Siz içeri girmediňiz, Agzamyz bol !


NextTM hödürleýar

Halanan ýazgylar

Baş Sahypa » Geňeş
Bahar buşlukçysy
Ýazylan wagty: 18 марта 2014 Ýazan NEXTTM
Bahar buşlukçysy

Gaýalaryň gary eräp bireýýäm, 
Pyntyklady pisse bilen badamlar. 
Bahar ýeli aýnalary kakyp ýör: 
- Bahar gelýär, bahar gelýär, adamlar. 

Gol ýaýratdy bagymyzyň üzümi: 
(Uzak ýaşar şol üzümden dadanlar) 
bahar ýeli sypap geçdi ýüzümi: 
- Bahar gelýär, bahar gelýär, adamlar. 

- Bahar gelýär, bahar gelýär, adamlar, 
Lälezarda öwşün atýar gunçalar. 
Ýodalary suwlap, ýuwdy topragy 
Bahar buşlukçysy – hoştap damjalar. 

Gaýalaryň gary eräp bireýýäm, 
Pyntyklady pisse bilen badamlar. 
Pikir beriň, ahmal galmaň, tijeniň: 
- Bahar gelýär, bahar gelýär, adamlar! 

#Halyl_Kuly

Okalan sany: 692   Jogaplar: ( 3 )

Mayichka
18 марта 2014


Gör nähili owadan tebigat . Betman bu gözelligi görse onuň hem şu ajaýyp ýerlere gidesi gelerdi.

Sasoltan
18 марта 2014


Krassawçik ! diňe Betmanyň däl seniňem gidesiň gelerle bular ýaly gözel ýerlere. Maýiçka senem diňe sporty däl-de tebigatam gowy görýäne meňzeýäňle.

Sasoltan
18 марта 2014

Agyz Maýiçka ýitdiňle iki setir ýazyp, şol bag-bakjaly ýere gezelenje gitdiň öýdýän..


О сайте   Техподдержка   Правила   Помощь
©2012-2015 NextTM.com
 
Sahypaň ýüklenen wagty 0,19239 sek. ýüklenen baýt: 31504