýýäm tejribeli eminiň şu möwsümde derwezä girizen 5-nji pökgüsidir.
                                                               
                                                                       Täze iş usuly ...
Telewideniýäniň sport gepleşikleriniň iş usuluny, olaryň radiodaky kärdeşleri hem öz işlerine ornaşdyrmakçy bolýarlar. Indiden beýläk olar topuň derwezä girendigini üç gezek gaýtalap habar bererler. Özem, olar üçünji gezek habary haýaljakdan gaýtalap aýdarlar. 

Okalan sany: 578   Jogaplar: ( 2 )

NEXTTM
18 февраля 2013

good

HEZRET
18 февраля 2013

Tejribeli derwezeçi ussatlyk bilen, örän batly urlan topuň öňünden  sowulmagy başarýar.goodcrayroflrofl käbir kiçiräk ýaryşlarda hakykatdanam bolýan bolmagy mümkin. Oöunda hüşgär boluň! Aý degişýänlaý.rofl


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05234 sek. ýüklenen baýt: 33506