Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
Enesiniň gyzy
Ýazylan wagty: 18 марта 2014 Ýazan Marala

Enesiniň gyzy
(Hekaýa)

Ogulgeldi eje gyz agtygy Miwäniň gulagyna ogrynça pyşyrdady.
--Ertir ilerk oba toýa gitjekdirin.Senem alyp gitjek. Irdenjik, taýýar bolgunyň.
Alty gelinli, otuz agtykly Ogulgeldi ejäniň bu gepini pynhan tutmagynyň özüne ýetesi sebäbi bardy.Onyň gyz agtyklarynyň ählisem özlerini Miweden artyk saýmasa, kem saýanokdy.Olaryň ählisiniň hem enesiniň gyzy bolasy gelýärdi.Eger, olar eneleriniň toýa diňe Miwäni alyp gidýändigini biläýdikleri, ond, bu toparda diňa agtyklaryň däl, gelinleriň arasynd hen öýke –kinäniň tutaşaýmagynyň ujy iki däldi.Sebäbi olaryň özleriniň balalary Miweden aryk bolmasa, kem däldi...

Ertesi Ogulgeldi eje guşluk mahallary agtygyny eşeginiň öňüne alyp, toý ýerine bakan ugrady.Heniz alty ýaam dolmadykMiwejik bir zada haýran galdy.Toý ýerinde onuň garryja enesini görewn aýallar ylgaşyp gelip, garry aýalyň ellerinden ogşaýardylar.“Ogulgeldi mama janym!“dsiýişip, ony maňlaýlaryna sylýardylar.
Toý ýerinde has hem täsin boldy.Toý ýerinde oturan aýallar ýerlerinden tutuşyp, garry enäni eşekden göterip düşürip, göterip, töre geçirdiler.Öňüne çaý, hahar, dürli-dürli näzy-nygmatlar goýdular.Misli, göwnüňe bolmasa bu toý Ogulgeldi eje şu ýere geleni üçin tutulýan ýalydy.

Emma kiçijik Miwäniňki kyn boldy.Ol bu toýa kakasynyň ýakynda satyn alyp gelen täzeje köwşüni geýip gelipdi.Enesi onuň köwşüni gören badyna:“Köwşüňden häzir bolgunyň. Ony ýititip, soň meni heläk edäýmeginiň.“ Diýip berk tabşyrypdy.Miwejik enesiniň sözüni belläp alypdy, şonuň üçin toýda aýallaryň oturan tamynyň aýagujyragynda köwşüni garawullap oturyberipdi.
Toý sag-aman sowuldy. Ogulgeldi ejäni uly hormat bilen serpaýlap sylaglat tutuş toý bolup, ýola saldylar.Eşek göni ýola düşdi.

Ogulgeldi eje başyny ýaýkady.
--Sen näme diýip, aýaguçda, köwüşleriň arasynda oturdyň?-diýip gaharlyrak äheň bilen Miweden sorady.
--Ene, men köwşüme seretdim-ä.
Ogulgeldi eje başyny ýaýkady.

— Häk, çaga bolýaň-da.Seniň kakaň haram çörek iýen ogul däldir.Ol öz çagalaryna-da haram çörek beren däldir.Ol ynsabynyň guludyr, balam.Goý, ogrynyň, orramsynyň, bidöwletiň çagasy aýaguçda otursyn.Sen Ogulgeldiniň agtygysyň.Meniň kowmumda bidöwleti ýokdur, sen şony hiç haçan ýadyňdan çykarmagyn. Türkmeniň toýy-ýasy şol häsiýpetleri aýyl-saýyl edýän keramatly ýerdir.Senmeniň mertebämi peseltdiň-dä, bala.
Miwe her näçe tolgunsa-da, ep-esli wagtlap sesini çykarmady.

--Ene jan, gelenleriň biri köwşümi göterip gidiberse, soň gözläp, ili azara goýup ýörsek, şonda mertebämiz hes peselerdi ahyryn.Men seniň tazeje köwşüňi gorap oturdym.—diýdi.
Ogulgeldi eje minnetdarlyk bilen ýylgyrdy.

Öwezdurdy Nepesow
10-sentýabr 1999.
Okalan sany: 373   Jogaplar: ( 0 )


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,05439 sek. ýüklenen baýt: 33072