Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Sport we Saglyk
Aşgabatly pälwanlar öňdeligi eýelediler
Ýazylan wagty: 18 марта 2014 Ýazan NEXTTM
Aşgabatly pälwanlar öňdeligi eýelediler

Lebap welaýatynyň merkezinde 1997-1998-nji ýyllarda doglan türgenleriň arasynda gerk-rim göreşi boýunça Türkmenistanyň birinjiligi ugrundaky ýaryşlar tamamlandy. Bäsleşikler ýöriteleşdirilen ikinji sport mekdebinde geçirildi we oňa ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan we Aşgabat şäherinden türgenleriň 200-si gatnaşdy. 


Soňky ýyllarda Amyderýýanyň kenaryndaky şäherde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bina edilen häzirkizaman sport toplumlarynda we oňat enjamlaşdyrylan sport mekdeplerinde umumymilli derejedäki ýaryşlar geçirilýär. 


Lebaply türgenleriň diňe bir milli derejede geçirilýän ýaryşlarda däl-de, halkara ýaryşlarynda hem ýeňiş gazanýandyklaryny tassyklaýan medallaryň ýüzlerçesi Türkmenistanyň sportda gazananlarynyň gaznasynyň üstüni ýetirdi. Olaryň biri geçen aýyň başynda Russiýanyň Podolsk şäherinde geçirilen halkara ýaryşynda türkmenabatly pälwan Ş.Permanowyň 75 kilograma çenli agram derejede çykyş edip, mynasyp bolan bürünç medalydyr. 

Türkmenistanyň şu gezekki birinjiliginde nusgawy göreş boýunça ýaş türgenler diň bir baýraklary üçin däl-de, ýurdumyzyň ýygyndy toparynyň düzümine girmek üçin hem bäsleşdiler. Türkmenstanyň ýygyndy topary bolsa ýakyn geljekde Hytaýyň Nankin şäherinde şu ýylyň awgust aýynda geçiriljek II tomusky Ýetginjekler olimpiýa oýunlaryna gatnaşmaga hukuk gazanmak üçin bäsleşer. 

Şeýle hem grek-rim göreşini ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça türkmen paýtagtynda geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň maksatnamasyna girizmek mümkinçiligine seredilýär. 

Nusgawy göreş boýunça aşgabatly ýaş türgenler altyn medallaryň 5-sine eýe bolup, iň oňat netije görkezdiler. R.Baýramow 42 kilograma çenli, Ş.Amangulyýew 50 kilograma çenli, S.Tazaýew 54 kilograma çenli, G.Myradow 58 kilograma çenli we A.Kulyýew 85 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, şeýle üstünlige mynasyp boldular. 


Lebap we Balkan welaýatlarynyň toparlary 2 sany birinji orny paýlaşdylar. Ýer eýelerinden M.Gurbanow 46 kilograma çenli we A.Hoşyýew 100 kilograma çenli, balkanlylardan bolsa E.Şaginýan 63 kilograma çenli hem-de B.Seýitmämmedow 69 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, ýokary netijeleri görkezidler. 

Daşoguzly türgen I.Allabergenow 76 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, öz toparyna bir ýeňiş getirdi. 


Mart aýynyň soňky ongünlüginde “Türkmenistan ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy!” şygary bilen geçirilýän Umumymilli spartakiadanyň çäklerinde paýtagtymyzda grek-rim göreşi boýunça final ýaryşlary geçiriler. Ýurdumyzyň şu gezekki birinjiligine gatnaşanlaryň köpüsi bäş welaýatyň we Aşgabat şäheriniň ýygyndy toparlarynyň düzümlerine girizildi, diýmek, olar tiz wagtdan ýene-de öz aralarynda duşuşarlar.

Türkmen Döwlet habarlar gullugy

Okalan sany: 394   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
18 марта 2014


Ýeňiji bolan pälwanlary gutlap, öňdäki ýaryşlarda hem üstünlik arzuw edýäris.


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,09125 sek. ýüklenen baýt: 36771