Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
Çagalyk
Ýazylan wagty: 18 марта 2014 Ýazan Marala
Çagalyk

Tomus aýy. Uzyn-uzyn nobatlar.
Frontdan gowuşýan üç burç hatlar.
Dulumyzda guzy — kakama söwüş,
«Ger!» diýip, saklanýan kyrk nomur köwüş.

Soňra dumanly güýz.
Başlandy ýagyn.
Şo-ol çörek nobaty, Kyrk bäşinji ýyl.
Hor-homsy oglanlar.
Çörekli dükan.
Doly eşelonlar.
Fronta bakan.
Ýoldaşlarym bilen oýnap-ygmadym.
Bagyşla, çagalyk, elim degmedi.

Kepderi kowalap, oýnama derek,
Düýşümiz, huşumyz el ýaly çörek.
Ejem mahal-mahal atardy ýomak:
«Garnyňy doýursaň fronta kömek.»

Biz köçä, bazara siňip gidýärdik,
Hem günde fronta kömek edýärdik.
Şeýdip, şo ýyllarda kyn bolsa-da, kyn,
Biz diri galypdyk atalar üçin.

Bize lälik diýip, bakmaňlar gyýa,
Çünki bolmasada, tyg yzy tende,
Biz uruş ýylynyň oglanjyklary,
Biz öz urşumyzy ýeňipdik şonda.
(1969)


Gurbannazar Ezizow
Okalan sany: 397   Jogaplar: ( 1 )

Mayichka
18 марта 2014



О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,06021 sek. ýüklenen baýt: 30576